HABARLAR

Ylym-bilim — geljege şamçyrag (Döwür we ýaşlar)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. «Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýip belleýän Milli Liderimiziň ýaşlar hakdaky aladalary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşinde öz mynasyp beýanyny tapýar.

Zehinliniň gazanany üstünlik bolar

Ýaşlaryň arasynda zehinlileri, ukyp-başarnykly erjelleri ýüze çykarmakda geçirilýän bäsleşikleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Ine, şeýle bäsleşiklerde zehinli jigilerimiziň ýene biri bilen tanyş bolduk. Ol Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Çary Akmyradowdyr. Ol fizika dersinden birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp, oňat netijeleri gazanmagy başardy. Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda gurnalan Innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Şol bäsleşikde Çary Akmyradow «Elektrik toguny simsiz aralyga geçirmek» atly taslama işi bilen 3-nji orna, bürünç medala mynasyp boldy. Çary Akmyradow bu bäsleşigiň sergisine hem gatnaşyp, taslama işiniň ähmiýeti, gurluşy barada gürrüň berdi. Onuň bu taslama işi mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň birnäçesiniň ünsüni özüne çekdi. Çary jigimiz şu ýylyň mart aýynda şol taslama işi bilen umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen ylmy döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda takyk ugry boýunça altyn medala eýe boldy. Şeýle-de

Arkadagyň sungaty

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän, sebitde «akylly» şähergurluşy bilen tapawutlanýan Arkadag şäheriniň binalarynyň her biriniň daşky görnüşi, binagärlik çözgütleri onuň şöhratly taryhymyza, medeni gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, milli medeniýetimize ýugrulan şäherdigine güwä geçýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň yhlasyndan, çuňňur paýhasyndan kemala gelen «akylly» şäheriň arhitekturasy geçmişi yzarlaýan, geljegi nazarlaýan milliligiň kämil nusgasynda gurlandyr. Täze şäherde halkymyzyň milli buýsanjy bolan dünýä belli ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrýan meşhur Akhanyň heýkeli sekizburçlukdan ýokary göterilýän daragt mysaly beýgelýän mermer arkaly mawy Ýer şarynda ýerleşdirilip, döwrebap şäherde öz mynasyp ornuny tapdy. Ady rowaýata öwrülen Akhana bagyşlanan binanyň belent başy suw çüwdürimi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň belent sepgitleri nazarlaýandygyny alamatlandyrýar. «Akhan» binasyny gurşap alan altynsow reňkli ganatly atlaryň nepis şekilleri binanyň ähmiýetini has-da açyp görkezýär. Onuň aýlaw germewi bolsa, türkmen binagärlik sungatynyň esasy bezeg nagşy bolan sekizburç şek

Zehinlere berlen belent baha

Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly filosofik eserinde toplan bilimini we baý tejribesini seljerip, olaryň üsti bilen il-ýurdumyzy belende göterýän meseleler barada giňişleýin söhbet edýär. Şol meseleleriň aglabasy ylym-bilim bilen baglanyşykly bolup durýar. «Jemgyýetde sowatly adamlar näçe köpeldigiçe, şonça-da zehinli adamlar has köp ýüze çykar» diýip, Gahryman Arkadagymyz ýazýar. Şu ugurda döwletimizde uly işleriň alnyp barylýandygyna, ýokary okuw mekdepleriniň döredilýändigine, olaryň geçen ýoluna we ylym-bilimiň ösüşine goşan goşantlaryna üns çekilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde jemgyýetiň iň bir düşünjeli, işjeň gatlagy hasaplanylýan ýaşlaryň bilim alýandygy hakynda möhüm gürrüň gozgalýar. Gahryman Arkadagymyz bu gürrüňi dowam etdirip, özüniň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde ýaşlar bilen geçiren duşuşyklaryny ýatlaýar. Şol duşuşyklaryň birisiniň — Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem bolup geçendigi baradaky ýazgylary höwes bilen okaýarys. Sebäbi bu duşuşyk edil şu günki ýaly biziň ählimiziň ýadymyzda. Ol biziň institutymyzyň taryhyna iň bir ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolup ornaşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýokary okuw

