"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@online.tm

Habarlar

Senagat-gurluşyk toplumynyň kuwwaty

Häzirki wagtda ýurdumyzda guralýan halkara sergiler, önümçilik pudagyna degişli halkara ylmy maslahatlar söwda we senagat işiniň kämil ýola goýulmagyna, ylaýta-da, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öndürýän senagat we gurluşyk önümleriniň ýokary hilli bolmagyna, döwrebap tejribelere daýanýan bähbitli hyzmatdaşlygyň artmagyna, ikitaraplaýyn taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýardam edýär. Şeýle çäreleriň biri hem 6 -njy awgustda guralan «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy—2022» atly halkara sergisidir.  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan bu sergide Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri giňden açylyp görkezildi. Bu bolsa geljekki bähbitli hyzmatdaşlygyň, iň täze işläp taýýarlamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň ýol açýar. Sergä gatnaşan ähli myhmanlara «Mert gurluşyk» hojalyk jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Saýaly menzil» hojalyk jemgyýeti, «Akylly tilsimat» hojalyk jemgyýeti, «Takyk tilsimatlar» hojalyk jemgyýeti, «Milli hasyl» hojalyk jemgyýeti, «Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti, «Senagat Plastik» hojalyk jemgyýeti, «Çeper gurluşyk» hususy kärhanasy, «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy, «Kat–Türkmen» hususy kärhanasy, «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy, «Myradym» hususy kärhanasy, «Ak Tab» hususy kärhanasy, «Çemenli ýaýla» hususy kärhanasy, «Bäş daş» hususy

Giriş synaglary dowam edýär

Adamzat nesliniň gazanan iň ajaýyp üstünlikleriniň biri-de ylymdyr. Bir ýurduň sazlaşykly ösüşi, ilkinji nobatda, şol ýurduň ýaş nesliniň bilim derejesine bagly bolup durýar. Şu jähetden ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler ýurduň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň gözýetimli, sagdyn pikirlenmegi başarýan we özleriniň saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmagyna gönükdirilendir. Häzirki wagtda ylym-bilimiň ojagy hasaplanýan ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul edilmek, giriş synaglaryny tabşyrmak döwri dowam edýär. 2022 — 2023-nji okuw ýylynda talyplary okuwa kabul etmek boýunça döwlet synaglarynyň netijeleri esasynda ylymly-bilimli ýaşlar ýurdumyzyň birnäçe bilim ojaklaryna kabul ediler. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglar Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilip, degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça geçirilýän synaglar döwlet dilinde alnyp barylýar.

Hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­lar ro­waç­lan­ýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-15-nji iýulda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary dünýä döwletleri, şol sanda goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli, hoşniýetli we deňhukukly gatnaşyklary ösdürmekdäki we pugtalandyrmakdaky tagallalaryň geriminiň barha giňelýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. «Kuksaroý» köşgünde geçirilen iň ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda dostlukly döwletleriň Baştutanlary bar bolan ägirt uly kuwwaty has doly derejede peýdalanmaga giň mümkinçilikleri açýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde taraplaryň çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz türkmen-özbek syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň many-mazmunynyň we ugurlarynyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyna, ylalaşykly strategiýa hem-de hereketlerimiziň ysnyşykly utgaşmalydygyna, olaryň, ilkinji nobatda, iki halkyň we döwletiň uzakmöhletli bähbitlerine laýyk gelmelidigine ynam bildirdi. Gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy baradaky meselä deglip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň merkezinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan «Daşkent» seýilgähiniň açylyşy möhüm waka bolar. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Daşoguzda türkmen-özbek döredijilik festiwalyny geçirmegi teklip edip, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň, ozal hem bolşy ýaly, Türkmenistanda giň dö

Türk­me­nis­tan — BMG: äh­lu­mu­my ösü­şe we aba­dan­çy­ly­ga esas­lan­ýan hyz­mat­daş­lyk

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýarys.

