HABARLAR

Hytaý deňziň üstünden ýokary tizlikli demir ýoly işe girizdi

Hytaýda özboluşly demir ýoluny açdylar. Ol ýurduň günorta-gündogar kenarýakasyndaky üç iri şäheri biri-biri bilen baglanyşdyrýar. Bu demir ýoly boýunça otlular sagatda 350 kilometre çenli tizlik bilen hereket edip, 277 kilometr aralygy bir sagatdan  hem az wagtda geçip bilýärler. Bu ugur boýunça ilkinji otly Fuçžou şäherinden 28-nji sentýabrda ýerli wagt boýunça ir bilen 9.15-de ugrady. Ahyrky nokada ýetmezden ozal otly Putýan, Sýuançžou, Sýamen we Çžançžou şäherlerinde saklandy. Munuň özi Fuçžou bilen Sýamen şäherleriniň arasynda ozal 1 sagat 20 minutda geçilýän ýoly 50 minutda geçmäge mümkinçilik berdi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023/2024-nji ýylyň güýz-gyş uçuş tertibi boýunça petekleriň satuwyna başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023/2024-nji ýylyň güýz-gyş uçuş tertibi üçin awiapetekleriň satuwynyň 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabryndan güýje girjekdigini we 2024-nji ýylyň 30-njy martyna çenli dowam etjekdigini habar berýär. Agentligiň resmi web sahypasynda «Häzirki wagtda Kazandan Aşgabat we yzyna, şeýle hem beýleki halkara ugurlara: Aşgabat — Stambul — Aşgabat, Aşgabat — Dubaý — Aşgabat, Aşgabat — Frankfurt — Aşgabat ugurlary üçin petek satyn alyp bilersiňiz» diýilýär.

Bulary bilmek gyzykly

Horwatiýanyň «Plitwis kölleri» milli parky Plitwis kölleri Horwatiýanyň milli parky derejesine 1949-njy ýylyň 8-nji aprelinde eýe boldy we her ýyl bu sene şol ýerde baýramçylyk hökmünde bellenilýär. Bu ajaýyp tebigy park Horwatiýanyň merkezinde ýerleşmek bilen, müňlerçe syýahatçylaryň seýil etmek üçin gelýän ýeridir. Milli park syýahatçylar üçin 1958-nji ýylda açylypdyr.

"Akylly" syýahatçylyk we göni howa gatnawlary: Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi

Pandemiýa hadysalaryndan soň, syýahatçylygy nädip janlandyrmaly? Bu babatda Merkezi Aziýa döwletleri koreý syýahatçylaryna näme teklip edip bilýär? Bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi nähili? Şu we beýleki soraglar "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň guramagynda we beýleki 5 döwletiň ilçihanalarynyň ýardam bermeginde Seul şäherinde geçirilen "tegelek stol" maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem bu ýurtlaryň we Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy satyn alynan awiabiletleri yzyna gaýtarmagyň tertibini düşündirýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli www.turkmenistanairlines.tm web sahypasyndan satyn alynan awiabiletleri yzyna gaýtarmagyň syýasatyny mälim etdi. Oňa laýyklykda, online awiabilet satuw saýtyndan turkmenistanairlines.tm üpjün edilen awiabilediniň pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy howa gatnawynyň awiabiledine tölegini geçiren şahsyýetiň talap etmegi esasynda, diňe ýolagçy tarapyndan (onuň ynanan şahsyýeti ýa-da kanuny wekili tarapyndan) doldurylan howa gatnawynda uçmaýandygy we pul serişdelerini yzyna gaýtarmak baradaky arza esasynda ýerine ýetirilýär. Howa gatnawynyň online awiabilediniň pul serişdelerini yzyna gaýtarmak üçin arzanyň nusgasy şu ýerden alyp bilersiňiz.

Türkmenistanda daşary ýurtlara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe daşary ýurtlara amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamagy, awiapetekleri sanly ulgam arkaly satyn almak üçin şertleri gowulandyrmagy tabşyrdy. Mejlisiň dowamynda Mämmethan Çakyýew Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 123,8 göterime deň bolandygyny hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar

Türkmenistan ýakyn aýlarda Aşgabat bilen Parižiň arasynda ýolagçy howa gatnawyny gaýtadan dikeltmegiň üstünde işleýär. Muny Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew fransuz kompaniýalary bilen geçirilen Işewürlik duşuşygynda mälim etdi. 2013-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda hereket eden Aşgabat—Pariž howa gatnawy iki ýurduň arasyndaky iň amatly arabaglanyşyklaryň biridi diýip, B.Annaýew belledi.

Ожидается возобновление в ближайшие месяцы пассажирского авиарейса Ашхабад-Париж

В Туркменистане прорабатывают технические детали возобновления в ближайшие месяцы пассажирских авиаперевозок между Ашхабадом и Парижем. Такой новостью поделился заместитель генерального директора Агентства транспорта и коммуникаций Туркменистана Батыр Аннаев, выступая на Деловой встрече с французскими компаниями. Функционировавший с 2013 по 2018 годы авиарейс Ашхабад-Париж был одним из самых оптимальных сообщений между двумя странами, напомнил он.

“Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Türkmenbaşy portuna geler

Hazar deňzi bilen Gara deňizinde gezelençleri ýola goýup başlajak “Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Türkmenbaşy halkara deňiz portuna geler. Bu barada Türkmenbaşy portunyň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, gezelenjiň dowamynda bu syýahatçylyk gämisi Azerbeýjanyň (Baku), Gazagystanyň (Aktau) we Russiýanyň (Mahaçkala) portlaryna hem barar.

Bulary bilmek gyzykly

Ajaýyp çyralar XIX asyr tehnologiýalaryň ösen döwri bolup, adamlar hem her bir oýlap tapyjylyk işinde olardan ugurtapyjylyk, başarjaňlyk bilen peýdalanýarlar. Ösen sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen öz işlerine täzeçillik çaýýan hünärmenler dünýä meşhur bolýan, şeýle-de täsin görnüşi hem-de gurluşy taýdan Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun alýan zatlary oýlap tapýarlar.