Milli göreş
Her bir halkyň öz edim-gylymyna, aýratynlygyna görä milli gymmatlyklary bolýar. Şol gymmatlyklarda halkyň aň-düşünjesi, ýol-ýörelgesi, milli däpleri jemlenendir. Ine, türkmeniň asyrlarboýy sünnäläp, ata-babalaryndan dowam edip gelýän milli gymmatlyklarynda halkymyzyň mähir-söýgüsi, yhlasy ýatandyr. Müňýyllyklaryň içinden baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary, edim-gylymy we ajaýyp däp-dessury ösdürilip, kämilleşdirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir. Türkmen halky gadym döwürden bäri sporta, bedenterbiýä uly üns beren halk. Taryha ser salanymyzda, ata-babalarymyz sportuň aýry-aýry görnüşleri bilen meşgullanyp, toýlarda at çapdyryp, göreş tutulyp, nyşana atyp mergençilik edipdirler. Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň milli göreşi hem halkymyzyň köp ýyllar meşgullanyp, kämilleşdiren sport görnüşleriniň biridir. Türkmen milli göreşi hatda Oguz han atamy