"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden ÇYKYŞY

(Nýu-Ýork şäheri, 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabry) Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!Hanymlar we jenaplar!

Milli demokratiýanyň rowaçlygy

Gadymy halkymyzyň köp asyrdan bäri durmuşyň wajyp meselelerini halkyň içinden sylanýan, hormatlanýan adamlar bilen maslahatlaşyp, sala salyp çözendigi taryhdan mälimdir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz öňden dowam edip gelýän bu däpleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüp, ony zamanabap talaplar esasynda ösdürýär. Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine hem demokratik däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwletimizde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak babatda öňe süren başlangyjynyň hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň

Buýsançly setirler

Bagtyýarlyk sabamyz Ak säheriň aklygy deý dünýäli,Arkadagly Serdar bilen sabamyz.Döwletli, döwranly, heňli heňňamy,Milli Lider bilen baky dowam biz,Arkadagly Serdar bilen sabamyz.

«Sözi paýhas bezär...»

Galkynyşly zamanamyzda toýlarymyz goşa-goşadan gelýär. Esasan-da, mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň dabaralanýan günlerinde bu toprak buýsançly habarlar, şatlykly pursatlar bilen bezelýär. Otuz ikinji gezek ulus-il bolup toýlaýan Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda Diýarymyz ýene-de bir şatlykly habaryň buýsanjyna doldy. Ýagny Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilen Duşenbe şäherinde bolmagy bilen baglanyşykly wakalar taryhyň sahypalaryndan, halkymyzyň ýüreginden orun aldy. Çünki bu taryhy iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy. Bu abraýly sylagyň gowşurylmagy Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýüzünde, şonuň ýaly-da sebitde iň bir ýagşy duýgulary kalba besleýän gatnaşyklaryň berkarar bolmagy, birek-birege hormat-sarpanyň islendik özara alnyp barylýan işiň özenini emele getirmelidigi baradaky öňe süren we sürýän beýik ideologiýasyna berlen uly bahadyr. Bu Hormat nyşany Gahryman Arkadagymyzyň sebitde ýüze çykýan islendik meselede maslahat salynýan kethuda ýaşuly hökmünde ykrar edilmegidir. «Ýagşynyň özi-de ýagşy, sözi-de» diýlişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi Aziýa döwletlerin

Şekillerde Garaşsyzlygyň waspy

Ýakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Garaşsyz Diýarym — mähriban Watan!» atly sergi açyldy. Sergide halypa suratkeşleriň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we onuň ýanyndaky türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň döredijilik işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýaş suratkeş A.Akmämmedowanyň «Älemiň ýaňy», A.Amanýazowanyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanym», A.Öwezmyradowanyň «Aziýanyň merjeni sen, Aşgabat!» atly sungat eserlerinde ülkämiziň ajaýyp binalary suratlandyrylýar. Ý.Annaýewiň «Ak öýüň aýdymy», A.Amangeldiýewiň «Süýji arzuwlar», O.Akmuhammedowyň «Mukamyň syry», M.Kulyýewiň «Toý aladalary» atly eserlerinde bolsa halkymyzyň bagtyýar durmuşy açylyp görkezilýär. G.Babaýewanyň «Galkynyş» güldany, M.Ataýewanyň «Baky şöhrat!», «Türkmenistanyň baýlygy» atly taslamalary, A.Taganowanyň «Güýz şemaly», «Şarlawuk» ýaly keramiki işleri serginiň özboluşly bezegine öwrüldi. Halkymyzyň baş baýramy mynasybetli guralan sergide görkezilen işleriň ählisi reňk öwüşginleri we döwrebaplygy bilen tomaşaçylary özüne çekýär.

Toý saçagyn hossar bezär

Bu günki gün dünýäniň çar künjünde ýaşaýan ildeşlerimiziň millionlarçasy ösüşlerden-ösüşlere ynamly gadam urýan ata Watanymyza çäksiz buýsanç, guwanç duýgulary bilen garaýarlar. Döwletimiz hem öz nobatynda olar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekligi halkara syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitleýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň toýlanylýan günlerinde zeminiň çar künjünde ýaşaýan watandaşlarymyzy bir supranyň başyna jemläp, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyny geçirmek hem ajaýyp zamanamyzda asylly däbe öwrüldi. Parahatçylygyň mekany bolan ata Watanymyza buýsançly bakýan daşary ýurtly ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň şatlygyny paýlaşmak üçin ýene-de Watanymyzda jemlendiler. Asylly däbe eýerilip, 20-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatyna ildeşlerimiz bilen bir hatarda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda birleşigiň daşary ýurt bölümleriniň doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da giňeltmekde, ykdysady, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, aýratyn-da, halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyny wagyz etmekde u

Baýramçylyk sergisi

Şu ýylyň 20-nji sentýabrynda bagtyýar halkymyzyň ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli baş baýramymyzyň şanyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Abat dünýäm bol!

