“Dil bilen dünýäni gezer”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” hereket edýär. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem Arkadagly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir. Türkmen halkynda “Dil bilen dünýäni gezer” diýen söz bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu sözüň ähmiýeti, gymmaty has-da rowaçlanýar. Bu günki gün ýurdumyzyň orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara dürli bilimleri bermek bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini hem öwretmäge uly üns berilýär. Bu ugurda bilim ulgamynda döwrebap tejribe toplanyldy. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara daşary ýurt dilleri ýörite meýilnamalar esasynda öwre