Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe
Gurýan döwlet — gurply döwlet Gujurly gollaryň gudraty bilen,Uzaklary nazarlap iş görülýär.Rahatlygy üçin raýatlarmyzyň,Ýaşaýyş jaýlary gözel gurulýar.Aşgabadyň gündizleri owadan,Nurly gijeleri gündiz mysaly.Depesi gök direýän ymaratlar,Örňäp barýar ýaz kömelegi ýaly.Welaýatlar ösýär bedew bat bilen,Lideri alkyşlap işleýär her kim.Ertirlerne asuda dogýar Kuýaş,Tok nur saçýar öýüň artdyryp görkün.Gurluşyklar gurşap alyp çar ýany,Ulalýar obalar, kentler, şäherler.Rowaçlygna kepil bagtyýar iliň — Parahat gündizler, saba-säherler.Lezzeti kän bu bagtyýar durmuşyň,Ykbal dost eýlänsoň sagu-sollarmyz.Dünýä nusga bolup arassalykda,Öwşün atýar şäherlermiz, ýollarmyz.Waspy dilde dessan ap-ak binalar, Lowurdap çar ýana saçyp dur ýalkym.Egsik däldir asla bagt pyýalasy,Tarypy giň dünýä dolan bu halkyň.