Halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
Aşgabat, 25-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Çoganly” ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän täze şäher düzümini döretmek işiniň dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Halkymyzy ýokary hil derejesine laýyk gelýän amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Мüňlerçe maşgalalar ýokary amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryna we kottejler toplumyna göçüp geldiler. Köp sanly jaý toýlarynyň toýlanylmagy ýokary döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän häzirki zamanyň aýdyň nyşanlarynyň biri bolup durýar.