Garaşsyzlyk toýunda

Şygryýet

Buýsançnama Köňüller alkyşdan-senadan doly:— Şöhrat bolsun Arkadagly Serdara!Öňe barýar beýik pederleň ýoly,Şöhrat bolsun Arkadagly Serdara!

Magtymgulynyň edebi keşbi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» atly romanynyň Magtymguly Pyragynyň «Atamyň» goşgusyndaky «Älem içre adam galmaz, at gezer» diýen şahyrana setirler bilen utgaşykly atlandyrylmagynda uly many bar. Gahryman Arkadagymyzyň pederi Mälikguly Berdimuhamedow bu hakda söz açyp: «Romana sözbaşy edilip beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň parasatly goşgy setiriniň alynmagy diýseň ýürek joşduryjydyr. Bu beýik ynsan üçin bolsa öz Watanyňa we halkyňa tüýs ýüregiň bilen hyzmat etmek dünýäde hemme zatdan arzylydyr» diýip, adalatly belleýär. Şu ýerde ýene-de bir hakykata ünsi çekmek gerek, türkmen halky mydama Magtymgulynyň goşgularyndaky öwüt-ündewleri durmuş ýolunda ýörelge edinip gelipdir. Emma häzire çenli türkmen edebiýatynda Magtymguly hakynda romanlar döredilenem bolsa, şahyryň ýaşap geçen zamanasyndan soňraky döwürde akyldar şahyryň nusgalyk pähim-paýhasdan doly goşgularyndan täsirlenip ýaşaýan, göreşýän gahrymanlaryň ykbaly barada söz açýan şeýle roman döredilmändi. Bu Gahryman Arkadagymyzyň Magtymgulynyň nusgalyk çeper döredijilik mekdebine ygrarlylygynyň, romanyň romana laýyk pelsepä eýediginiň, many-mazmun çuňlugynyň, çeperçiliginiň kepilidir. Ikinjiden, romanda öňe sürülýän esasy ideýa-taglyma, ýagny öz manyly ömründe il-ýurt üçin ägirt uly hyzmatlary bitiren ussat mugallym, gaýduwsyz esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet

«Pyragynyň ýüz älemi»

Ýakup Annanurow. «Aman Gulmämmedowyň portreti», 1936 ý. * * *

Güýzde sagdyn bolalyň!

Her bir paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda, dogry iýmitlenmeli we dogry geýinmeli. Güýzüň salkyn günlerinde adamlar limonly, itburunly, bally çaýa has köp isleg bildirýärler. Dürli miweleriň şirelerini içmek, kädi, şugundyr, käşir, kelem, noýba, badat ýaly ýokumly önümleri iýmek örän peýdalydyr. Güýz paslynda möwsüme görä ýyly egin-eşikleri geýmeli. Ylaýta-da, bedeniň çyga has duýgur agzasy bolan aýaklary ýyly saklamaly. Güýz aýakgaplaryny hem dogry saýlamaly.

Terjimeçi şahyr

Suratda: Kakabaý Gurbanmyradow maşgalasy Aýnagözel bilen (1985 ý.). Golaýda bize halypa şahyr hem terjimeçi Kakabaý Gurbanmyradowyň maşgalasy Aýnagözel gelneje bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Şonda ol ýanýoldaşy baradaky ýakymly ýatlamalaryň ýumagyny çözledi:

Ýagşylyk ýaýýan ýazgylar

Ýakynda pedagogika ylymlarynyň kandidaty Çary Gurbangeldiýewiň ynsan häsiýetini açmak, onda-da onuň ýagşylykly, haýyrly tarapyny seljermek, ýagşy-ýamany, ak-garany saýgarmak we onuň asyllylygyny zandyňa siňdirmek baradaky «Ýagşyny älem arzuwlar», «Halk ýamanyň bizarydyr» atly kitaplary okyjylara ýetirildi. Bu kitaplary dykgatly okasaň, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň ynsan häsiýetini dürli ugurlarda açýan şygyrlary süňňüňe ornaýar, dury gözli çeşme bolup kalbyňy gandyrýar.

