HABARLAR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler! Eziz watandaşlar!

“Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi kesgitlenildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy Berlin — Aşgabat, 29-njy sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri bilen duşuşygy

Berlin, 29-njy sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy. Germaniýanyň Federal Hökümetiniň Baştutany belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mübärekläp, ikiçäk duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi. Bu gatnaşyklar häzirki günde has netijeli häsiýete eýe bolýar. Federal Kansler Olaf Şols hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa salamyny we iň gowy arzuwyny beýan edip, german-türkmen hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçilikleriniň we uly kuwwatynyň bardygyny belledi hem-de öz ýurdunyň bu hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmen-german işewürlik maslahaty: ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary anyklaşdyryldy

Berlin, 29-njy sentýabr (TDH). Şu gün GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda geçirilýän işewürlik duşuşyklarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin meýdança bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek. Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin bolsa şeýle duşuşyklar özleriniň geljegi uly taslamalaryny tanyşdyrmagy babatda oňat mümkinçilikdir. Däbe öwrülen şeýle forumlar dürli pudaklara maýa goýumlaryň gelýän möçberini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Bu forumlarda döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ýollarydyr gurallary kesgitlenilýär.

Behişdi bedewler — türkmen halkynyň buýsanjy we toýlarynyň bezegi

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrjak saparynyň öňüsyrasynda iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hususy düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň başynda Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny açyp, oňa gatnaşyjylary eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly bellenilýän 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün agzybir we jebis halkymyz ýurdumyzyň baş baýramyny — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik, şatlyk bilen garşylaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün agzybir türkmen halky Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 32 ýyllygyny uly buýsanç bilen belleýär. Asylly däbe görä, esasy baýramçylyk çäreleri häzirki we geljek nesilleriň ýadynda müdimilik galjak taryhy wakanyň — Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň binagärlik nyşanyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we şu baýramçylyk günlerinde doganlyk Türkmenistana ýene-de gelmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Tatarystan Respublikasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna goşan saldamly şahsy goşandyna ýokary baha berilýär.