"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden ÇYKYŞY

(Nýu-Ýork şäheri, 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabry) Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!

Ykdysady üstünliklerimiz bagtymyzyň kuýaşy

Şu ýylyň 20-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, bu giň möçberli sergi berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edip, geljekki ösüşlerimiziň badalgasyna öwrüljek başlangyçlary, täze taslamalary ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolar. Köpugurly gözden geçiriliş giň sergi zallarynda ýaýbaňlandyryldy. Döwrebap mahabat enjamlary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen bölümler pudaklaryň üstünliklerini, bäsdeşlige ukyply we isleg bildirilýän önümleriň giň görnüşlerini, hyzmatlar ulgamynda täzelikleridir teklipleri tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Döredijilik toparlary foruma gatnaşyjylary we myhmanlary Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlar bilen garşyladylar.

Gahryman Arkadagymyzyň degresinde jem bolup

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 20-nji sentýabrynda mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi. Dünýä türkmenleriniň agzybirligini, özara gatnaşyklaryny berkitmekde bu maslahat uly ähmiýete eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen bu foruma Russiýa Federasiýasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Owganystandan wekiller gatnaşdylar.

Arkadagly Serdarymyzyň yhlasly tagallalary ýurdumyzyň şöhratyny artdyrýar

Arkadagly Serdarymyzyň beýik ösüşleri getiren zamanynyň —  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly wakalary, zähmet üstünlikleri hormatly Prezidentimize,  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.  Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, dünýä jemgyýetçiliginde gazanylýan yzygiderli ösüşlere berilýän ýokary bahalar Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy çuň mazmun bilen baýlaşdyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, biz — döredijilik işgärleri bu hakykata ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saparlarda bolanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Dürli hünärde zähmet çekýän ildeşlerimiz bilen söhbetdeşliklerimizde dünýäde iň bagtyýar adamlaryň ýaşaýan Bitarap mekanyndaky  her bir ojakda bagty, bolçulygy, agzybirligi, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan beýik buýsanjy we mizemez ynamy görýäris.

Garaşsyzlyk joşguny

Şu günler ata Watanymyzyň ähli künjekleri döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň baýramçylyk toý-dabaralaryna beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kabul edilýän kanunlaryň hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleriň ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Adalat» gazetiniň yglan eden «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijiligiň dürli ugurlary boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek dabarasy hem özboluşly baýramçylyk boldy. Öz eserlerinde ata Watanymyzy, bagtyýar durmuşymyzy, hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli beýik işlerini wagyz etmegi başaran ýaşlaryň birnäçesi bu bäsleşigiň ýeňijisi boldular. Ýaşlaryň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen bu bäsleşik hukuk goraýjy edaralarda we olaryň düzüm birliklerinde zähmet çekýän işgärleriň, şeýle hem hukuk goraýjy edaralarynda zähmet çekmegi kalbynda besleýän ýaşlaryň arasynda guraldy. Oňa hukuk goraýjy edaralaryň döredijilik bilen meşgullanýan hünärmenleridir hukuk hünäri boýunça okaýan talyplar we ýaşlar özleriniň dürli žanrlarda ýazan eserleri bilen işjeň gatnaşdylar. Munuň özi Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekde, halkymyza düşündirmekde ýaşlaryň yhlasly hem döredijilikli çemeleşýändiklerinden habar berýär. «Jan Watanym Türkmenistan» atly bäsleşigiň ý

Kalbymyzyň buýsanjy Siz, Arkadagly Serdarymyz!

Öňe alyp barýarsyňyz, adalat ýoluny saýlap,Kalbymyzyň buýsanjy Siz, Arkadagly Serdarymyz!Rowaçlyklar ýaranymyz, bu gün bütin dünýä haýran,Kalbymyzyň buýsanjy Siz, Arkadagly Serdarymyz! Ykballarmyz şuglalanýar, Siziň nurly çeşmiňizden,Pähim-parasat ýaýylýar, joşly köňül köşgüňizden,Ajaýyp zamanamyzda kemal tapýas kesbimizden,Kalbymyzyň buýsanjy Siz, Arkadagly Serdarymyz!

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Ösüşiň täze belentliklerine Hormatly Prezidentimiziň paýhasly teklipleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara derejedäki abraýyny täze belentliklere çykarýar.