Gurjaklyja gyzjagaz (Hekaýa)

Gyzjagaz gurjak oýnaýar. Gurjagyň bilen gürleşmän nädip oýnajak? — Gurjajygym, sen oglanjyk, men — gyz. Nähili gowy! Gowy gerek? Men dünýä inemde kakam dagy ilki begenmändirler. Soň begenipdirler. Olam bilýärmiň näme üçin? Oglan jigisine seredişer diýip begenipdirler. Oglan jigim bolýança men saňa seretmeli. Oglan gurjagy maňa kakam ýörite gözläp tapyp getirdi. Sen nähili gowuja! Saçyňam buýraja. Aýdymam aýdyp bilýäň.

Dünýäni açýan gymmatlyk

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Kitap dünýäni açýar. Aslynda, dünýä kitaba öwrülmek üçin ýaşaýar» diýýär. Hakykatdan-da, kitap — içi gyzykly wakalardyr maglumatlardan doly hazyna. Ýöne kitaplaryň özleri barada-da gyzykly maglumatlar az däl. Okyjylara şolaryň käbirini ýetirmegi makul bildik. Dünýä ýurtlarynda kitaba goýulýan sarpa hakda söz açylanda ýurdumyzda ýylyň-ýylyna geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty, ilki bilen, seriňe gelýär. Sözüň doly manysyndaky kitap baýramçylygy dünýäniň çar künjünden neşir işgärlerini gözel paýtagtymyza jemleýär.

Gör­mek bi­len gör­me­giň par­hy (Iň­lis tym­sa­ly)

Ömrüni mugallymçylykda geçiren ýaşulynyň ýanyna talyplarynyň biri görme-görşe gelýär. Çaý başyndaky gürrüňçilikde talyp mugallymyna şunça dogruçyl, halal işlese-de, işiniň ugruna bolubermeýändigini aýdyp zeýrenýär. «Ýa meniň kemter gaýdýan ýerim barmyka?» diýip, ol halypasyndan maslahat soraýar. — Sen okaýarkaňam dogruçyllygyň, gönümelligiň bilen aýratyn göze ilýärdiň. Men saňa käbir zatlary gürrüň bereýin, belki, şundan netije çykararsyň — diýip, goja mugallym gürrüňe başlaýar.

«Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar»

20-nji sentýabrda şeýle at bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde sergi açyldy. Onuň açylyş dabarasynda Aşgabat şäher Berkararlyk etrabynyň Halk maslahatynyň agzasy Şirinjemal Ýegelekowa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Selbi Gurbangylyjowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Babajan Bekmürzäýew, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Süleýman Ilamanow, Aşgabat şäheriniň 4-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Ogulbibi Hojatowa, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýüniň hünärmeni Ogulkeýik Babaýewa dagy çykyş etdiler. Olar Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ýeten beýik sepgitleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty barada gürrüň berdiler. Şahyr Süleýman Ilamanow eziz Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän döwrebap goşgularyny okady.

Garaşsyzlyk — berkararlyk binýady

Iň süýji zatlaryň hataryndan orun alan erkanalygyň, berkarar döwletiň arzuwynda ýaşan pederlerimiz, ene-mamalarymyz köňül kelamlaryny milli mirasymyza siňdirip, bize — nesillere ýadygär galdyrypdyrlar. Gahryman Arkadagymyz: «Medeni miras — maddy we ruhy gymmatlyklar ynsana şatlyk, ata-babalara hormat, ýaşaýşa söýgi, dowamata hyjuw döredýän gözellik älemidir. Bu älem tümlügi — gündizlige, çöli — lälezarlyga, duşmançylygy — dostluga öwürýän, ýürekleri buýsançdan doldurýan, beýnileri paýhas bilen durlaýan egsilmez güýçdür» diýýär. Bu dürdäne setirler Garaşsyzlyk ýyllarymyzda milli gymmatlyklarymyza täze ömür bagyş edilmeginiň özenini açyp görkezýär.