HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki Çykyşy

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabry) Eziz watandaşlar, mähriban halkym!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi

Aşgabat, 23-nji sentýabr(TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen BMG-niň Ştab-kwartirasynda geçen hepdede açylan 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Şu ýyl çäreleriň onlaýn hem-de oflaýn görnüşlerde geçirilýändigini bellemek gerek. Bu ýagdaý Ýer ýüzünde dowam edýän COVID-19 pandemiýasy bilen şertlendirilendir. Şu hepde — BMG-de döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň gatnaşmagynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň umumy geňeşmeleriniň hepdesi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy dünýä metbugatynyň sahypalarynda

Aşgabat,  22-nji sentýabr(TDH). «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny toýlaýan eziz Watanymyz Türkmenistan halkara neşirleriň ünsüni özüne çekýär. Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzda we daşary ýurtlarda dürli çärelerdir dabaralar geçirilýär hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan, owadan bezelen ýörite neşirler çap edilýär.

Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 22-nji sentýabr(TDH). Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki «Ählumumy pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly Maksatnama gol çekmek dabarasy boldy. BMG tarapyndan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gol çekdi.

Myhmansöýer paýtagtymyz täze binalar bilen has-da gözelleşýär

Hormatly Prezidentimiz “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistan — Gyrgyzystan: möhüm hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine tarap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde paýtagtymyzyň ilatynyň adyndan milli Liderimize sowgat berlen, Akşäher atly bedew bilen didarlaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjynyň indi beýleki görnüşleri bilen keselleýän adamlaryň sanynyň köpelýändigini belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň hem-de şu toparyň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowyň häzirki döwürde ýurdumyzdaky ýagdaý, bu ugurda geçirilýän anyk işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.