"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 26-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde hereket edýän kanunlary seljermek, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek baradaky guramaçylyk toparynyň mejlisiniň geçirilendigi aýdyldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini bellemek, guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak, forumyň gün tertibini we deslapky maksatnamasyny, degişli resminamalary taýýarlamak, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek bilen baglanyşykly beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 26-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde hereket edýän kanunlary seljermek, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek baradaky guramaçylyk toparynyň mejlisiniň geçirilendigi aýdyldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini bellemek, guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak, forumyň gün tertibini we deslapky maksatnamasyny, degişli resminamalary taýýarlamak, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek bilen baglanyşykly beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

M.B.MAŞALOW hakynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) wezipesine bellemeli.

Resmi habar

Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamyny döretmek hem-de gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek üçin Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligine çenlik bahalary hasaplamakda programma üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak üçin “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Çili Respublikasynyň Prezidenti Gabriel Boriçe hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Çili Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

24-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Häzirki wagtda Özbegistanyň dürli ugurlarda batly depginde ösýändigini, halkyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli gowulandyrylýandygyny görmek biziň üçin örän ýakymly diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigini belläp, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Möwsümleýin oba hojalyk işlerine garaldy

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň barşynda welaýatlaryň häkimlerine söz berildi.

Döwletlilik ýörelgämiz

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet dolandyryşyny demokratiýalaşdyrmak, durnukly ösüşi üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak babatda netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 12-nji iýulynda bolan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda aýdanlary Diýarymyzda milli demokratiýanyň döwrebap röwüşde amala aşyrylýandygynyň güwäsidir. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmekdir.

Halk Maslahaty — döwletli işleriň gözbaşy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky Karary ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljek bu çärä taýýarlyk işlerine özboluşly badalga boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakyndaky” Kararyndan gelip çykýan wezipeleri, Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini ilata düşündirmek şu günler jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ildeşlerimiziň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň esasy maksatlarynyň biridir.

Möhüm wezipelere bagyşlandy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Bäherden etrap Geňeşleriniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Bäherden etrabynyň Arçman şäherçe Medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» nobatdaky Kararyndan gelip çykýan wezipeleri ilatyň arasynda wagyz etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de maksatnamalaryň esasyny düzýär. Taryhy özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugurda taryhy hyzmatlary amala aşyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi Türkmenistanyň ösüşler ýolundaky öňe tarap gadamynyň ynamly we ygtybarlydygyny tassyklaýar. Ýurtda amala aşyrylýan sy

Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugrudyr. Häzirki döwürde BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlyk täze ösüş depginine eýe bolýar. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär. Bu çemeleşme, şeýle-de Watanymyzyň daşary syýasy ugry Milletler Bileleşigi tarapyndan giň ykrarnama eýe boldy. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda öňde boljak 79-njy sessiýanyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Mundan başga-da, ýurdumyz guramanyň abraýly düzümleriniň agzalygyna birnäçe gezek saýlanyldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy köp sanly Kararnamalary, şol sanda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we dog­lan gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di. “Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi, onuň do­gan­lyk hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy ug­run­da ed­ýän ta­gal­la­la­ry­ňyz we ýa­daw­syz zäh­me­ti­ňiz ha­ky­ky wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, Wa­ta­na yh­las­ly hyz­mat et­me­giň aý­dyň nus­ga­sy­dyr. Ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky stra­te­gik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne hut özü­ňi­ziň ber­ýän ün­sü­ňi­zi aý­ra­tyn bel­le­mek is­le­ýä­rin” di­ýlip, Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ha­tyn­da bel­le­nil­ýär. Şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy dost­lu­gy we öza­ra dü­şü­niş­me­gi ber­kit­mä­ge go­şan ägirt uly go­şan­dy üçin goň­şy döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny­na min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we dog­lan gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di. “Hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, dost­luk, öza­ra dü­şü­niş­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­nyň ýyl-ýyl­dan tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­ýan­dy­gy­ny, öza­ra yna­nyş­mak, açyk­lyk hä­si­ýe­ti bi­len ta­pa­wut­lan­ýan­dy­gy­ny uly ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­mek is­le­ýä­rin.

Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugrudyr. Häzirki döwürde BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlyk täze ösüş depginine eýe bolýar. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär. Bu çemeleşme, şeýle-de Watanymyzyň daşary syýasy ugry Milletler Bileleşigi tarapyndan giň ykrarnama eýe boldy. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda öňde boljak 79-njy sessiýanyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Mundan başga-da, ýurdumyz guramanyň abraýly düzümleriniň agzalygyna birnäçe gezek saýlanyldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy köp sanly Kararnamalary, şol sanda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýakynda Türkmenistana amala aşyran sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açdy. 6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen iri halkar

Dowamata uzaýan döwletlilik

...Häzirki zaman dünýäsiniň maliýe-hojalyk ulgamynda kynçylyklaryň başdan geçirilýän döwründe ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatda, ulag-kommunikasiýa we beýleki pudaklarda ösüşleri gazanmak ýeňil-ýelpaý däl. Hernä biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ümzügi öňe, işi ileri. Bu bolsa mähriban halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşyna mäkäm jebisleşip çekýän agzybirlikli zähmetiniň netijesidir. 12-nji iýulda Hökümetiň şu ýylyň birinji ýarymynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyza berlen hasabatlary «mawy ekran» arkaly diňläp, şu pikirler serime geldi. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipelere amal etmekde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda depginli işler alnyp barylýar. Prezident Maksatnamasynda kesgitlenen esasy maksatlaryň biri-de ýurdumyzyň durmuş ulgamyny yzygiderli ilerletmek arkaly, her bir raýatyň abadan ýaşaýşyny kepillendirmek, şeýle hem ilatyň durmuş mümkinçiliklerinidir bähbitlerini berk goramak, iş bilen üpjünçiligi kämilleşdirmek bolup durýar. Hut şu maksat bilen, 2022 — 2028-nji ýyllarda zähmet hakynyň möçberlerini 1,8 esse artdyrmak; ykdysadyýeti

Türkmenistan — BMG: strategik hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

Türkmenistan BMG-ä we onuň ýöriteleşdirilen düzümlerine ählumumy gatnaşyklar ulgamynyň sütüni, bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň bu düzümiň halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmagy munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Bu bolsa bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistan häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk, özara hormat goýmak diplomatiýasyny ilerletmek, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Bitarap Watanymyz halkara gatnaşyklarynyň gün tertibindäki gaýragoýulmasyz meselelere çynlakaý çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerine jogap berýän oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň halkara giňişligindäki ähmiýetli ornuny has-da berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça, dünýäniň 86 döwletiniň awtordaşlygynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýan

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:

Ajap eýýamyň aýdyň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak babatdaky meseleleri elmydama üns merkezinde saklaýar. 19-njy iýulda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlisde hormatly Prezidentimize ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işiniň kämilleşdirilişi barada hasabat berlip, milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen altynjy maslahatynyň jemleri barada habar berildi. Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk bilen baglanyşykly Kanunlara we başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça kanun taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy we kabul edilmegi, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumatynyň diňlenilmegi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak babatdaky öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini tassyklaýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:

Halk maslahaty — jebisligiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly beýik maksatlara ugrukdyrylan döwlet maksatnamalaryň, uzak möhletli strategik maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda möhüm sepgitleri özünde jemleýär. Şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlarda ýarym ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar böleginiň üstünlikli berjaý edilendigi beýan edildi. Bu görkezijiler türkmen halkynyň ýagty geljegi ugrunda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlar  esasynda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar.