HABARLAR

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylan Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen mähirli salamlaşyp, ony türk halkynyň durmuşyndaky iň taryhy gün, demokratiýa eradasy esasynda gazanan syýasy üstünligi we ýeňşi mynasybetli türkmen halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan we maşgalasynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Arkadag şäheriniň ýerli býujetini düzmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda täze şäheriň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar, şäheriň häkimligi hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüm birlikleri döredildi. Olaryň guramaçylykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli kadalar hem-de görkezijiler esasynda Arkadag şäheriniň ýerli býujeti boýunça degişli hasaplamalar geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Onuň Alyjenaby, Patyşa Karl III-niň we Premýer-ministr Rişi Sunagyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Beýik Britaniýada özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Parahatçylyk döredijilikli, durnukly ösüş ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmagy geçen hepdäniň möhüm halkara wakasy boldy. Bitarap Türkmenistan sebitara we ählumumy oňyn ýagdaýlara hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşmak bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar. 18-nji maýda bu sammite gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikler geçirdi. Taraplar bilelikdäki tagallalar netijesinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirilendigini belläp, hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş almak, ýekelemek, otag etmek hem-de hatarara bejergi işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaýa ideg etmek işleri alnyp barylýar. Welaýatda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, tohumlyk bugdaýy ýygnap almak, daşamak we talabalaýyk saklamak üçin ähli zerur çäreler görüldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisi

Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi. Gahryman Arkadagymyz gün tertibini yglan edip, şu mejlisiň dowamynda ýerlerde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri barada pikir alyşmak, öňümizde duran döwlet ähmiýetli çärelere, hususan-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, şeýle hem ýakyn günlerde galla ýygnamaga girişmek meseleleri, obadyr şäherleriň ýagdaýlary, geljek üçin öňde durýan wezipeler hakynda söhbetdeş bolmak kararyna gelendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 21-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde belent maksatlary özünde jemleýän giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu bolsa mähriban Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylýar.

Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa — Hytaý” birinji sammitine gatnaşdy Sian — Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşdy.