"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Täzelik

Türkmenabat şäherindäki «Ak Pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabriginde lukmançylyk pamygyny we pamyk serişdelerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Fabrigiň önümçiliginde esasy çig mal hökmünde ýurdumyzyň ýüplük egriji fabrikleriniň nah galyndylary ulanylýar. «Ak Pamykda» şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda pamyk önümleriniň 1 müň 885 tonnasy öndürilip, 5 million 109 müň 196 manatlyk iş edildi. Degişli döwürde taýýar önümleriň 1 müň 105 tonnasy, pul hasabynda bolsa 3 million 476 müň 591 manatlygy eksport edildi.

Ýurdumyzyň üç welaýatynda demir ýol menzilleriniň döwrebap binalary gurlar

Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna laýyklykda, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalary gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada 16-njy sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew demir ýol düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler baradaky hasabatynda aýtdy.

Ykdysady üstünliklerimiz bagtymyzyň kuýaşy

Şu ýylyň 20-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, bu giň möçberli sergi berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edip, geljekki ösüşlerimiziň badalgasyna öwrüljek başlangyçlary, täze taslamalary ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolar. Köpugurly gözden geçiriliş giň sergi zallarynda ýaýbaňlandyryldy. Döwrebap mahabat enjamlary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen bölümler pudaklaryň üstünliklerini, bäsdeşlige ukyply we isleg bildirilýän önümleriň giň görnüşlerini, hyzmatlar ulgamynda täzelikleridir teklipleri tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Döredijilik toparlary foruma gatnaşyjylary we myhmanlary Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlar bilen garşyladylar.

Täzelik

Ilatyň çörek we çörek önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakda Türkmenabat şäherindäki 1-nji çörek kärhanasynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda çörek we çörek önümleriniň 9 müň 978 tonnasy öndürildi. Öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 13 million 47 müň 827 manatlyga deň boldy. Şeýle-de bu döwürde süýji-köke önümleriniň hem 5 tonnadan gowragy öndürilip, ilata hödürlenildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Halkara başlangyçlar giň goldaw tapýar

Şu günlerde şaýat bolýan taryhy wakalarymyz berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygynyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda, bu duşuşyk bilen ugurdaş geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda döwletimiziň adyndan orta atan umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Duşenbe duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy bolsa Milli Liderimize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Bu taryhy wakalaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda bolup geçmegi ählimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Halkara başlangyçlary hemişe goldaw tapýan we şol goldawyň netijesinde-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan telim-telim Kararnamalary kabul edilen döwletimiziň parahatçylyga daýanýan daşary syýasaty arkaly şeýle uly abraýa eýe bolmagy ählimiziň başymyzy Göge ýetirýär. Goý, döwletli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Garaşsyzlyk — göwünleriň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Netijeli işlemeklige döredilýän giň mümkinçilikler zähmet ýeňişlerine ýetirýär. Güneşli Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk toýuny «Lebapenergo» önümçilik birleşigimiziň agzybir işçi-hünärmenleri hem zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar. Häzirki wagtda önümçilik birleşigimizde jemi 100 sany, ýagny, 2 sany 500 kW, 2 sany 220 kW, 63 sany 110 kW, 33 sany 35 kW elektrik sazlaýjy beketleri bolup, olar ýylyň ähli paslynda bökdençsiz işledilýär. Bu beketlerden sarp edijilere ýeterlik derejede elektrik energiýasy goýberilýär. Şeýle hem önümçilik birleşigimiziň hünärmenleri tarapyndan elektrik enjamlarynyňdyr elektrik geçiriji, paýlaýjy ulgamlaryň işleýşine berk gözegçilik edilýär.

Ýurdumyzda gazanylan üstünlikler

Düýn paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy mynasybetli, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatlygyny görkezýän sergisi öz işine başlady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen sepgitleriň, şol sanda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, jemgyýetiň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän işler hem sergide öz beýanyny tapýar. Forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara iberen Gutlagy bilen açylyp, turuwbaşdan gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ýurdumyzda döwrüň ösen tehnologiýalaryndan peýdalanyp, ykdysadyýetimiziň, şol sanda ähli pudaklarda gazanylan üstünlikler sanardan kän. Forumda ykdysadyýetimiziň maliýe-bank ulgamynyň, bilim, medeniýet, syýahat, şeýle hem halk hojalyk toplumynyň hususy kärhanalarynyň onlarçasy gatnaşdylar. Döwrüň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, daşary ýurtlar bilen bäsdeş önümleri öndürýän hususy kärhanalaryň ýokary hilli önümleri serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylara tanyşdyryldy. Bu bolsa döwletimiz tarapyndan hususyýetçilige berilýän kömegiň netijesi bolup, ýokary hilli önümlerimize daşarky bazarlarda hem uly isleg bildirilýändigini aňladýar.

