Raýatlarymyz daşary ýurtlarda ses berdiler
Daşary işler ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 41-sinde saýlawçylaryň ýokary işjeňlik bilen gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary guramaçylykly geçirildi. Saýlaw uçastoklary dünýäniň her sebitindäki ýerli wagta laýyklykda, ir säher bilen açyldy. Saýlawlaryň geçýän döwründe daşary döwletlerde bolan ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklaryndan peýdalanmagy üçin, jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylary tarapyndan ähli şertler döredildi.