Pursatlar
«7/24. tm», № 32 (115), 08.08. 2022 «Aýgytly ädim» çeper filminde Artygyň harmanynyň dargadylýan pursady surata düşürilýärkä, birden tötänlikde Akmyrat Bäşimowyň aýagyny at basypdyr. Sähel wagtyň içinde onuň aýagy çişip ugrapdyr. Akmyradyň düşen ýagdaýyna gynanan režissýor Alty Garlyýew oňa derrew lukmana görünmegi teklip edip, özüne hyzmat edýän ulagyny beripdir. Şol günki alynmaly sahnalaryň köpüsi Akmyrat Bäşimow bilen baglanyşykly eken. Şeýle bolansoň, Akmyrat Bäşimow: «Alty Garlyýewiç, işi bökdemäliň-le. Men agyryma çydaryn. Işi dowam edeliň» diýip, erjellik bilen haýyş edipdir.