Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna
Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary! Sizi döwletimiziň işjeň hem-de öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy özüne ýörelge edinen ýaşlarymyzyň ykbalynda uly orun aljak bu gurultaýyň örän netijeli hem-de üstünlikli geçmegini arzuw edýärin.