Türkmenistanly futbolçy Gonkongyň kubogyna mynasyp boldy
Häzirki wagtda Gonkongyň «Kitçi» futbol toparynda üstünlikli çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow wekilçilik edýän toparyndaky ilkinji baýragyny gazandy. Has takygy, ildeşimiz wekilçilik edýän topary bilen bilelikde ýurduň «Senýor Şild» kubogyny gazandy. «Istern» futbol topary bilen geçirilen aýgytlaýjy duşuşyk 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde Ruslan Mingazowyň topardaşlarynyň peýdasyna tamamlandy.