Pes gatlak basyşly guýularyň sütünlerini berkitmek üçin tamponaž kompozisiýasyny işläp düzmek

Uglewodorod serişdeleriniň uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaklygyň ileri tutulýan meýilnamasy «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öz ornuny tapdy. Şol maksatnama laýyklykda, 2030-njy ýylda nebitiň gazylyp alnyşynyň derejesini bir ýylda 110 million tonna we gazyň alnyşyny bolsa ýylda 250 milliard kubmetre çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar. Bu sepgitlere ýetmek üçin dünýäde ylmyň iň soňky gazanan öňdebaryjy tehnologiýalaryny hem-de tehnikalaryny nebitgaz pudagynyň önümçiligine ornaşdyrmak häzirki wagtda zerur bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, nebit we gaz guýularyny burawlamaklyga, esasan hem, olaryň sütünlerini berkitmeklige degişli bolan ylmy-tehniki işleriň mundan beýläk ösdürmekligine uly üns berilýär.

IŇLIS DILINDE GYSGALDYP ULANYLÝAN SÖZLERIŇ MANYSY

Iňlis dili dünýäde iň köp ulanylýan dilleriň biridir. Iňlis diliniň ýazuwynda köp ýer tutmazlyk we wagty tygşytlamak üçin

Baýry bilim ojagynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy

Şu gün Türkmenabat şäherinde ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasy geçirildi. Bu dabaranyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda täze okuw ýylynyň ilkinji gününe gabat gelmegi onuň taryhy ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ösüşleriň hem özgertmeleriň eýýamy

Häzirki wagtda ýaş nesillere berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, ähli bilim edaralary sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň netijesinde giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn kämil, sanly tehnologiýalara ökdelik bilen erk edýän, dünýä dillerini öwrenmäge höwesli täze nesil kemala geldi. Ýaş nesillerimiziň bilim başarnyklaryny dünýä dillerini öwrenmek arkaly artdyrýandyklary aýratyn guwandyryjydyr. Olara daşary ýurt dillerini öwretmekde täze tehnologiýalara, öňdebaryjy usullara daýanylýar. Ýaşlar elektron sözlükleriň, gollanmalaryň, kitaplaryň kömegi arkaly bilim derejelerini artdyrýarlar. Bilimiň ak ýolundan öňe barýan ýaş nesilleriň döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyşlary egsilmeýär.

Ýaşlar hakynda nusgalyk alada

Arkadagly Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Şunda berkarar döwletimiziň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaşlar baradaky alada hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýaşlar syýasaty babatda döwrebap kanunçylyk ulgamy döredilýär. Asylly maksada gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde eziz Diýarymyzyň kämil kanunçylyk binýadynyň barha pugtalanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Munuň aýdyň delili hökmünde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda», şeýle hem 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny mysal görkezmek bolar. Ýurdumyzyň ykdysady ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlary ykdysady taýdan goldamak maksady bilen, salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgetmelerde täze zähmet ýoluna gadam goýan ýaşlar babatda şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy boýu

Ylym-bilim — ösüşleriň ganaty

Her ýylda däp bolup gelşi ýaly, ertir ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden belleniler. Sahawatly güýzüň ilkinji gününde Diýarymyzyň bilim ojaklarynda täze, 2023 — 2024-nji okuw ýyly hem badalga alar. Şu mynasybetli guraljak toý-dabaralar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly seneleriniň üstüni ýetirer. Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde-de täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görüldi. Oba-şäherlerimizdäki orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 388-sinde abatlaýyş-rejeleýiş işleri geçirildi. Taýýarlygyň çäklerinde bilim ojaklaryndaky ders we synp otaglary abatlanyldy, yşyklandyryş ulgamy gözden geçirildi, sport meýdançalarynyň, ýanýodalaryň asfalt örtügi çalşyryldy. Mekdep kitaphanalary täze okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün edildi. Mahlasy, welaýatymyzyň ähli bilim ojaklary ertir badalga aljak täze okuw ýylyna doly taýýarlanyldy.