HABARLAR

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirildi

Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň döw­re­bap ser­gi za­lyn­da ge­çi­ri­len Ga­raş­syz­ly­gy­myzyň 32 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­niň ser­gi­sin­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik­ler, ýur­du­my­zyň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ril­ýän hem-de içer­ki we da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da my­na­syp orun eýe­le­ýän döw­re­bap gur­lu­şyk we be­zeg se­riş­de­le­ri, komp­ýu­ter we elekt­ron ha­ryt­lar, ulag we lo­gis­ti­ka, bank ul­ga­my­nyň hyz­mat­la­ry, hä­zir­ki za­man ara­gat­na­şyk we kom­mu­ni­ka­si­ýa müm­kin­çi­lik­le­ri, hal­kyň sarp ed­ýän ha­ryt­la­ry­ny ön­dür­mek­de ýe­ti­len sep­git­ler, eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny, bi­li­mi we yl­my, me­de­ni­ýe­ti ös­dür­mek ugur­la­ryn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler türk­men we dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Gat­na­şy­jy­lar bu ser­gi­niň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dip be­ren­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mize çäk­siz al­kyş­lar a

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň geçen hepdedäki söwdalary

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 16 sa­ny­sy ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Er­me­nis­tan­dan, Hy­taý­dan, Tür­ki­ýe­den, Ow­ga­nys­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan, BAE-den we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­dan ge­len te­le­ke­çi­ler «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­nin­de öndü­ri­len teh­ni­ki ýo­dy, «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­nin­de ön­dü­ri­len po­lip­ro­pi­le­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri­ sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy 8 mil­li­on 26 müň 800 ame­ri­kan dol­la­ry­ndan gow­rak bol­dy.

Täzelik

Türkmenabat şäherindäki «Ak Pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabriginde lukmançylyk pamygyny we pamyk serişdelerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Fabrigiň önümçiliginde esasy çig mal hökmünde ýurdumyzyň ýüplük egriji fabrikleriniň nah galyndylary ulanylýar. «Ak Pamykda» şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda pamyk önümleriniň 1 müň 885 tonnasy öndürilip, 5 million 109 müň 196 manatlyk iş edildi. Degişli döwürde taýýar önümleriň 1 müň 105 tonnasy, pul hasabynda bolsa 3 million 476 müň 591 manatlygy eksport edildi.

Ýurdumyzyň üç welaýatynda demir ýol menzilleriniň döwrebap binalary gurlar

Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna laýyklykda, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalary gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada 16-njy sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew demir ýol düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler baradaky hasabatynda aýtdy.

Ykdysady üstünliklerimiz bagtymyzyň kuýaşy

Şu ýylyň 20-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, bu giň möçberli sergi berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edip, geljekki ösüşlerimiziň badalgasyna öwrüljek başlangyçlary, täze taslamalary ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolar. Köpugurly gözden geçiriliş giň sergi zallarynda ýaýbaňlandyryldy. Döwrebap mahabat enjamlary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen bölümler pudaklaryň üstünliklerini, bäsdeşlige ukyply we isleg bildirilýän önümleriň giň görnüşlerini, hyzmatlar ulgamynda täzelikleridir teklipleri tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Döredijilik toparlary foruma gatnaşyjylary we myhmanlary Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlar bilen garşyladylar.

Täzelik

Ilatyň çörek we çörek önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakda Türkmenabat şäherindäki 1-nji çörek kärhanasynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda çörek we çörek önümleriniň 9 müň 978 tonnasy öndürildi. Öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 13 million 47 müň 827 manatlyga deň boldy. Şeýle-de bu döwürde süýji-köke önümleriniň hem 5 tonnadan gowragy öndürilip, ilata hödürlenildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Halkara başlangyçlar giň goldaw tapýar

Şu günlerde şaýat bolýan taryhy wakalarymyz berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygynyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda, bu duşuşyk bilen ugurdaş geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda döwletimiziň adyndan orta atan umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Duşenbe duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy bolsa Milli Liderimize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Bu taryhy wakalaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda bolup geçmegi ählimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Halkara başlangyçlary hemişe goldaw tapýan we şol goldawyň netijesinde-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan telim-telim Kararnamalary kabul edilen döwletimiziň parahatçylyga daýanýan daşary syýasaty arkaly şeýle uly abraýa eýe bolmagy ählimiziň başymyzy Göge ýetirýär. Goý, döwletli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaçly

Garaşsyzlyk — göwünleriň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Netijeli işlemeklige döredilýän giň mümkinçilikler zähmet ýeňişlerine ýetirýär. Güneşli Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk toýuny «Lebapenergo» önümçilik birleşigimiziň agzybir işçi-hünärmenleri hem zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar. Häzirki wagtda önümçilik birleşigimizde jemi 100 sany, ýagny, 2 sany 500 kW, 2 sany 220 kW, 63 sany 110 kW, 33 sany 35 kW elektrik sazlaýjy beketleri bolup, olar ýylyň ähli paslynda bökdençsiz işledilýär. Bu beketlerden sarp edijilere ýeterlik derejede elektrik energiýasy goýberilýär. Şeýle hem önümçilik birleşigimiziň hünärmenleri tarapyndan elektrik enjamlarynyňdyr elektrik geçiriji, paýlaýjy ulgamlaryň işleýşine berk gözegçilik edilýär.

Ýurdumyzda gazanylan üstünlikler

Düýn paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy mynasybetli, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatlygyny görkezýän sergisi öz işine başlady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen sepgitleriň, şol sanda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, jemgyýetiň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän işler hem sergide öz beýanyny tapýar. Forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara iberen Gutlagy bilen açylyp, turuwbaşdan gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ýurdumyzda döwrüň ösen tehnologiýalaryndan peýdalanyp, ykdysadyýetimiziň, şol sanda ähli pudaklarda gazanylan üstünlikler sanardan kän. Forumda ykdysadyýetimiziň maliýe-bank ulgamynyň, bilim, medeniýet, syýahat, şeýle hem halk hojalyk toplumynyň hususy kärhanalarynyň onlarçasy gatnaşdylar. Döwrüň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, daşary ýurtlar bilen bäsdeş önümleri öndürýän hususy kärhanalaryň ýokary hilli önümleri serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylara tanyşdyryldy. Bu bolsa döwletimiz tarapyndan hususyýetçilige berilýän kömegiň netijesi bolup, ýokary hilli önümlerimize daşarky bazarlarda hem uly isleg bildirilýändigini aňladýar.

Türkmenistanda Ro-Pax awtoulag we ýolagçy gatnadýan paromlarda daşalan awtoulaglaryň sany 12 358 ýetdi

Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 128,6% ösüş gazanyldy we 1,509 million tonna ýetdi. Umuman aýdylanda 2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 130,1% ýerine ýetirildi. Ýanwar — awgust aýlarynda Ro-Pax awtoulag we ýolagçy gatnadýan paromlarda daşalan awtoulaglaryň sany 12 358 ýetdi we 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 142,3% ösüş gazanyldy.