Ylmy-amaly maslahat
17-nji maýda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: täze taryhy eýýam we kanun çykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan forumy ýurdumyzyň Milli Geňeşi gurady. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen foruma Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, görnükli alymlar, syýasatşynaslar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar çagyryldy. Dabara mynasybetli merkeziň eýwanynda guralan sergide amaly-haşam we häzirki zaman sungat eserleri, muzeý gymmatlyklary, neşir önümleri görkezildi. Sungat ussatlarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşy foruma baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Maslahatyň umumy mejlisinde milli buýsanjymyz, milli döwletlilige eýe bolmagymyzyň nyşanlary, türkmenistanlylaryň watançylyk duýgularyny, döredijilik ruhuny, zähmet joşgunyny artdyrýan mukaddesliklere — Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Döwlet baýdagyna bagyşlanan çykyşlar, halkara hem-de parlamentara hyzmatdaşlyga bagyşlanan habarlar diňlenildi.