"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Durmuş şeýle diýýärler... (oýlanma)

«Ýok, ýok» diýdim. «Sen öte ýuwaş gelýäň. Durmuş gurjak ýigidiň birneme dogumly, gepe çeper bolsa ýagşy. Ol seni we maşgalaňy gorap bilmeli, ýogsam, durmuş diýeniň çarkandakly ýol diýmeýärlermi näme?! Durmuş hakda kimi gürletseň şeýle diýýär... Durmuş durşy bilen çarkandakly bolsa, özem gaty agyr bolsa... Seniň bu bolşuň bilen, biz ony alyp çykyp bilmeris. «Käbir gyzlar ýaly, men birneme dogumly bolsadym... Belki, ýöne men olam däl» diýdim. «Seniň bu sadalygyň, ýuwaşlygyň bilen ol diýilýän durmuş bize eýgertmez» diýip, ýene gaýtaladym. Bu sözleri biriniň ýüzüne basyp, gönümel aýdyp bilmäge-de güýç gerek ahyryn. Ýöne men welin, şol pursat seniň ýanyňda özümi gaty dogumly alyp barypdym. Pert-pert gürläpdim. Görüp otursam, şol wagtam seniň maňa bolan söýgiňden güýç alyp, şol sözleri dile getiren ekenim. Sen bolsa gürläp başladygym, asyl ýeke agyz gürlemän, doňup galardyň. Men aýdasymyň gelýän zatlaryny birin-birin aýdypdym, birden göwnüňe degýän bolaýmaýyn diýip, pikir hem etmändirin. Indi käteler şol sözlerim üçinem ötünç soraýasym gelip gidýär. Emma şol wagt, uly iş bitiren mysaly, hoşlaşyp, ol ýerden uzaklaşypdym. Sen welin, şondan soňam esli wagt yzymdan garap galypdyň... * * *

Bagtyň açary

Ir döwür enemleriň ýaşaýan obasynda Seýit atly bir ýigit, täze öýlenenligine garamazdan, gelniniň rugsadyny beripdir diýip, gürrüň etdiler. Çaga-da bolsam, enemiň beren gürrüňlerini eşidip, juda gynananymy bilýärin. Seýit:

Tozgalap ýaganda gyşyň ak gary... (oýlanma)

Mawy asmandan tozgalap ýagýan akja garlar menden has uzakda ýaşaýan mähribanlarymy ýada salýar. Ejem bilen bagly wakalar göz öňümde janlanýar. Wagtyň geçäýşini! Gulpagymy tasadyp, agalarymyň yzynda howluda iki-ýana ylgap oýnaýan günlerim ýaňy ýalydy. Sen: «Gyzym, gyz çaga biş-düş, tikin-çatyn bilen bolar. Hany, gel, maňa kömekleş» diýip, oýnap ýören ýerimden öýe salardyň. Soň-soňlar özümem seniň ýanyňdan aýrylmadym. Soňra bileje nahar bişirip, tikin edenimizde, haly dokanymyzda, sen durmuşyňy şeýle süýjülik bilen gürrüň bererdiň welin, näçe diňlesem-de, şirin hüwdä meňzeş ýakymly owazyňdan ganmazdym. Gyş paslyny has gowy görýändigiňi aýdyp: «Bu pasylda sen doguldyň, gyzym!» diýip, meni mähribanlyk bilen bagryňa basardyň. Her gezek bereketli güýz pasly öz ornuny gyşa berip, ene ýeri ak gar örtende, seniň bilen bagly şol wakalar serimden geçýär. Belki, senem şeýlesiň. Ykbalyň emri bilen gaýry ýurda düşen garry atamyň ojagyny saklap oturyşyňa, ilki ýokary okuw mekdebi diýip Türkmenistana gaýdyp, soňra-da ykbaly ata ýurduň bir perzendi bilen baglanyp, bu mukaddes toprakda ömürlik galan ýeke gyzyň baradaky ýatlamalar bilen ýaşaýansyň. Alty ogluň içinde ulalan ýeke gyz perzendiňi her gar ýaganda ýatlaýanyňy bilýän, eje jan!

