Çempionatda 251 oýundan bäri çykyş edip gelýärdi
Futbol oýnundaky iň esasy zatlaryň biri gazanylýan üstünlikde, gowy görkezijilerde yzygiderliligi saklamak bolup, bu juda kyn iş. Ýöne muňa garamazdan, käbir futbolçylara gowy görkezijiler boýunça yzygiderliligi saklamak kyn hem bolsa başardýar. Şolaryň biri-de «La Liganyň» wekili, Bilbao şäheriniň «Atletik» toparynyň ispaniýaly futbolçysy Iniaki Williams bolup, ol 7 ýyla golaý wagtdan bäri çempionatda bir duşuşyk hem goýbermän oýnap gelýärdi. Williams şol döwürde ne jerime, ne-de şikes aldy. Ýazylmadyk kanuna görä, diňe basklylaryň çykyş edýän bu klubunda Iniaki Williams 2014-nji ýyldan bäri oýnaýar. Ol 2014/15 möwsüminde 19, 2015/16 möwsüminde-de 25 oýunda meýdança çykdy. Şol 25 duşuşygyň soňky 5-sini yzygiderli oýnap, ondan öňki 20 oýunda käbir duşuşyklary goýberipdi. Şol möwsümde ol 33-nji tapgyrda, ýagny 2016-njy ýylyň 7-nji aprelinde «Malaganyň» garşysyna geçirilen duşuşykda oýnamandy. Asly ganaly bolan Iniaki Williams şol günden soň klubunyň «La Ligadaky» ähli duşuşygynda meýdança çykdy. Bu ýagdaý tä şu möwsümiň 19-njy tapgyryndaky «Selta Wigo» duşuşygyna çenli dowam etdi. Ýagny Williamsyň bu täsin rekordy 6 ýyl 9 aý 22 gün diýlende tamamlandy. Bu du