HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Halkara sergiler — Watanymyzyň üstünliklerini dünýäde wagyz etmegiň ähmiýetli giňişligi

Mälim bolşy ýaly, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa geçirmek, halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklaýan degişli Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň 5-nji oktýabrda Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etmegi we myhman bilen bu düzümiň goldaw bermeginde guralýan sergi-ýarmarka işleri ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagy hem bu ugruň ýurdumyz üçin möhümdigine şaýatlyk edýär. Halkara sergiler býurosynyň ýolbaşçysy ýurdumyz bilen gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady we halkara giňişlikde Türkmenistanyň sergileri guramakda ýokary derejä ýetendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary tamamlandy Pekin — Aşgabat, 19-njy oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

2023-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

«Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesine eýerýän ata Watanymyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar», Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Geçen aýyň dowamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilip geçirilen duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleridir forumlar ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan köpugurly işleriň alnyp barlandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. 1-nji sentýabrda Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani we Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen duşuşdy. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna sebitde atly sport boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan ilkinji halkara akademiýa hökmünde Aziýa atly sport federasiýasynyň we Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamalaryny gowşuran myhmanl

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary Pekin, 18-nji oktýabr (TDH). Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady

Aşgabat — Pekin, 17-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Sapara ugramazdan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi. Häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Biziň ýurdumyzyň şu gezekki sapara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda “Bir guşak, bir ýol” forumynyň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ädim hökmünde garaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalar netijesinde oňyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 16-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenistan parahatçylyk we ylalaşyklylyk diplomatiýasyny ilerledýär

«Türkmenistan netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş etmek bilen, hoşniýetlilige, medeni gatnaşyklara, iň gowy tejribeleriň we garaýyşlaryň alşylmagyna esaslanýan hem-de ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan döwletara dialogy alyp barýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. BMG-niň Düzgünnamasyna we maksatlaryna laýyk gelýän bu ýörelgeler dostlugyň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berk köprüsini gurmaga ýardam edýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Bitarap Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän açyk we deňhukukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklaýar. 13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýär

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy Aşgabat — Bişkek — Aşgabat, 13-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sadaka gatnaşdy

Arkadag şäheri, 13-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sadaka berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň tutumly gurluşyklarynyň başlanmagyna ak pata bermäge, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyzy ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleriň okalmagyna, şeýle hem Owganystanda ýakynda bolup geçen ýertitremede wepat bolanlary hatyralamaga bagyşlandy. Irden Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde berilýän sadaka gatnaşmak üçin bu ýerdäki “Märkaw” myhmanhanasynyň degişli çäreleri geçirmäge niýetlenen ýerine geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.