Tä­ze be­lent­lik­le­ri na­zar­lap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli uly işler hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir» diýen parasatly sözleriniň Diýarymyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmelerde öz beýanyny tapýandygyna güwä geçýär. Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň netijesinde ozaly bilen berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny aýratyn bellemek gerek. Diýarymyzyň ykdysady syýasatynyň durmuş ugruna gönükdirilmegi, Watanymyzyň özgertmeleriň ösüş ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreleriň hem netijeliligini bellemek gerek. Soňky ýyllaryň dowamynda bu ugurda ýokary görkeziji aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlanmagy, döwletiň nyrh syýasaty, hususy başlangyçlary goldamak, şeýle hem goşmaça durmuş ýeňillikleri toplumy netijesinde üpjün edilýär. Döwletimizde halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşi, ozal bar bolan hem-de täze döredilen önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak netijesinde ilaty iş bilen üpjün etmegiň hasabyna, adamlaryň ýaşaýyş-durmu

Kä­mil­li­giň aý­dyň ýo­ly

Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz ata Watanymyzyň dünýä bileleşiginde öz mynasyp ornuna eýe bolmagynyň, dünýä dolmagynyň we ösmeginiň goşa ganatydyr. Ata-babalarymyz müňýyllyklardan bäri parahat durmuşa, asuda ýaşaýşa uly sarpa goýýarlar. Çünki parahatçylygyň bar ýerine gülläp ösmek, rowaçlyk ýardyr. Biziň şu günki asudalyga, hoşniýetli gatnaşyklara bolan söýgimiz öz gözbaşyny pederlerimiziň çuňňur paýhasyndan alyp gaýdýar. Bu gün bolsa halkymyzyň parahatçylyga goýýan sarpasy, ynsanperwerlik ýörelgesi, hoşniýetlilik, açyk göwünlilik, ynanyşmak häsiýeti Bitaraplygyň filosofiýasy bolup giň jahana ýaýylýar. Diýmek, hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň parahatçylyga, dostluk-doganlyga, ýagşy niýetlilige, adalatlylyga ýugrulan hamyrmaýasydyr, ösüşiň, kämilligiň aýdyň ýoluny şöhlelendirýän taglymatydyr. Ähmiýeti, zerurlygy babatda iňňän uly baýlyk bolan Bitaraplygymyza eýe bolan günümiz taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Halkymyz şeýle gymmatlyklary mukaddeslik derejesine ýetirýär we däp bolşy ýaly, her ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni uludan bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli geçen Bitaraplyk ýyllary içinde gazanylan we indi gazanyljak ösüşlerimize, bolup geçýän dürli öwüşginli wakalara akyl ýetirmek biziň her birimiz üçin parzdyr.

Dur­muş go­rag­ly­ly­gy­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy

Türkmenistan döwletimizde durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşyň we beýleki ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalar ýerine ýetirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda giň gerimli meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. ХХI asyryň başynda ýurdumyzda durmuş innowasiýalaryny goldamagyň zerurlygy ýüze çykdy. 2010-njy ýylda tassyklanan «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasy» ýurdumyzyň ykdysady ösüşini durmuşa gönükdirilen innowasiýa nusgasyna geçirmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu resminamanyň maksadyna we wezipelerine laýyklykda, ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmak, bazar-ykdysady we institusional özgertmeleri çuňlaşdyrmak, milli ykdysadyýetiň innowasiýa ösüşini gazanmak, durmuş ulgamynda hyzmatlary hil taýdan kämilleşdirmegiň netijesinde, adamyň ruhy taýdan ösüşiniň ýokary derejelerde bolmagyny üpjün etmek we beýlekiler göz öňünde tutulýar. Bu işler gerimi hem-de ähmiýeti babatynda maksatnamalaýyn strategiýa hökmünde halkymyzyň durmuş şertleriniň düýpli gowulandyrylmagyna gönükdirilendir.

Ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy

Ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň üpjün edilmegine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ösüp gelýän nesilleri belent watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olarda ata Watana, halka, jemgyýete hem-de maşgala bolan belent söýgi we hormat duýgularyny döretmekde mähriban enelerimiziň hyzmaty örän uludyr» diýmek bilen, ynsan nesliniň dowam etmeginde zenanyň orny we adamzat üçin eneligiň ähmiýeti barada nygtap geçýär. Şu nukdaýnazardan hem döwlet aýallara goşmaça hukuklaryň we azatlyklaryň uly toplumyny kepillendirýär we şol hukuklaryň amala aşyrylmagy üçin ähli zerur şertleri döredýär. Mysal üçin, halkara hukugynyň kadalaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň zähmet hukuk gatnaşyklarynda fiziki we biologiki aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, aýal-gyzlara goşmaça ýeňillikler bellenilýär. Möhüm halkara-hukuk namalarynyň ençemesiniň gatnaşyjysy bolan Türkmenistanda aýallaryň deňhukuklylygy döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Adamyň azatlyklary we hukuklary, aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygy baradaky kadalar Esasy Kanunymyzyň özenini düzýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň aýallaryň bähbidiniň goralmagyna we gender deňligine gönükdirilen birnäçe esasy resminamalaryna goşuldy. Olaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň «Aýallar babatda hukuklary kemsitmegiň ähli formalaryny ýok etmek hakynda Konwensiýany», Zähmetiň Halkara Guramasynyň

Ga­raş­syz­lyk söh­be­ti («soň­lan­ma­jak söh­bet­ler» at­ly ma­ka­la­lar top­lu­myn­dan)

Köňülden şeýle owazlar eşidilýär: — Bu gün biziň ýurdumyz — Garaşsyz Türkmenistan dünýä döwletleri bilen egnini deňlän abraýly hem ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde tanalýar. Ol bolsa ilki bilen ýurtda alnyp barylýan öňdengörüjilikli we oýlanyşykly daşary hem-de halk, Watan bähbitli, ykdysady ähmiýetli, dana içeri syýasatynyň netijesidir. Ikinjiden bolsa, «Biz gadymy halk hökmünde hem, geçmişde beýik döwletleri guran halk hökmünde hem, dünýä ýol-ýörelge beren halk hökmünde hem, bu günki özbaşdak döwletli halk hökmünde hem özümizi dünýä nähili ykrar etdirip bilen bolsak we ýene nähili ösüşleri nazarlaýan, ýene nämeleri edip biljek bolsak, bularyň ählisine mümkinçilik döredýän zat Garaşsyzlygymyzdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz özüniň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda nygtaýar. Ol sözler ýurda, halka Garaşsyzlygyň näderejede ähmiýetlidiginiň aýdyň beýanydyr.

Ygtybarly bilim gurşawy

Islendik döwletiň geljekki ykbaly bilim ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Ylym we bilim adamzadyň gymmatly baýlygydyr. Türkmenistan Watanymyzy dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň birine öwürmek, bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek we arassa ahlakly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek mugallymlaryň zehin-başarnygyna bagly bolup durýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde milli ýörelgelere laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Şeýle-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň konsepsiýasynda bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Türk­me­nis­ta­nyň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge we dünýä bileleşiginiň bähbitlerine sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňden ýola goýmaga gönükdirilendigi dünýä aýan hakykatdyr. Häzirki zaman köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek bolsa bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigine Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda möhüm ähmiýetli iri halkara ulag taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işlere halkara guramalar tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Bu ulgamyň ösdürilmegi bolsa dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, Türkmenistanda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan teklipleriň durmuşa geçirilmegi örän möhüm ähmiýete eýedigi bilen häsiýetlenýär. Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginde möhüm orny eýelemek bilen, iri halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasatynyň e

