HABARLAR

Perzent — ömrüň manysy

Her bir enäniň durmuşynda ilkinji perzende gözüniň düşmegi, ony bagryna basmagy, näzijek ellerini ellerine almagy onda üýtgeşik duýgy döredýär. Okuwçy wagtlarym sapaklarymyň daşyndan mugallymymdan sowallaryma jogap aljak bolup, sähel gijä galanymda ýa-da talyplyk ýyllarymda köpçülikleýin çärelere gatnaşyp, eglenemde, ejem meni alada edip garaşardy. Öýe gelenimde, gapyny kakmak gerek bolmazdy, ejem gapyny açyp, ýoluma seredip durandyr. Ejemiň beýle aladaçyllygy meni haýran galdyrýardy. «Näme üçin beýlekä? Belki, ýeke perzendi bolanymdanmyka?» diýýärdim.

Şirin — nabat...

Nabat sözüni agzanyňda türkmeniň gadymky süýjülikleriniň biri göz öňüňe gelýär. Nabat bilen gyzyklanmagyma günde bir wagtyna nabat atyp, kofe içmegim sebäp boldy. Kofä nabat atanyňdaky ýaly üýtgeşik tagamy — şeker atyp içeniň bilen deňäp bolmaýar. Mende onuň näme sebäpden şeýledigini bilmek höwesi döredi. Gadymdan bäri halwanyň hem nabadyň «Daşoguzyň halwasy», «Daşoguzyň nabady» adyny alyp, Beýik Ýüpek ýolunda täjirleriň arzyly harydyna öwrüleni hemmämize mälim bolsa gerek. Nabat taýýarlaýan adamlar bilen gürleşmek niýeti bilen Daşoguz welaýatynda ýaşaýan tanyşlaryma jaň etdim. Olar nabat taýýarlamagyň syrlaryny bilýän obadaşlary Eýýambergen Allabergenow bilen telefon arkaly gürleşmegimi ýola goýdy. Saglyk-amanlykdan soň nabadyň taýýarlanyşynyň syry, onuň ynsana edýän täsiri barada soranymda, Eýýambergen şeýle gürrüň berdi:

Ýagşy endik — ömürlere ýaraşyk

Çagalara ýagşydan-ýagşy edim-gylymlary, gowy gylyk-häsiýetleri entek has körpejekä öwretmek maksadalaýykdyr. Çünki çagalara edep-terbiýe bermek meselesinde haýal-ýagallyga ýol bermek köp-köp ýalňyşlyklaryň üstünden eltip biler. Kiçijikkä öwreden zadyň çaganyň edil aňyna berçinlenen ýaly bolýandyr we şol terbiýe onuň bütin ömrüne şamçyrag bolup şöhle saçýandyr. Psihologlar çagalaryň has irki ýaşlaryndan başlap şu aşakdaky endikleri özlerine hemra edinmelidiklerini aýdýarlar: Dost tutunmaly we özüňem gowy dost bolmagy başarmaly. Gysganç bolmaly däl. Bölüşmegi başarmaly. Bu endik çaga dost tapynmaga kömek eder we bu endik oňa ömürboýy ýardam berer. Hossarlaryň hemişe ýanyňda bolmaýarlar. Dostlaryňa bolsa diňe seniň özüň gowy dost bolan ýagdaýyňda bil baglap bolar.

Wagtyňy hoş geçirmegiň ýollary

Käbirlerimiz hepdäniň ahyrynda joralarymyz, dostlarymyz we maşgalamyz bilen görüşmäge, göresimiz gelýän filmlere tomaşa etmäge hem-de konserte gidip, gowy görýän bagşylarymyzy diňlemäge tapýan wagtymyzy gyzyla deňeýäris. Eýsem, biz hepdäniň ahyryna teşnelik bilen garaşýarkak, hepdäniň içinde ýitirýän wagtymyzyň nähili gymmatlydygyny unudýarys. Şonuň üçin şu makalamyzda hepdäniň dowamynda bagtly bolmagyň ýollary barada pikir alyşmagy makul bildik. «Hiç zat etmäge wagtym ýok» diýip oýlanýanlar üçin, hepdäniň dowamyny hem hoş geçirip bolýandygyny ýatlatmak isleýäris. Esasan hem, soňky wagtlarda kän gürrüňi edilýän «Günde 3 sagat özüň üçin ýaşamak» diýen ýörelge ýörgünli, bu wagtyňy keýpiçaglykda geçirmäge ýardam edýär.