Türkmenistanda Ro-Pax awtoulag we ýolagçy gatnadýan paromlarda daşalan awtoulaglaryň sany 12 358 ýetdi

Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 128,6% ösüş gazanyldy we 1,509 million tonna ýetdi. Umuman aýdylanda 2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 130,1% ýerine ýetirildi. Ýanwar — awgust aýlarynda Ro-Pax awtoulag we ýolagçy gatnadýan paromlarda daşalan awtoulaglaryň sany 12 358 ýetdi we 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 142,3% ösüş gazanyldy.

Kuwwatly zawodyň eksport bazary giňeýär

Belent Serkerdebaşymyzyň — hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary öz borçlaryny jogapkärçilikli amala aşyrýarlar. Welaýatymyzyň çäginde 10 töweregi gümrük nokady bolup, şolaryň biri hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýerleşendir. Milli ykdysadyýetimiziň galkynmagyna uly goşant goşýan bu kuwwatly desga içerki hajatlary ödäp, öz önümlerini dünýä döwletlerine hem eksport edýär. Häzirki wagtda dizel ýangyjy, benzin ýaly önümler Owganystana we Gruziýa eksport edilýär. Şunda önümleriň agramly bölegini owganystanly işewürleriň satyn alýandyklaryny aýtmak gerek.

Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça demir ýol arkaly ýük dolanyşygy 57% ýokarlandy

TASS-yň «RŽD logistika» paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Dmitriý Muraýewiň sözlerine salgylanyp habar bermegine görä, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça demir ýol arkaly ýük dolanyşygynyň mukdary barha artýar. Ýanwar — awgust aýlarynyň aralygynda bu ugurdaky ýük dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 57% ýokarlandy.

Durmuş-ykdysady ösüşde ygtybarly ugur

Bilşimiz ýaly, 14-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw sammitinde taryhy çykyş etdi. Onda döwlet Baştutanymyz sebitiň gün tertibinde durýan möhüm wezipelere ýene-de bir gezek ünsi çekip, birnäçe täze teklipleri orta atdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak babatda täsirli çäreleriň zerurdygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa Söwda edarasyny döretmek meselesine garamagy teklip etdi. Nygtalyşy ýaly, bu görnüşdäki Söwda öýüniň işiniň many-mazmuny we maksady söwdany ösdürmekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakdan, Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmekden, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmekden ybaratdyr. Önümçiligi tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak, innowasion ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de ony diwersifikasiýalaşdyrmak üçin şertleri döretmek işlerine içerki we daşarky bazarlarda ýurduň hojalyk subýektleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň usuly hökmünde garalýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 43 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Singapurdan, Özbegistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Owganystandan we Şweýsariýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, arassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli ýakyş mazudyny, polipropileni, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 90 million 50 müň 200 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbit esasynda işjeňleşdirilmegi doganlyk halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär hem-de sebitde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Häzirki döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary halkara guramalaryň  we maksatnamalaryň çäklerinde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Muňa mysal hökmünde agzasak, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (EKO), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA), Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC), Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň (SPECA), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde ulag-üstaşyr taslamalary durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň sebitde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de onuň gerimini giňeltmekde ähmiýeti uludyr. 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda hem sebitde ulag-logistika ulgamyndaky arabaglanyşygy ýokarlandyrmak babatda möhüm äd

Türkmenistan – Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr merkezi

Türkmenistan ulag diplomatiýasynda sebit boýunça iň ýokary işjeňlik görkezýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyz tarapyndan ulag ulgamynda ençeme oňyn teklipler öňe sürülýär we bu teklipler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Türkmenistanyň öňe süren teklipleri esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ulag ulgamynda ençeme Kararnamalar kabul edildi. Ýakynda Täjigistan Respublikasynda geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamak hormatly Prezidentimiz tarapyndan edilen teklipleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň öz çykyşynda belleýşi ýaly, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, iri halkara ulag-üstaşyr we söwda geçelgeleriniň ugrunda ýerleşen döwletleriň hemişe ykdysady we medeni ösüş derejesi ýokary bolupdyr.

Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldip

Ýurdumyz häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini taýýarlamak, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda täze başlangyçlary öňe sürýär, bilelikdäki uly taslamalary durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden has ýerlikli peýdalanmak bilen, häzirki wagtda sebitleri hem-de yklymlary birleşdirýän strategik ähmiýetli ýurda öwrülýär. Sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän döwletimiziň üstaşyr kuwwata eýe bolmagy milli we ählumumy maksatlara gönükdirilen ulag diplomatiýasyny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan möhüm ugruna öwürmäge ýardam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlara geçen umumy sapagyndaky çuň manyly çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ulag-logistika strategiýasynyň mazmuny öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Muňa Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny okanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyz geçmişde halklary we yklymlary birleşdiren bu şöhratly ýoly gaýtadan dikeltmek babatda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär hem-de olary nusgalyk derejede, işjeň durmuşa geçirýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz ýokarda agzalan çykyşynda: «Garaşsyz, Bitarap

Durnukly ösüş maksatlary durmuşa ornaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýär we bütin dünýäde kuwwatly senagatlaşýan döwlet hökmünde tanalýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenilendir. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady özgertmeleriň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge doly mümkinçilik berýändigine şaýatlyk edýär. Garaşsyz döwletimiziň ykdysady syýasaty durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ykdysadyýetiň pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, öz milli önümçiligimiziň hasabyna içerki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga we eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmaga gönükdirilýär. Bu maksatlara ýetmek üçin, ýurdumyzda maýa goýum we işewürlik ýagdaýyny gowulandyrmaga, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge, bäsleşikli bazar gurşawyny döretmäge, hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar.

Obasenagat toplumynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň möhüm şerti

Oba hojalygy pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda dürli ekerançylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy şertlendirýän ägirt uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň, daýhanlaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmeginiň, pagta ýygymy möwsüminde oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň doly güýjünde ulanylmagynyň şu günüň möhüm talabydygyny nygtady.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde koreýaly kärdeşler bilen gämigurluşyk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

"Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlary assosiasiýasynyň (KOMEO) we “Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Onda Türkmenistanyň milli söwda flotyny ösdürmäge gönükdirilen gämigurluşyk pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine seredildi. Söhbetdeşler gury ýük gämilerini we paromlary gurmak işlerine aýrtyn üns çekdiler. Şol sanda, gürrüň “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda 2 sany gury ýük gämisiniň gurluşyklaryny taslamak barada boldy. “Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň wekilleri türkmen gämigurluşyk zawodynda bar bolan döwrebap mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy. 

Täze üstünliklere tarap

Şu günler welaýatymyzda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, il sylagly ýaşulularyň «bismillasy» bilen badalga berlen güýzlük bugdaý ekişi ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. Bugdaý ekilýän ýerleriň, tohumyň, döküniň, tehnikalaryň we olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň bu möhüm möwsüme doly taýýar edilmegi ekişiň öz wagtynda, ýokary derejede tamamlanjakdygyndan habar berýär. Bu gyzgalaňly möwsümde alnyp barylýan işler dogrusynda gyzyklanyp, «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Bossan Jumaýewa bilen söhbetdeş bolduk. — Bossan, söhbedimizi zähmet çekýän kärhanaňyzyň taryhyndan başlaýaly.

Ösüşleriň depgini batlanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň dokma senagatyny depginli ösdürmek babatda başyny başlan oňyn özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen üstünlikli dowam etdirilip, ajaýyp zamanamyzda gazanylýan zähmet ýeňişleriniň mysalynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Innowasion tehnologiýalara, kämil enjamlara daýanýan döwrebap önümçiliklerde pagtaçy-kärendeçilerimiziň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen gowaça hasylyndan taýýarlanylan çig mal gaýtadan işlenilip, sazlaşykly işleriň ýola goýulmagy dokma senagatynyň ykdysady görkezijileriniň yzygiderli artmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Ösüş depgini barha artýan döwrebap dokma kärhanalarynyň biri hem Türkmenabat pagta egriji fabrigidir. 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen işe girizilen häzirkizaman dokma kärhanasynda 500-den gowrak işçi-hünärmen zähmet çekip, olaryň aglaba bölegi gelin-gyzlardyr. Döwrebap dokma kärhanasynyň ýyllyk önümçilik kuwwaty ýokary hilli dürli görnüşli ýüplükleriň 17700 tonnasyny taýýarlamaga niýetlenilip, her günde 50 tonna golaý önüm öndürilýär. Önümçiligiň ýola goýulmagy üçin gerek bolan çig mal welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýär. Fabrikde Germaniýanyň «Trutşler» kompaniýasynyň önümi bolan ýigrimi sany darak enjamy, Italiýanyň «