Balkan welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär
Balkan welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obany gurmak hakynda» Kararyna laýyklykda, gurulmaly binalaryň, desgalaryň hem-de inženerlik ulgamlarynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin, potratçyny seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär Obanyň daşky we içki agyz suw, lagym, elektrik geçiriji ulgamlarynyň, daşky we içki awtoulag ýollarynyň, agyz suwuny süýjediji desgasynyň, lagym suwlaryny süzüji meýdançanyň we lagym sorujy bekediniň, oba barýan hem-de obanyň içerki gaz geçiriji ulgamynyň, şeýle hem obada 1 sany 260 orunlyk mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, Saglyk merkeziniň, Geňeşligiň, Polisiýanyň, ýangyna garşy göreş gullugynyň edara binalarynyň, 200 orunlyk medeniýet öýüniň, seýilgähiň, 1 gatly, 4 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň 32-siniň gurluşyklary.