Tara dokamagyň gadymy usuly

Tara dokamagyň gadymy usulynda ýüpegi taýýarlamak üçin gerek bolan gurallar (Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda.)

Biler bolsaňyz...

Gündelik ulanýan aýnadyr daraklarymyz, ýaşaýyş-durmuşymyzda serenjam beriji adaty gural hökmünde orun alandyr. Megerem, olaryň döreýiş aýratynlygy we durmuşda ulanyp başlanmagy bilen bagly gysgaça maglumatlary bilmek, her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Göräýmäge, çylşyrymly görnüşi bolmadyk, serenjam beriji bu gurallar, gadymyýetden gözbaş alyp gaýdandyr. Gadymy döwürde-de daş-töweregi gurşap alýan tebigatymyz, adam durmuşyna we onuň döredýän zatlaryna uly täsir ýetiripdir. Tebigy suwlar we olarda ýaşaýan janly-jandarlar hem ýaşaýşyň gözelleşmegine azajyk hem bolsa öz goşandyny goşupdyrlar. Aýratyn-da, zenanlaryň gözellik dünýäsinde tebigy dury suwlar serenjam beriji aýna hökmünde hyzmat edipdir. Hut şonuň ýaly-da, adamlar tebigy hadysalar esasynda döreýän wulkan daşyna (obsidian) seredip hem özleriniň daş sypatyna baha beripdirler. Emma taryhy arheologik tapyndylaryň arasynda b.e.öň bürünç asyryna degişli bolan galaýydan ýasalan aýnalaryň birnäçesiniň bolmagy, gözellik akabasynyň hemme döwre degişlidigine şaýatlyk edýär. Emma ýüz görmek üçin niýetlenen aýnalaryň ýörite döredilmegi, diňe XIII asyrda, ýagny 1240-njy ýylda amala aşyrylýar. Çünki bu ýyllarda Ýewropa ýurtlarynda ýörite gurallaryň üsti bilen aýna çişirmek usuly ýüze çykýar. Çişiril

Peýdaly maslahatlar

Saç ýuwujy serişdeler Saçyňyzy ýuwmak üçin şampun saýlanyňyzda onuň daşyndaky ýazgyny gowy okaň. Eger şampun siziň saçyňyzyň görnüşine degişli bolsa alyň. Ony ulanyp başlanyňyzda üns ediň: saçyňyz arassamy, ýagyny aýrypmy, öwüşgin berýärmi, ýuwanyňyzdan soň saçyňyz ýüpek ýaly seçelenýärmi, gowy daralýarmy, kelläňiziň derisinde örgün barmy, umuman, şular ýaly sowallary öz-özüňize berip, saýlan şampunyňyza baha berip bilersiňiz. Ony barlamak üçin 1—2 gezek ýuwmak ýeterlik. Gowy saýlanan şampun saçy beloklar bilen baýlaşdyrmaly we ony iýmitlendirmeli. Şampuny wagtal-wagtal çalşyryp durmak hökman däl, eger-de saçyňyza ýaramly şampuna duşan bolsaňyz, onda ony tä saçyňyzyň ýagdaýy üýtgeýänçä ulanyp bilersiňiz.

