Türkmenistan — ÝUNESKO: bilim ulgamyndaky oňyn gatnaşyklar
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň seslenmä eýe bolýar. Ynha, ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 6-synyň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi şanly ýylymyzyň buýsançly wakalarynyň gerimini giňeltdi. Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň bu abraýly guramanyň agzasy hökmünde ykrar edilmegi we oňa degişli şahadatnamanyň gowşurylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň üstüni täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýene-de giň mümkinçilikleri açdy. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen ýola goýýan giň gerimli, anyk maksatlara gönükdirilen hyzmatdaşlygynyň ýylsaýyn giňeýändigini nygtamak gerek. 1953-nji ýyldan bäri hereket edýän «ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri» atly taslamasy hem dünýäniň bilim edaralarynyň birnäçesini parahatçylyk döredijilik taglymatynyň we ynsanperwerlik gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwereginde jemleýär. Şonuň ýaly-da, bu taslamanyň esasy maksady Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de ÝUNESKO-nyň alyp barýan işlerini wagyz etmäge,