"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we Türkmen-owgan işewürler maslahaty öz işine başlady

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine hem-de Söwda-senagat edarasyna 2024-nji ýylyň 4 – 6-njy marty aralygynda Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisini hem-de Türkmen-owgan işewürler maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.  Bellenilişi ýaly, resminama türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan we dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp kabul edildi.

Özbegistan Türkmenistan bilen serhetde erkin söwda zolagynyň döredilmegini resmi taýdan tassyklady

28-nji fewralda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Özbegistan — Türkmenistan» erkin söwda zolagyny döretmek baradaky Karara gol çekdi. Özbegistanyň Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlary websaýtynda habar berlişi ýaly, 3,1 gektar meýdany eýeleýän zolak Horezm welaýatynyň Şawat sebitinde ýerleşer. Bu zolagy «Hazarasp» erkin ykdysady zolagynyň müdirligi dolandyrar. Bilelikdäki taslama laýyklykda, täze söwda zolagynda döwrebap tehnologiýalaryň esasynda önümleri kabul etmek, saklamak, tertipleşdirmek hyzmatlary hödürlener. Müşderiler üçin «Bir penjire» ulgamynyň we interaktiw mehanizmleriň esasynda gümrük, salgyt, sertifikasiýa, fitosanitar, weterinariýa, transport hyzmatlary, bank, walýuta çalşygy, ykjam aragatnaşyk, şeýle-de lukmançylyk, myhmanhana, awtotransport we beýleki hyzmatlar dörediler. Bu ýerde diňe Özbegistanda we Türkmenistanda öndürilen önümleriň satuwy guralar. Bölek söwda amallaryna rugsat berýän «erkin gümrük zolagy» gümrük usuly hereket eder. Söwda zolagyndaky binalar we desgalar elektron onlaýn auksionlaryň esasynda telekeçilik subýektlerine kärendesine berler.

Türkmenistan we Owganystan ýangyç-energetika we ulag ulgamynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Hyzmatdaşlygyň ýangyç-energetika ugry: Iki goňşy ýurtlaryň arasynda ýangyç-energetika taslamalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi (TOPH) Owganystanyň ykdysady ýagdaýyny kadalaşdyrmakda möhüm taslamalaryň biridir. Geljekde türkmen mawy ýangyjy owgan halkynyň törüni ýyladar. TOPH taslamasynyň çäklerinde Owganystan tebigy gazyň üstaşyr geçirilmeginden uly girdeji gazanar, taslama owgan ykdysadyýetine halkara maýa goýumlarynyň gönükdirilmegine mümkinçilik döreder. Bar bolan maglumata laýyklykda, 800 kilometre golaý çäginden türkmen gazyny üstaşyr geçirmekden Owganystan ägirt uly ykdysady peýda — 1 milliard amerikan dollary töweregi girdeji gazanar we ýurtda 12 müňden gowrak täze iş orny dörediler. Häzirki wagtda Türkmenistan elektrik energiýany diňe Owganystana däl-de, eýsem, onuň çäkleriniň üsti bilen sebitiň beýleki döwletlerine hem ibermek, ýagny Türkmenistan — Owganystan — Pakistan hem-de Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan —Pakistan taslamalaryna uly gyzyklanma bildirilýär. Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň elektrik geçiriji ulgamlaryny birleşdirmegi göz öňünde tutýan bu taslamalar sebitara utgaşygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň wekilleri döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda gyrgyz tejribelerini öwrendiler

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň arasynda Türkmenistanda pudagara elektron özara gatnaşyklaryň synag ulgamyny ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda tejribeleri öwrenmek maksady bilen 26-njy fewral - 1-nji mart aralygynda agentligiň wekilleriniň Gyrgyzystana sapary guraldy. Saparyň barşynda türkmen hünärmenleri pudagara elektron özara gatnaşygyny kemala getirmegiň, resminama dolanyşygynyň usulyýetini, döwlet we şäher elektron hyzmatlaryny guramagy, identifikasiýa etmek we maglumatlary barlamak ulgamyny döretmegi, ilatyň sanly tehnologiýalara, elektron we poçta aragatnaşygyna deň elýeterliligini üpjün etmegi, dürli döwlet hasaba alyş işini, taryhy maglumatlary sanlylaşdyrmagy hem-de kiberhowpsuzlygy üpjün etmek meseleleri bilen tanyşdylar.