Peýdaly maslahatlar

Eger-de mis gabyň ýüzünde tegmiller peýda bolsa, onda mata bölejiginiň ýüzüne ketçup çalyň, soňra duz sepiň. Mata bölejigini tegmil aýrylýança sürtüň. Şeýtseňiz, gabyňyz täze ýaly bolar. * * *

Nusgalyk ömrüň beýany

Ýurdumyzda uzak ýaşy arka atan eneleriň biri hem Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýsoltan Hommadowadyr. Ol 1927-nji ýylda daýhan maşgalasynda dogulýar. Çagalygy ata-enesiniň ýanynda geçýär, olaryň oňat göreldesini alýar. 1935-nji ýylda 7 ýyllyk likbeze okuwa girip, bilim alýar. 1937-1938-nji ýyllarda, obada mugallym ýetmeýändigi üçin, oňat okaýan we özüni tertipli alyp barýan oglanlary Aşgabada okuwa ugradypdyrlar. Kiçijik Aýsoltan: «Arman ýaşym kiçi bolaýýar, meniň Aşgabada gidip okasym, lukman bolup, adamlara kömek edesim gelýär» diýýän eken.

Döwrüň Bagtyýar perzendi

Täze — 2023-nji ýylyň garşy alnan gijesi paýtagtymyzyň ýaşaýjylary Mommadowlaryň maşgalasynda toý şatlygy goşalandy. Täze ýyla gadam goýlan ilkinji minutlarda, ýagny 2023-nji ýylda ilkinji dünýä inen oglanjyk tutuş maşgalanyň guwanjyna öwrüldi. Öý hojalykçy Gülbahardyr telekeçi Nurmuhammet Mommadowlaryň maşgalasy ol gün egsilmez şatlyga beslendi. Ene-ata Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, şeýle-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iň bagtly perzendine Bagtyýar diýip at goýdy. Bagtyýar bu agzybir maşgalada üçünji perzent bolup, körpejäniň agramy 3 kilogram 840 gram, boýy 53 santimetrdir. Ol paýtagtymyzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň lukmanlarydyr şepagat uýalary tarapyndan mähir-muhabbet bilen gurşalyp alyndy.

Öý bikesi öwrense...

Gök önümli çorba Gerekli önümler:

Dört gaýtarlanda göwnejaý

Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý — melhem hem ylham» atly ajaýyp kitaby bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup, çaý bilen baglanyşykly ähli ylmy maglumatlary, täsinlikleri özünde jemleýän çeşmedir. Çaýyň peýdaly täsirine uly baha berýän halkymyz gök çaýa diňe bir teşneligini gandyryjy içgi hökmünde baha bermän, eýsem, oňa sagdynlygyň we uzak ömür sürmegiň serişdesi, myhmansöýerligiň, gelen adama hormat goýmagyň nyşany hökmünde hem garapdyr. «Çaý bir gaýtarylanda laý, iki gaýtarylanda çaý, üç gaýtarlanda maý, dört gaýtarlanda göwnejaý» ýa-da «Çaýyň soňy dostuňa», «Içseň çaý, bolar göwnejaý»... ýaly sözler, megerem, şol sebäpli dörän bolsa gerek?!

Eneler dynç almaýar...

Güne güneş, gyzgyn mähir, gor beren,Ynsanýete ykbal hem ykrar beren,Eneler dynç almaýar,Eneler ynjalmaýar — diýýän şahyr, hakykatdan hem, mamla. Elbetde, uzakly gijäni süýtreňk nuruna besleýän owadan Aý daň atansoň, öz ornuny Güneşe berip dynç alýar. Dünýäni tylla nury bilen dolduryp, uzakly gün ýere ýyly çoguny saçan Gün ýeriň süňňüni, janly-jandary, bag-bakjalary öz yssy gory bilen ýyladyp, Asmanda owadan şapagyň keşbini çekip, ýene-de ýagty ertirler üçin dynç almaga ugraýar. Gyşyň aňzagynda ýatyp, ukusyny alan ene toprak ýazlarda gül-gunçalap, açylyp dünýäni lälezarlyga büreýär, ynsan kalbyna joşgun, ylham gatýar. Zemine täze bir ýaşlygy bagyş edýär. Ýazlar öz ornuny tomsa, tomus sary güýzlere gezegini berip, dynç alýar. Diňe eneler dynç almaýar.

