Sen nirede?
Men öňler nirä barsam, kitap, özüme gelişjek eşik, dil öwrener ýaly sözlük gözleýärdim. Emma soňky wagtlar maňa bir zad-a bolýar. Men indi diňe seni gözleýärin. Çärelerde, baýramçylyklarda, köpçüligiň üýşen ýerlerinde gözüm töweregimde galýar. Göýä sen bir ýerden çykaýjak ýaly bolup dursuň. Geçen ýekşenbe güni dostumyň toýunda senden bir yşarat boldy diýsemem ýalňyşmaryn. Sebäbi aňyrdan assa basyp gelşiňe, eda bilen ýöreýşiň, töweregiňe salyhatlylyk bilen bakyşyň — bularyň hemmesi edil meniň arzuwymdaky ýalydy. Dogumlyja ýöräp gelýäniňi görüp, ine-gana synlap ugradym. Orta boý, ak ýüz, goňras saçlar seni juda ýaraşykly görkezýärdi. Kamatyňda eger-eger artykmaç zat, kem zat görmedim. Öňüňden çykan joraňy görüp, ýylgyranyňda dagy, göýä Aý bulutdan çykan ýaly boldy. «Beýle mähir, beýle mylaýymlyk bir adamda jemlenip bilermikä?» diýip oýlanypdyryn. Şeýle owadan gözeliň sesem ýakymly bolmalydyr. Indi sesiňi eşidesim gelip, ýüregim üzülip barýar-a. Ýa-da özüm keseden salam beräýsemmikä? Ýok, ýok, bu gelşiksiz bolar. Maşgalany tanaman lak atmak abraýdan düşürer. Näme-de bolsa birden dörän ýagdaý meni pikirlerimden halas etdi. Seniň aňyrdan gelýän gartaşanrak zenana: «Salam, mugallym!» diýmegiň meseläni dessine çözdi. Sesiň diýseň ýakymly ekeni. Onuň ýakymy meni şobada özüne çekdi. Şeýdip, bu şertimden-de sen üstünlikli geçdiň. Edil synaglarda test tabşyranymyzda, anyk jogabynyň deňind