Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Bilim bagtyýar geljegimiziň, jemgyýetiň hem-de döwletiň sazlaşykly ösüşiniň mizemez binýatlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bu ulgamy döwrebap ýagdaýa getirmäge, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris. Ine, elimizde täze ýylyň senenamasy bar. Onuň ýokarsynda «2023-nji ýyl» diýen ýazgy dur. Bu täze senenamanyň ýaňy başlanandygyna garamazdan, onuň her bir güni, sagady, minudy... ýüreklerimize şatlyk, ynam-umyt şinejiklerini seçeläp dur. Sebäbimi?! Ol biziň her birimize mälim. Biz Täze ýyly — 2023-nji ýyly iň ýagşy arzuw-umytlar, päk niýetler bilen garşy alyp, ol ýylyň ýeňişli, üstünlikli, şowly bolmagyny arzuw edenimiz ýadymyzdadyr. Şol tämiz arzuw-islegler, hoş hyýallar bilenem biz Täze ýyly garşy aldyk.