Eýýamlary gören eneler

Işimiziň beýle ugruna bolşuny diýseňizläň! Türkmenabatdan Halaja tarap ýola düşenimizde, maksadymyz uzak ýaşly eneleriň diňe biri barada ýazmakdy. Ýöne barmaly ýerimize baranymyzdan soň, uzak ýaşly eneden ilkinji eşidenlerimiziň biri şu boldy: «Siz, oglanlar, uzak ýaşly gözleýän bolsaňyz, meniň Anna doganymam ýazyň! Oňam ýaşy meňkiçeräk bar». Biz şu ýyl biri 101, birem 97 ýaşyny doldurjak eneler barada aýry-aýry däl-de, bir makalada söz açmagy makul bildik. Sebäbi olar durmuşyň uzyn menzillerinde bir ykbaly paýlaşypdyrlar. Arka atylan ýyllaryň agramly bölegini birek-biregiň ýakyny — jorasy bolup geçiripdirler. Üns beriň, olar häzir hem atlaryny ýöne tutaýanoklar-da, «Anna doganym» ýa-da «Maral doganym» diýýärler. Perişdekamat bu iki ene Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Etbaş obasynda ýaşaýar. Has sada dilde düşündireýin: Halaç sebitlerine ýoluňyz düşende, Köseguýuda düşläp, bal ýaly suwdan demlenen çaýdan içip, elin bişirilen tagamlardan dadyp geçmedigiňiz az-az bolsa gerek. Uzak ýaşly eneler hut şol Köseguýuly obada ýaşaýarlar. Asyl, olaryň biri bu ajaýyp bagy esaslandyran taryhy şahsyýetiň maşgalasy. Ýöne bu barada biraz soňrak.

Ene söýgüsi hakynda

Gün nurundan ýagtylyk eçilişi ýaly, ene söýgüsi hem diňe mähir-muhabbet, şatlyk, nuranalyk, asyllylyk eçilýär. * * *

Terbiýelemegiň kömekçi serişdeleri

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryňdyr ylmy işleriň awtory, psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam edýäris.

Habar beriş we aragatnaşyk ulgamynyň nesil terbiýesine täsiri

Bu gün telewizorsyz, telefonsyz öý-ojak bardyr öýdülenok. Agy-garany saýgaryp başlandan, telefonyň, telewizoryň uzakdan dolandyrylýan abzalynyň düwmeleri hem çagalara gyzykly oýunjak. Telewizorda we öýjükli el telefonlarynda görülýän zatlaram olar üçin şeýle bir gyzykly. Çaganyň gören zatlarynyň suraty beýnisine mäkäm ornaşsa, eşiden zatlary bilen gulagy mazaly ganýar. Dürli öwüşginli, reňki goýy berlen multfilmler, kinofilmler, mahabatlar şeýle bir kän, olaryň aglabasyny çaga görkezmeklik dürs däl. Çünki ösüp barýan çaga beýnisi kino bilen durmuşyň tapawudyny bilmän, şol ýerde gören zatlaryny aňyna hakykat hökmünde kabul etmekligi we kinofilmlerde gören zatlaryny durmuşda amal etjek bolup, öz saglygyna zyýan ýetirmek ahmallygy bar. Şeýle-de gorkuly hadysalary özünde jemleýän kinofilmleriň we internet rolikleriniň çaganyň aňyna ters täsir edip, onda gahar-gazap, ýigrenç ýaly duýgulary oýarmaklygy ahmal. Haýsy zadyň haýyr ýa-da şerdigini saýgaryp bilmeýän wagtlary islendik zat olar üçin aň iýmiti. Sebäbi çaga gözi bilen gören zadyndan has ýiti täsirlenýär. Ene-atalaryň käbiri çagalarynyň islendik teleýaýlyma ýa-da internet torunyň islendik sahypalaryna tomaşa etmegine bolaýmaly zat ýaly garaýar. Gije ukusyndan galyp, gorkunç filmlere tomaşa edýän ýa-da haýsy ýerde näme görkezseler gözüni aýyrman görýän çagalar az däl. Şeýlelikde, olar görýän zatlarynyň täsirine berilýärler. Kä

Geliň, towşanjyk ýasalyň!

Gerekli esbaplar: • Ak, gülgüne we gara reňkdäki plastilinler.

«Towşanjyk» işdäaçary

Gerekli önümler: • 680 gram towuk eti;

Maşgala mukaddesligi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda maşgalany goramak we ony goldamak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň döwrüň talabyna görä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar.

