Watan hem ene (Oýlanma)
Bu durmuşda ähli zat ötegçi myhman kimin, heňňam hiňňildisiniň arasyna siňip, geçmişe sary şo-ol geçip gidip otyr, geçip gidip otyr. Munuň ýagşysyna-da eglenme ýok, ýamanyna-da. Wagt atly hökmürowan olaryň ählisini äpet horjunyna gapgaryp, eýläňe-beýläňe bakmankaň honda barýandyr. Senem onsoň durmuş öwrümleriniň başagaýlyklaryna gümra bolup ýörşüňe süýji günleriň çalt geçişine öz ýanyňdan gynansaň, kyn günleri alyp gideni üçin wagta sagbolsun aýdyp, ýoluňy dowam etdirer bararsyň. Ýöne ähli zadyň hasaby juda dürs ýöredilýän bu durmuşda ynsan ogluna wagtyň şol, haýal geçýän pursatlaryny-da, ýetdirmeýän tizligini-de ýeňip geçer ýaly sabyrlylyk, maksada okgunlylyk, ruhubelentlik... bolluk bilen eçilipdir. Ine, şol ajaýyp häsiýetleri özümizde jemlemek bilenem biz wagtyň ýüzüne deňimizden geçip gidensoňam, özümizde durka-da başymyzy belent tutup garap bilýäris. Ynsan oglunyň ömür menziliniň geçen ýyllaryny, köplenç, ýola deňeýärler. Göz öňüne getirip göräýiň: biz nirädir bir ýerlere tarap ýol söküp, esli wagtdan yzymyza gaňrylanymyzda, ýolugra gabat gelen ownuk-uşak zatlar gözümize-de ilmez. Ýöne şol ýoluň ugrundaky has iriräk zatlar welin, alyslardanam seleňläp durandyr. Durmuşda-da şeýle: esli menzil aşyp, geçmişe nazar aýlanymyzda, ilki bilen, hakydamyzda özümize has ýiti täsir eden wakalar, bitiren uly-uly işlerimiz, eden ýagşylyklarymyz... janlanýar. Onsoň şol geçilen menzillerd