HABARLAR

Jümle-jahan habarlary

Ýene bir dünýä rekordy Birleşen Arap Emirlikleriniň Hajar dagynyň belent gerşindäki «HATTA» diýen nyşan dünýäde iň uly nyşan hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Beýikligi 19,28 metre barabar bolan, uzaklardan görünýän bu ýazgy Hattanyň iň meşhur nyşanlarynyň biridir. Täze dünýä rekordy sebitde 15-nji sentýabrda badalga alan syýahatçylyk möwsüminiň öň ýanynda goýuldy. Hatta ýurduň syýahatçylyk merkezleriniň biri bolup, bu ýerde ýokary hilli hyzmatlaryň dürli görnüşleri teklip edilýär. Döränine 200 million ýyl bolan Hajar dagynyň täsinlikleri, tebigy ýadygärlikleri köpleriň ünsüni özüne çekýär. Geljek ýyllarda Hattada syýahatçylyk işini has-da ösdürmek, şonuň hasabyna goşmaça girdeji gazanmak maksat edinilýär.

Arkadagly Serdarymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi. «Merkezi Aziýada döwletleriň bähbitleriniň we maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene-de bir ulgam innowasiýalar we täze tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr» – diýip, döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda aýratyn belledi.

Ýaponiýa Aýa gonýan enjamly raketa uçurdy

Enjam älemi rentgen gözegçiligi we spektrokopiýa usuly arkaly öwrenmäge niýetlenendir. Ylmy-barlag astrofiziklere Älemde iri gurluşlaryň ösüşini we bölünişini hem-de galaktikalaryň emele gelşini öwrenmekde ýardam eder. Teleskop äpet galaktiki toplanmalary öwrener. Tutum şowly bolan halatynda Ýaponiýa Aýa enjam gondurmagy başaran bäşinji ýurt bolar.

“Emirates” awiakompaniýasy köp dil bilýän robotlary işe girizýär

“Emirates” awiakompaniýasy Dubaý şäheriniň howa menzilinde ýolagçylary hasaba almak işini çaltlandyrmak üçin 200 sany “köp dil bilýän” robotlary işe girizmegi meýilleşdirýär. Bellenişi ýaly, Dubaýyň Halkara howa menzili dünýäniň iň köp gelim-gidimli aeroportlarynyň biridir.  Köp dil bilýän – poliglot robotlaryň ilkinjileri ýerli howa gatnawlaryna ýolagçylary hasaba alyş ýerinde ýakyn 2 aýyň içinde ulanylyp başlanar. Synag döwri üstünlikli tamamlanandan soň, poliglot robotlary ornaşdyrmak taslamasy 2 ýylyň dowamynda ýerine ýetiriler. 

Russiýanyň barlag nokatlarynyň 3-sine elektron nobat ulgamy işe girizildi

1-nji sentýabrdan Russiýa Federasiýasy döwlet serhedindäki üç sany barlag nokadynda ýük ulaglarynyň ýurda girmek üçin senesini we wagtyny mugt elektron öňünden nobata durmagyň sanly ulgamyny işe girizdi. Bu barada Rosgranstroýyň metbugat gullugy habar berdi. Ýük awtoulaglary üçin girizilen elektron nobaty aşakdaky serhet barlag nokatlaryna girizildi.

Arkadag şäherinde aragatnaşyk hyzmatlary sanly çözgütler esasynda doly güýjünde işleýär

Täze «akylly» we «ýaşyl» şäher - Arkadag şäheri dürli maksatly binalar toplumy bilen tutuşlygyna häzirki zaman kämil tehnologiýalary we sanly çözgütleri özünde jemleýär. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher – Arkadag şäherinde sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwrebap kommunikasiýa tehnologiýalaryny gurnamak işleri «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komiteti tarapyndan alnyp baryldy.    

Megapolis — giň mümkinçilikleriň meýdany

«Akylly» şäherde döwrüň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan dolandyryş, işewürlik, durmuş, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň we beýleki pudaklaryň döredilmegi ykdysadyýetiň täze «ösüş nokadynyň» kemala gelendiginden habar berýär. Dünýäde döwletleriň «akylly» şäher başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi ählumumy meseleleri çözmäge, wagty we dürli tebigy serişdeleri ykdysady taýdan tygşytlamaga hem rejeli ulanmaga ýardam berýär. Şäher infrastrukturasy onuň sanlylaşdyrylmagynyň derejesini kesgitlemekde esasy görkeziji bolup durýar. Häzirki döwürde şäher infrastrukturasyny mundan beýläk-de sanlylaşdyrmak ugrunda dünýä ýurtlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Jaýlary awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrmagyň üstüniň täze gurallar we wirtual kömekçiler bilen doldurylmagy soňky döwürde sanly çözgütleriň has köp durmuşa geçirilmegini şertlendirdi. Şunda ilat nokatlarynyň döredýän mümkinçilikleri, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesi we elýeterliligi, howpsuzlygy, mobillik we ösüşiň geljekki ugurlary ýaly ykdysady we tehnologik görkezijilere aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan we Malaýziýa maglumat-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda türkmen-malaýziýa köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen geňeşmelerde ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk üçin bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Şeýle hem taraplaryň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary hem-de ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Garabogazköl aýlagynyň üstünden HÄM-den älem «ýük ulagy» surata alyndy

Orbital şekilde, Halkara älem menziline ýakynlaşanda, Türkmenistanyň Garabogazköl aýlagynyň kenarynda uçýan Cygnus ýük älem gämisini surata alyndy. Surat ýakynda NASA galereýasynda «Halkara älem menzilinden ol Türkmenistanyň üstünden ýakynlaşanda guw şekillenýär» ýazgysy bilen çap edildi.

«Türkmenaragatnaşyk» we «LS Cable & System» IKT ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri we «LS Cable & System» koreý kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi boýunça onlaýn duşuşyk geçirdiler. Seuldaky türkmen ilçihanasynyň habar berşi ýaly, gepleşikler maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary pudagyndaky hyzmatdaşlyk dogrusynda boldy. Onda sanly tehnologiýalara esaslanýan täze Arkadag şäherindäki taslamalara aýratyn üns berildi.