Hazaryň halkara höziri

Türkmenistan - ajaýyp ýurt. Dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi, joşgunly derýalary, mahmala meňzeýän sähralary bolan bu ajaýyp tebigatly ülkäniň at-owazasy mundan ýüzlerçe asyr ozallaram Ýer ýüzüniň çar künjegine ýaýran. Ýöne şeýle bir zamananyň bolýandygyna, şol eýýamda ýurtda ösüşleriň ösüşlere beslenýändigine, tebigatynyňam gözelligine gözellik goşulýandygyna biz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mysalynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Ynsanyň paýhasy hem-de yhlasy bilen tebigatyň görlüp-eşidilmedik derejede owadanlaşyp bilýändigi bolsa, Hazar deňziniň türkmen kenarynda sanlyja ýylyň içinde döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda öz aýdyň beýanyna eýe boldy. Bu ajaýyp mekanda, Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen gözel zolakda geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň, okuw maslahatlarynyň sanasaň sogaby bar. Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Häzirki wagtda Hazaryň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmünde ykrar edilmegi deňiz bilen çäkleşýän goňşy döwletleriň tagallalarynyň birligini, sebit hyzmatdaşlygynyň oňyn netijelerini şöhlelendirýär. 20

Umumadamzat ähmiýetli täze başlangyçlar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar

Ýurdumyzyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy. Bu iri forum 120-den gowrak döwletiň, 80-den gowrak halkara guramanyň, şeýle hem iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Sammitiň gün tertibine laýyklykda, döwlet dolandyryşyny özgertmek we onuň netijeliligi, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, geljegiň jemgyýeti hem-de bilimi, durnuklylyk, täze ählumumy tagallalar, şäherleşmäniň, saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly esasy alty mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Strategik hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatyna daýanyp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda milli bähbitlerimiz dünýä bileleşiginiň umumy bähbitleri bilen doly sazlaşýar. Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Şondan bäri ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny subut etmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edip gelýär. Döwletimiz BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde abraýly halkara guramanyň mejlislerine ýokary derejede gatnaşýar.

Türkmen wekiliýeti Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça seminara gatnaşdy

27-28-nji fewralda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri Tbilisi şäherinde geçirilen Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça ikinji seminara göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Seminara Transhazar ulag geçelgesiniň assosiasiýasynyň, sanly ulgamynyň, TRAСEKA-nyň, döwlet edaralaryň wekilleri we degişli pudaklaryň bilermenleri gatnaşdylar. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, seminarda gatnaşyjy ýurtlar boýunça sanly ulgam başlangyçlarynyň özara arabaglanyşygyny emele getirmek babatda täze pikirler öňe sürüldi. Esasan hem, seminaryň maksady dolandyryş we jogapkärçilik, ygtybarly maglumat alyş-çalyşygy we sanly geçelgäniň transformasiýasy üçin möhüm bolup durýan kadalaşdyryjy hukuk binýady emele getirmek ýaly möhüm strategiki ugurlar boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.

“Türkmenistan”  awiakompaniýasy” AGPJ-niň wekilleri 27-29-njy fewral aralygynda “Routes Asia 2024” forumyna gatnaşdylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri 27-29-njy fewral aralygynda Malaýziýa ýarymadasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän hem-de arhipelagyň 99 adasynyň içinde iň uly ada bolan Langkawi adasynda konferensiýalaryň ilkinji sapar Langkawi Halkara konferensiýalar merkezinde geçirilen “Routes Asia 2024” forumyna gatnaşdylar. Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine bagyşlanan, ýollary ösdürmek boýunça ýeke-täk çäre bolmak bilen bu forum awiakompaniýalara, howa menzillerine, syýahatçylyk kompaniýalaryna we awiasiýada gyzyklanma bildirýän taraplara duşuşyklar, öňdebaryjy tejribäni alşyp-berişmek üçin hem-de ulgamlaýyn strategiýalary işläp düzmek we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki awiagatnawlaryň geljekki ösüşini üpjün etmek babatda tagallalary birikdirmek üçin meýdançany teklip edýär.

Türkmenistan Transhazar ulag geçelgesi sanly geljege tarap ädimleri sanlylaşdyrmak boýunça seminarda wekilçilik etdi

«Türkmendeňizderýaýollary» gullugynyň hünärmenleri Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça ikinji seminara gatnaşdylar. Seminar Tbilisi şäherinde geçirildi. Türkmenistanyň wekilleri göni wideoaragatnaşyk arkaly bu çärä gatnaşdylar. Gatnaşanlar Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmagyň geljegini, sanly ulgam merkezini döretmek mümkinçiligini we her ýurtda synag taslamalaryny gözden geçirdiler.

Medeni miras — milli buýsanç

Şu günler sebitlerde geçirilýän «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» atly dabaraly maslahatlar düýn öz işini Lebap welaýatynda dowam etdirdi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilen senesiniň we Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasyndaky dabaraly çäre Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty hem-de Lebap welaýat häkimligi tarapyndan guraldy. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyza bagyşlanan maslahat welaýatyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirildi. Teatryň girelgesinde dabara gatnaşyjylary bagşylar topary joşgunly aýdym bilen garşy aldy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi görnükli sanawdan orun alan milli el işlerimiziň birnäçe görnüşini özünde jemläpdir. Ýerleşdirilen haly we kilim önümleri, keşdeler on barmagyndan dür dökülýän gelin-gyzlaryň sungatynyň barha kämilleşýändigini görkezýär. Myhmanlar sungat işgärleriniň ýerine ýetiren «Noý-noý» aýdymlaryny hem diňlediler.