Meşhur daşlar

«Wittelsbah» göwheri Adamzat taryhynyň bütin dowamynda iň gymmatbahaly daşlar göwher hasaplanylýar. Bu günki gün şol gymmatbahaly daşlaryň içinde-de iň gymmatlysy «Graf Wittelsbah» atly göwher hasaplanýar. Taryhda bu kristal ilkinji gezek XVII asyrda agzalyp geçilýär. Şol döwürde Ispaniýanyň patyşasy Filip IV bu göwheri gyzy Margarite Tereze durmuşa çykanda sowgat berýär. Emma bu göwher häzirki adyna 1772-nji ýylda, haçan-da daş Wittelsbahyň maşgalasynyň eýeçiligine geçende eýe bolýar. Dünýäde iň bir gymmatbaha göwher ilkinji gezek 1958-nji ýylda Belgiýada Halkara sergä çykarylýar. 2008-nji ýylyň ahyrlarynda bu göwheri britaniýaly zergär Lorens Graf 18,7 million ýewro satyn alýar.

Terbiýäniň gözbaşy

Türkmen halky nesil terbiýesine gaty inçelik bilen çemeleşipdir. Dünýä inen çaganyň watansöýüji, zähmetsöýer, arassa ahlakly, ynsanperwer bolup ýetişmegi üçin başdan alada edipdir. Terbiýäniň esasan, görüm-göreldäniň üsti bilen amala aşyrylýandygyna göz ýetiren pederlerimiz «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz», «Atadan gören söwüş soýar, eneden gören supra ýaýar» diýen ýaly ajaýyp nakyllary döredipdirler. Türkmen halk döredijilik eserlerine ser salanyňda, olaryň perzentleriniň geljekde il içinde sylagly, sarpaly, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerini arzuwlap, ýagşy niýete ýugrulandygyny görmek bolýar. Türkmen maşgalasynda gyz çaganyň terbiýesine has içgin garalypdyr. Çünki geljekde başga bir maşgala gelin bolup gitmeli perzentlerini ýaşlygyndan durmuşa taýýarlapdyrlar. Halkymyzyň şeýle ajaýyp ýol-ýörelgesi häzirki günlerde-de dowam etdirilýär.  Türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň haýsy biriniň döredijiligine ser salsaň, gyz-gelinleriň waspy ýetirilýän goşgularyň köpdügine göz ýetirýärsiň. Şol goşgularda hem olary bezeýän zadyň, ilkinji nobatda, asyllylygy, edepterbiýesi we eliniň çeperligi nygtalýar. Häzirki wagtda toý-baýramlarda egni milli lybasly gyzgelinleri göreniňde gözüň dokunýar. Egni lowurd

120-ni arkalan...

Tüweleme! Ajapsoltan ene şu ýyl laýyk 120 ýaşady. Bu ýaş, türkmençilikde aýdylyşy ýaly, Göroglynyň ýaşy. Ilçilikde häli-häzirlerem ýaş toýlarynda aýdylýan gutlaglar Görogly ýaşynyň arzuw edilmegi bilen jemlenýär. Bu ýaş, megerem, iň uzak ýaşamagyň simwolydyr, belki-de, şol ýyllaryň dowamynda nusgalyk şahsyýete öwrülip bilmekdir... ...Biz bu söhbede ýene bir gezek dolanýarys... Uzak ýaşamagyň syry baradaky sowal, megerem, dünýäniň uzak ýaşly ýaşaýjylaryna iň köp berilýän sowal bolsa gerek. Elbetde, şol bir sowalyň köp gaýtalanmagy onuň jogabynyň gyzyklylygy, köpleri gyzyklandyrýandygy bilen bagly. Berilýän jogaplar dürli-dürli bolsa-da, olarda käbir meňzeşlikler bar. Belleýişlerine görä, uzak ýaşamagyň esasy syry, sebäbi, könekiler aýtmyşlaýyn, ykbal ýazgyt-nesibesinden soň, asuda, parahat durmuşa, arassa howa şertlerine, tebigat gözelligine bagly hasaplanýar. Şeýle maglumatlar bilen tanşanyňda, aýan bir hakykat seriňe dolýar: häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly işler amala aşyrylýar, arassa ekologiýa gurşawy döredilýär. Aslynda, türkmen topragy, owadan tebigaty tüýs ynsan ömrüne ömür goşýan täsinlikleri özünde jemleýär. Netijede bolsa, ýurdumyzda ynsan saglygy hakda alada