Kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmekde täze tapgyr
Häzirki ösüp-özgerip barýan döwür ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň gurluşyny yzygiderli kämilleşdirip durmagy talap edýär. Şoňa laýyklykda, jemgyýetiň esas goýujy hukuk binýady hemişe kämilleşdirilip durulýar. Şeýlelikde, onuň milli aýratynlyklara, döwletiň ösüş derejesine, halkyň islegine laýyk gelýän kämil görnüşi emele gelýär. 11-nji ýanwarda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirmegi hem döwletimiziň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeleri kesgitlemekde möhüm waka öwrüldi. Hormatly Arkadagymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, häzirki döwrüň ösüşiň zamanasydygyny, durmuşyň bir ýerde durmaýandygyny, yzygiderli ösüp-özgerip barýandygyny belläp, onuň täze kadalardyr ýörelgeler bilen baýlaşýandygyna we öňki garaýyşlaryň üýtgäp, başga many-mazmuna eýe bolýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesini göz öňünde tutup, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirmek arkaly iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, Milli Geňeşiň Halk