Gatnaşyklaryň täze sahypalary

Türkmenistanyň daşary syýasatda öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary täze belentliklere çykarmaga giň şertleri döredýär. Ýurdumyz dünýä ýüzünde ynsanperwerlige ýugrulan pikirleri öňe sürýänligi bilen ençeme döwletleriňdir halkara guramalaryň goldawyny gazandy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ençeme tutumlary dünýä döwletleriniň aglabasy tarapyndan goldanyldy. Şeýle tagallalar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bu gün Türkmenistanyň daşary döwletlere uzaýan dostluk köprüleri has alyslary nazarlaýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty ýurdumyzyň Konstitusiýasy, konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem döwletimiziň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.

Türkmen wekiliýeti Gyrgyzystanyň saglyk we sanly ösüş ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Gyrgyzystanda iş saparynda bolýan «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti Gyrgyzystanyň saglyk we sanly ösüş ministriniň orunbasary Bakyt Jangaziýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Saglyk we sanly ösüş ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşykda gyrgyz tarapy türkmen wekiliýetine ýurtda saglygy goraýyş ulgamyndaky sanly özgertmeler we ileri tutulýan ugurlar boýunça döwlet syýasaty barada gürrüň berdi.

Igor Runow: Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy boldy

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşyk geçirildi. Myhman blokçeýn (blockchain - iň täze tehnologiýalar) tehnologiýasyna esaslanýan ulaglaryň ähli görnüşleri üçin platforma döretmekde ählumumy taslamalar boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Duşuşykdan soň Igor Borisowiç ORIENT-iň soraglaryna hoşniýetlilik bilen jogap bermäge razy boldy.

Özbegistan we Türkiýe ýük daşamak ulgamynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Özbegistanyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministrliginde zähmet çekýän kärdeşleri bilen duşuşandyklary «Trend» tarapyndan habar berildi. Maglumatlara görä, Özbegistandan gelen wekiliýet awtomobil ulaglary ulgamynda Türkiýäniň ýolagçy we ýük daşamaga ygtyýarnama bermek, halkara ulag gatnawy üçin rugsat bermegi resmileşdirmek, sanly gözegçilik, bellenen ugurlar boýunça hereket edýän taksileriň işini kadalaşdyrmak, şeýle-de bu ugurda işgärleri taýýarlamak hem-de kämilleşdirmek boýunça tejribesini öwrenýär.

Halkara giňişlikde

Ulag ulgamyndaky tagallalara goşant Golaýda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag boýunça komitetiniň 86-njy mejlisi geçirildi. 2050-nji ýyla çenli içerki ulagy karbonsyzlaşdyrmaga geçmek boýunça milli garaýyşlara bagyşlanan mejlise «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy A.Kösäýew hem gatnaşyp, «ýaşyl» port halkara talaplaryna laýyklykda gurlan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen tanyşdyrdy. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Içerki ulag boýunça komitet bilen bilelikde «Durnukly ulag ulgamyna tarap: öňdebaryjy tejribeler, ýüze çykýan päsgelçilikler we olaryň çözgütleri» atly ugurdaş çäräniň guralmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Oňa döwletleriň 40-syndan, halkara guramalardan diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylarydyr halkara bilermenler derejesinde 70-e golaý wekil gatnaşdy.

Doganlyk halkda akyldara belent sarpa

Magtymguly Pyragy halkymyzyň milli şahyry bolmak bilen çäklenmän, ol «Ýer ýüzüniň hem şahyrydyr» diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Çünki akyldaryň «adamkärçilik» diýlen belent duýga çagyrýan goşgularynyň muşdagy zemin üstünde ýeterlik. Onuň döredijiliginiň üstünden ýüzýyllyklar geçse-de, adamkärçilige, ynsanperwerlige çagyryşlary şu gün hem zer dänesi ýaly gymmatly. Şonuň üçinem ol umumadamzat şahyry hasaplanýar. Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzda akyldara goýulýan belent sarpadan nyşan bolsa, TÜRKSOÝ-nyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip ykrar etmegi, akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy hem-de onuň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi dünýäde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Aşgabatda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça bäştaraplaýyn duşuşyk geçiriler

Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere seretdiler.

Ulag pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda iş saparynda bolýar. Şu gün owgan wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottaki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ýük gatnawlaryny artdyrmak, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýükleri daşamakda owgan işewürlerine has köp mümkinçilikleri döretmek barada giňişleýin pikir alşyldy.

Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesinde bilelikdäki söwda bileleşigini döretmegi meýilleşdirýärler

Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesinde bilelikdäki söwda bileleşigini döretmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. «Hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, ýük daşamagyň wagtyny azaltmak we bu ulag geçelgesinde (Demirgazyk — Günorta) has döwrebap hyzmatlary ýola goýmak üçin Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň demirýol administrasiýalary bilelikdäki söwda bileleşigini döretmegi meýilleşdirýärler» diýip, Gazagystanyň ulag ministriniň orunbasary Maksat Kaliakparow aýtdy.