Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda telefon söhbetdeşligi
Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Tamim bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ikiçäk söhbetdeşlikde ilkibaşdan özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýlan, däp bolan dostlukly türkmen-katar gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.