Arkadag şäheri — bagtyýar ýaşlaryň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik gurluşygy bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň täze döwrüniň şamçyragydyr. Täze şäheriň «Arkadag» diýlip atlandyrylmagy il-günümiziň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza bolan belent söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Şöhratly taryhy müňýyllyklara uzaýan türkmen halky gurmak, döretmek babatda dünýä özüni tanadan halkdyr. Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň owazasy dünýä doldy. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Köpetdagyň gözel künjeginde ak binalary lowurdap duran şäheriň peýda bolmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň gudratydyr» diýip belleýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk taslamasy esasynda döredilen döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri halkymyzyň kalplarynda buýsanç duýgularyny döredýär. Şeýle şatlykly günlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň halk köpçüligine ýetirilmegi her birimiziň şatlygymyza şatlyk goşup, halkymyz üçin toý sowgadyna öwrüldi.

Milli demokratiýamyzyň möhüm bölegi

Türkmen halky gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň terbiýesine eýerip, her bir işi maslahatly etmäge çalyşýan halk. «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar» diýip arzuw eden Pyragynyň köňül wysaly bu günki gün hasyl boldy. Ülkämiziň ýaşulularyny maslahata çagyryp, ýerine ýetiriljek işler babatda olara sala salmak, olaryň oňlamagyny gazanmak — sogap iş. Her ýylda bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu asylly çäräni amala aşyrmak indi däp bolup galdy.

Garaşsyzlyk — bagtymyzyň sakasy

Garaşsyzlyk — bagta deňelýän mukaddeslik. Watan ezizligi, ýurt berkararlygy Garaşsyzlyk diýlen belent jümleden gaýdýan naýbaşy düşünjelerdir. Watan ösüşlerine şan goşmak bolsa, her bir türkmenistanlynyň kalbynyň islegidir. Watan beýgelse, halkyň hem abraý-mertebesi belende galýar. Hut şonuň üçinem ýurt şöhratyna dahylly işe goşant goşmak, biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Garaşsyzlyk bagty geljegimiziň ak günlere eýediginiň güwäsidir. Watan we Garaşsyzlyk düşünjelerini biri-birinden üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. 1991-nji ýylyň altyn güýzi türkmen halkynyň ykbalyny özgerden senäni taryha ýazdy. Şondan bäri geçen 32 ýylyň içinde türkmen döwletiniň ýeten belent derejeleri dünýäniň uly ykrarnamasyna eýe boldy.

Berkarar döwletiň sarsmaz binýady

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy — berkarar döwletiň sarsmaz binýady» atly ylmy-amaly maslahat sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik başlangyçlaryň netijesinde ýurdumyzda uly üstünlikleriň gazanylandygy, döwlet Garaşsyzlygy türkmen halkynyň ykbalynda täze bir sahypany açmak bilen, geljegini özbaşdak kesgitlemäge giň mümkinçilikleri döredendigi, halkymyzyň ynsanperwerlik, döwletlilik, deňhukuklylyk, adalatlylyk ýaly mizemez gymmatlyklarynyň, milli ruhuň döredijilikli ösüşiniň has-da rowaçlanmagyna itergi berendigini, mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 32 ýyllyk taryhy döwründe raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini gyşarnyksyz üpjün edýän demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýadynyň berkidilendigini aýratyn nygtap geçdiler.

Şygryýet bossany

Arkadagly Serdarymyz! Oguz handan gaýdýan halkyň döwürdäki nur-şuglasy,Şöhratymyz hem şanymyz, Arkadagly Serdarymyz!Göreldesi, ýörelgesi — kämil paýhasly kyblasy,Berkarar döwletiň täze eýýamynyň GalkynyşyDöwrüniň şöhraty-şany, Arkadagly Serdarymyz!

Söz ussady Magtymguly Pyragy

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny dünýä tanatmak ugrundaky taýsyz tagallalary esasynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, akyldaryň ady dünýä doldy. Şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen, ol diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir.  Hakykatdan-da, şahyr ýüregi örän duýgur bolýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda hem doly duýup bilýäris. Öz döwrüniň beýik şahsyýeti bolan Magtymguly Pyragy hem ýaşap geçen durmuşynyň ähli pursatlarynda ilimiziň agzybirligini, asudalygyny, jebisligini, abadançylygy, halallygy, watansöýüjiligi ündemek bilen, türkmeni bir suprada jemlemek ugrunda beýik işleri bitiripdir. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyz hem öz halkyny agzybir, abadan, bagtyýar ýaşatmak ugrunda yzygiderli tagallalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu aladalary diňe bir türkmenistanlylar üçin däl-de,  eýsem, ähli dünýä jemgyýetçiligini agzybirlige, ynanyşmaklyga çagyrýar.  

