HABARLAR

Dünýäniň nazary toýly mekanda

Seýil-seýranly, çardagly, çarbagly ajap Watan — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan goja Zeminiň iň abadan künjegidir. Ýaşaýyş jaýlarynyň, toplumlaryň, täze edara binalarynyň dabaraly açylyşlary bilen birlikde Diýarymyzda ýokary derejeli maslahatlaryň, forumlaryň geçirilmegi ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Şeýle halkara derejeli forumlaryň biri Aşgabat şäherindäki Arçabil myhmanhanasynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» ady bilen geçirildi. Media foruma dünýäniň onlarça ýurdundan öňdebaryjy maglumat we teleýaýlymlar ulgamlarynyň jogapkär wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň taryhy döwrüň içinde gazanan sepgitleri, ýeten derejeleri ummasyzdyr. Hut şu täzelikler dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde saklanylýar. Bu media forumyň döwrebap žurnalistika boýunça bilimlerini artdyrmakda, dünýägaraýşyny giňeltmekde ýaşlar üçin ähmiýeti örän uludyr. Ýeri gelende, bu çärä Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy, teleradio gepleşikleri guramak we alyp barmak hünäriniň talyplarynyň hem gatnaşandygyny bellemek gerek.

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Halkara habarlar giňişliginde» atly halkara media forumy geçirildi

Düýn, Aşgabat şäheriniň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli halkara media forumy geçirildi. Geçirilen çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bilelikde halkara hyzmatdaşlygyny pugatalandyrmakdan ybaratdyr. Foruma ýöriteleşdirilen düzümleriň, Türkmenistanyň hem-de dünýä döwletleriniň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşyp, ýurdumyzyň üstünliklerini halk köpçüligine ýetirmek we täze tehnologiýalaryň kömegi bilen habar beriş serişdeleriniň tutýan orny kesgitlendi.

Awstriýanyň Demir ýol kompaniýasy Türkmenistana ýük daşar

Awstriýanyň Federal demir ýollarynyň ýük bölümi “Orta geçelge” ady bilen tanalýan Hazarüsti halkara ulag geçelgesi arkaly Türkmenistana, Gazagystana we Özbegistana ýük daşar. Şunda daşalýan ýüküň howpsuzlygy we ygtybarlygy doly üpjün edilip, ol 30 gün töwereginde eltiler. Halkara geçelge arkaly Merkezi Aziýa döwletleriniň saýlanyp alynmagy soňky döwürde bu ýurtlaryň Ýewropa döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändikleri bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem I.Babuşkin Türkmenistana gelmäge örän şatdygyny belläp, Astrahan oblasty bilen Türkmenistany ozaldan gelýän dostluk hem-de dürli ugurlar boýunça ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady.

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

"Türkmendemirýollary" agentliginiň ýolbaşçylary sanly ulgam arkaly Koreýa Respublikasynyň Ulag, infrastruktura we ýer serişdeleri ministrliginiň, Koreýanyň Demir ýol korporasiýasynyň we "Koreýanyň Demir ýollary" döwlet kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Gepleşiklere gatnaşyjylar demir ýol we oňa degişli desgalaryň gurluşygy, demir ýol düzümini elektrikleşdirmek we beýleki ugurlarda döwletara derejesinde we hususy kompaniýalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu pudakdaky hyzmatdaşlyk ugurlaryny öwrenmek maksady bilen şu ýylyň oktýabrynyň ahyrynda ýa-da noýabryň başynda koreý wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak ylalaşyldy.

Türkmen wekiliýeti Barselona deňiz portunyň işi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselona şäherinde geçen deňiz portlarynyň edara ediş işi ulgamyndaky üç günlük okuw maslahatyna gatnaşdy.  Maslahata gatnaşyjylar Ortaýer deňzinde iň uly Barselona portunyň innowasion işi bilen tanyşdylar. Wekiliýetiň agzalary portuň çäklerinde gezelenç etdiler, gämileriň ýüklenýän hem-de port polisiýasynyň bölümlerine baryp gördüler hem-de ýük we ýolagçy ýüklenende ýerine ýetirilýän howpsuzlyk amallary bilen tanyşdylar.  

Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişligine ynamly goşulyşýar

Düýn paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara mediaforum geçirildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin guralan bu wekilçilikli çäre Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly senesine bagyşlandy. Ýeri gelende bellesek, şu günler Garaşsyzlygymyzyň şöhratly baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlar paýtagtymyza gelýärler. Şolaryň hatarynda dünýäniň 15-e golaý döwletinden habarlar agentlikleriniň wekilleri hem halkara mediaforuma gatnaşmak maksady bilen Aşgabatda myhman bolýarlar. Olaryň baş baýramymyz mynasybetli guraljak döwlet derejesindäki beýleki çärelere-de gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Mediaforuma gatnaşyjylaryň hatarynda daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň «Большая Азия» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), «SONY» korporasiýasynyň, «Russia Today», «TRT World» teleýaýlymlarynyň, «New Media Networks» kompaniýasynyň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar. Forumyň dabaraly açylyşynda, ilki bilen, 24-nji sentýabrda üstünlikli geçirilen Türkmeni

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasy: strategik hyzmatdaşlyk berkidilýär

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Russiýanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Wladimir Putin Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň soňky döwürde hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan oňyn döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berilýändigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistan — Özbegistan: dostluk, hoşniýetlilik, ynanyşmak

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagt, köpugurly hem-de jogapkärli döwlet wezipesinde berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Özbegistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza özüniň mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Türkmen-rus gümrük hyzmatdaşlygy ösdürilýär