HABARLAR

Çagalaryň saglygy baradaky alada — döwletimiziň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Arkadag şäheri, 8-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň taryhy mekanynda binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi. Mejlise gaznanyň müdiriýet agzalary we Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdylar. Onuň dowamynda Haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde alyp baran işleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işläp başlamagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýanyna geldi. Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, ýygnananlary 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň, şeýle hem çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen gutlady hem-de işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 7-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda milli parlamentiň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde täze kanun taslamalary taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän hukuk namalarynyň birnäçesini kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Belent sepgitler berkarar döwletiň täze eýýamynyň şöhratyny artdyrýar

Ýokary ynsanperwer ýörelgeleri we däpleri özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy bellenilen geçen hepdede ýurdumyzda şanly waka bolup geçdi. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu waka ýurdumyzyň abadançylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli uly baýramçylyk dabaralary geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen, durmuş ulgamy öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalar bilen utgaşykly ýola goýlan Arkadag şäheri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada ilkinji toplumlaýyn gurluşyk taslamasy bolup durýar. Şonuň üçin-de täze şäheriň dabaraly açylyşyna gatnaşan köp sanly myhmanlar ony “Aziýanyň parlak ýyldyzy”, “Geljegiň şäheri” diýip atlandyrdylar.

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy Aşgabat, 4-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 3-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere seredildi. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 30-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz türk liderini mähirli mübärekläp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we özüne toý sowgady hökmünde iberen, Türkiýäniň önümi bolan “TOGG” kysymly täze elektromobiller üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň haj parzyny amala aşyrmagy — mukaddes ýörelgeleriň dowamatlylygynyň nyşany

Mekge — Aşgabat, 30-njy iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow haj däp-dessurlaryny amala aşyryp, keramatly Mekge topragynda berlen gurbanlyk sadakasyna gatnaşdy. Hajy Arkadagymyz hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary saparyň maksatnamasyna laýyklykda, mukaddes Mekge şäheriniň ajaýyplyklary, binagärlik desgalarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Arkadag şäheri — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze şäheriň açylyş dabarasyna gatnaşdy Arkadag şäheri, 29-njy iýun (TDH). Şu gün ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine beýleki birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa söz berildi. Ol şu ýylyň 22 — 27-njy iýuny aralygynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Medeniýet hepdeliginiň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda guralan bu döredijilik forumynyň çäklerinde dürli mowzuklaýyn çäreler, şol sanda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň döwlet derejesinde geçirilýän açylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirjini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandyny nazara alyp, dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly gowşurdy.