Danalaryň aýdanlaryndan

Magtymgulynyň edebi däpleri biziň şahyrlarymyz we ýazyjylarymyz üçin döredijilik mekdebidir. A. KEKILOW.

Pagta hasylyny ýangyndan goralyň!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda önüm öndürijileriň zähmetiniň ýerine düşendigini «ak altynly» atyzlar aýdyňlygy bilen äşgär edýär. «Ak altynyň» ýetişdirilen bol hasylyny daşamakda we ony isripsiz saklamakda ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmegi möhümdir. Pagta hasyly daşalanda awtoulaglaryň, traktorlaryň nowalarynyň üstüne ýüklenen pagtany syk dokalan mata bilen örtmezden daşamak, awtoulaglary, traktorlary uçgun söndüriş enjamy ýok halatynda ulanmak talabalaýyk däldir. Elektrik çyralary, enjamlar ulanylanda, talap edilýän kadalar doly we dürs ýerine ýetirilmeli. Harmanlarda işleýän adamlar ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen işlemegiň düzgünlerini bilmelidirler.

Peýdaly maslahatlar

1. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. 2. Witamin C — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli.

Dünýämizi parahatçylykly ösdürmegiň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan döwründe BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmagy Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän günlerinde şanly taryhy wakalaryň üstüni ýetirdi. Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde eden taryhy çykyşynda sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlary Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýäniň durnukly ösmegi ugrundaky işlerde beýik ornuny görkezdi.

Taryhy wakalar, zähmet üstünlikleri — durnukly ösüşiň aýdyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ösüşler köpmilletli halkymyzyň agzybirligini, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny aýan edýär. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýen taryhy sözlerini dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen şu ýylyň 9-njy sentýabrynda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermeginden ruhlanan Daşoguz welaýatynyň ussat daýhanlary ýaşulularyň «Bismillasy» bilen, şu gün gyzgalaňly oba hojalyk möwsümine girişýärler.

Garaşsyzlyk — jebisligiň gözbaşy

Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, halk hojalygynyň dürli ugurlaryndaky üstünlikleriniň, geosyýasatda eýe bolan ýokary abraýynyň gözbaşy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygydyr. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň taryhy Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilmegi, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň birnäçe gezek wise-başlyklygyna saýlanylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylyp, degişli kararnamalar bilen berkidilmegi hem doly tassyklaýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýy halkymyz üçin iň mukaddes toýlaryň, naýbaşy baýramlaryň biridir. Bu baýram eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, berkararlygyny hem-de milli bitewüligini şöhratlandyrýar. Merdana halkymyz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy hökmünde Döwlet baýdagyny we Döwlet tugrasyny döretdi. Şöhratly we gahrymançylykly taryhyny, asylly däp-dessurlaryny, milli mirasyny hem-de ynsanperwer ýörelgelerini dikeltdi. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-islegleri Garaşsyzlyk ýyllarynda hasyl boldy. Döwletimiziň taryhynyň şöhratly sahypalary Garaşsyzlyk döwrüne degişlidir. Çünki mähriban Watanymyz Gara

Beýik işleriň kämil mekdebi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Watany söýmegiň, oňa hyzmat etmegiň, il bähbidini ähli bähbitlerden ileri tutmagyň beýik göreldesini görkezýär. Alym Arkadagymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren umumy sapagy beýik işlerimizi dowamat-dowama beslemegiň kämil mekdebi boldy. Milletimiziň beýik Mugallymynyň  Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler, gözbaşy has gadymy döwürlerden gaýdýan nesil terbiýesi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli durmuş tejribelerimiz barada çuň mana ýugrulan wakalaryň mysalyndaky täsirli çykyşy, döwrümiz hakynda, beýik geljegimiz hakynda, ýaşlary gyzyklandyrýan meseleler barada pikir alyşmagy Arkadagly eýýamymyzyň ýaşlarynda geljegimiziň röwşenligine bolan ynamy, yhlasly zähmete bolan joşguny artdyrdy.