Bilimli nesil röwşen geljegimizdir
Hormatly Prezidentimiziň ylymly, bilimli, beden taýdan sagdyn, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde berýän maslahatlary, öňe sürýän başlangyçlary ýurdumyzda mynasyp nesilleri kemala getirmekde örän uly ähmiýete eýedir. Üstünlikli amala aşyrylýan toplumlaýyn işler olaryň mazmun baýlygyny has-da artdyrýar. Bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň bagtyýar ýaşlarymyzda şöhratly geçmişimize we röwşen geljegimize bolan belent buýsanjy kemala getirmekde edýän taýsyz tagallalary, pähim-parasata ýugrulan watançylyk sargytlary mynasyp orun tutýar. Arkadagly Serdarymyzyň halkymyz, aýratyn-da Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlar hakynda edýän aladalary göwünlerimizi galkyndyrýar. Şeýle aladalar ýaşlaryň diňe bir durnukly bilim-terbiýe almaklaryny, hünär edinmeklerini, dünýä derejesinde ylymly, bilimli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, ýaş nesillerimizde ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklara, sagdyn durmuş ýörelgelerine, halal zähmete söýgi döretmek, ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek, jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek ýaly birnäçe ugurlary hem öz içine alýar. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimizi oňat okap, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmakda mynasyp işleri amala aşyrmaga borçlandyrýar.