Ene söýgüsi

Ene söýgüsinde gudrat, dörediji güýç bar. Ene söýgüsi biserhetdir, onuň çägi ýokdur. Ene söýgüsi perzendi baradaky alada, onuň gowy adam bolup ýetişjekdigine ynam, sagdyn ösüp-ulalmagy, rahat durmuşda ýaşamagy bilen baglanyşyklydyr. Perzendi ulaldygyça, enäniň aladalary köpelýär. Şirin hüwdüler, mähir-muhabbet, ak süýdi bilen balasyny ýagty jahana höwrükdiren enäniň durmuşdaky wezipeleri, borçlary, jogapkärçiligi barha artýar. Ene çagasynyň bu barlygy söýmegine kömek edýär, özüni kämilleşdirmegi, beýlekiler bilen gatnaşyk guramagy öwredýär. Ene ogul-gyzlaryna mynasyp adamlar bolup ýetişmeklerinde ilkinji we baş mugallym hökmünde çykyş edýär, çagalaryň edepli bolup ýetişmekleri, ilki bilen, ene terbiýesine baglydyr. Ejelerimiz bizi özbaşdak durmuşa taýýarlaýar. Ejeler käte aşa talapkär, berk tutýan ýaly görünýär, emma aslynda beýle däldigine soň-soňlar göz ýetirýäris. Ene öz çagalarynyň özbaşdak durmuş gurup, öz aýaklarynyň üstünde berk durup bilmegi üçin zerur binýady döretmegiň aladasynda ýaşaýar. Enäniň söýgüsi perzende ylham berýär, durmuşy öwredýär, howplardan, kynçylyklardan halas edýär. Enäniň söýgüsi şertsizdir, sebäbi ene perzendini haýsydyr bir üstünligi, baýlygy, hereketleri ýa-da häsiýetleri üçin däl-de, ony bütin dünýäniň öňünde goramaga taýynlyk bilen, çyn ýürekden söýýär. Ynsan ejesiniň elleri bilen bütin dünýä tutunar eken, baglanyşyk gurar eken. Köp çagaly maşg

Ejem bilen hyýaly söhbet

Bar wagtlaň baýdym, bagtlylara taýdym! Ýüregim kuwwatly urup, bedenim mähriňden güýç alýardy. Kalbyma bir biynjalyklyk aralaşsa hemmelerden öň duýýan hemdemim, hemram, rahatlygymdyň. Syr sandygym, hak hossarym, mähek daşymdyň. Müňlerçe adamyň öwezini dolup bilýän ýeke-täk wepadarymdyň. Men muňa Magtymguly atamyzyň: «Görer gözüň gymmaty, kör ýanynda bellidir» diýşi ýaly, guş kimin uçan günüň has hem göz ýetirdim. Şol gün durmuş bar syrynyň perdesini ýüzünden syrdy oturyberdi. Ine, şondan bärem seniň sessizje çeken ýüküň kem-kemden öz gerdenime düşdi. Ynsanyň ejesiz galan güni tiz wagtyň içinde ulalýanyny öňem eşidipdim. Bu hut şeýle-de boldy. Birden öňki şatlyklar, jak-jak urýan gülküler zym-zyýat boldy duruberdi. Ähli zada çuňluk bilen seredip başlamak endige öwrüldi. Boýy ýetip barýan çagalarym gije-girim bir iş bilen çyksalar, sebäpsiz ýere howsala düşmegi tapdym. Nämedendigini bilmesem-de, sähel zada keýpim bozulyp, ynjaýardym. Hiç kim hiç zat diýmese-de, agym tutar durardy. Käwagt dagy özümi kemşerilip duran öýkelek çaga ýaly duýýardym. Ýürek barha ýukaldy. Süýji ukular ornuny dürli ahwallara salýan ýatlamalara berdi. Seni şeýle bir küýseýärdim welin, käýarym dagy gursagyma ot guýulýan ýaly gyzyberýärdi. Howlap-howlap daşaryk çykýan wagtlarym az bolanokdy. Seni göresim gelende, göýä diýersiň, demim, howam ýetmeýän ýaly hopugýardym. Halys küýsäp, delminsem seniň üstüňe zyýar

Çagalaryň jemgyýetdäki orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülleýän we barha kuwwatlanýan eziz Diýarymyzyň buýsançly hem-de guwandyryjy ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýan ýaş nesil baradaky alada Täze ýylyň şygaryna öwrülmek bilen, hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan wezipeleriniň biridir. 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly». Ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýarlygy kämil kanunlaryň we kanunçylyk namalaryň esasynda goralýar. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, on sekiz ýaşyna (kämillik ýaşyna) ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilýär. Şu Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň we ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dini garaýşyna, dogluş ýagdaýyna, saglygyna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligi kepillendirilýär.

Göwnümizi galkyndyrdy

Aýgözel HOJAÝEWA,Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň ýaşaýjysy: — Ýurdumyzda her bir ýylymyz mynasyp şygarlar astynda guwandyryjy ösüş-özgertmelere, şanly wakalara beslenýär. Täze ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy göwnümizi galkyndyryp, onuň şöhratly ýyllaryň birine öwrüljekdigine ynamymyzy artdyrdy.