Na­gyş­la­ryň syr­ly dün­ýä­si

Zenan zehininden dörän älemgoşar öwüşgünli ajaýyp nagyşlar arkama-arka, nesilden-nesle geçip, şu günki günlerimize gelip ýetipdir. Nagyşlary synlap, olaryň döreýşi barada oýlananyňda, bu gözellikleriň eli çeper enelerimiziň yhlasynyň miwesidigine göz ýetirýärsiň. Şol nagyşlara zenan ýüreginiň mähri, gözelligi, näzikligi, onuň süýji arzuw-hyýallary, kalbynyň owazy, söýgüsi siňipdir.  Nagyşlaryň syrly dünýäsi diýlende, enemiň gadymyýetde bolup geçen bir waka baradaky gürrüňi ýadymda galypdyr. «Bir enäniň eli çeper gyzlary bolupdyr. Mährem ene gyzlaryna çagalykdan saýlanyp, ýumşa ýaran gününden keşdeçilik käriniň inçe syrlaryny öwredipdir. Nagyşlaryň her biriniň näme manyny berýändigini birkemsiz aňlaryna goýupdyr. Her biri bir taryhy wakany gürrüň berýän nagyşlary gyzlar enelerinden ürç edip öwrenipdirler. Inçeden edil «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýdirýän bu käri ilikdüwme ele alan gyzlar, il içinde keşdeçiler maşgalasy diýlip tanalypdyr. Ene gyz perzentlerine şeýle pent edipdir: «Durmuşa çykyp baran ýeriňizde agzyňyz gyňaç bilen mydama ýapylgy bolsun. Sesiňizi özüňizden ulular eşitmeli däldir. Habar gatanyňyzda, diňe özüňizden kiçi ýaşly baldyzdyr ýüwürjileriňiz arkaly habarlaşmalysyňyz. Haçanda görme-görşe geleniňizde, men siziň hal-ýagdaýyňyzyň neneňsi haldadygyny egniňize geýen lybasyňyzyň keşdesinden bilerin. Eger «gülýaýdy», «dolyhan» nagyşlary ýaly keşdeler

Haryt bolçulygy – halkyň abadançylygy

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkymyz üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanylmagy, içerki bazarlarymyzyň ösdürilmegi we eksporta bagly bolmagy azaltmagy dowam etmek ugrunda dürli wezipeler durmuşa geçirilýär. Edara-kärhanalarymyz tarapyndan öndürilýän içerki önümlerimiziň geçen ýylda 6,2 göterim artmagynyň netijesinde, raýatlarymyzyň durmuş şertlerinde isleglerini kanagatlandyrmak bilen bagly işleriň üstünlikli dowam etmegi muny aýdyň tassyklaýar. Häzirki wagtda Diýarymyzyň içerki bazarlarynda hil taýdan ýokary we bahasy boýunça amatly harytlarymyz ilatymyza hödürlenmek bilen, azyk bolçulygyny üpjün etmekde toplumlaýyn çäreleriň doly depginde amala aşyrylýandygyny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda alyjylarymyza medeniýetli hyzmat etmek, hyzmatlaryň halkara häsiýetlere laýyk bolmagyny gazanmak öňde durýan esasy wezipeleriň biridir. Bu günki gün bazarlarymyzda söwda tekjeleri gök, miwe we bakja önümlerinden bol bolup, ýurdumyzda öndürilýän tüwi, mäş, noýba, şeýle-de dürli görnüşli unaş önümleri olaryň üstüni ýetirýär. Azyk önümlerimiziň bolçulygyny döretme

Yk­dy­sa­dy dip­lo­ma­ti­ýa ro­waç­lyk ýo­lun­da

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­satynyň bin­ýat­lyk esas­la­ry ata Wa­ta­ny­myz­da ama­la aşyr­ýan mö­hüm sy­ýa­sy ugur­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu sy­ýa­sy ugur­la­ra la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne, şeý­le hem beý­le­ki döw­let­le­riň işi­ne ga­tyş­maz­ly­ga, gap­ma-gar­şy­lyk­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len we sy­ýa­sy se­riş­de­ler ar­ka­ly çöz­mä­ge yg­rar­ly bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň alyp bar­ýan, bü­tin adam­za­dyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, yn­san­per­wer da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­le­ri­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­ýär. Bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler se­bit­de we dün­ýä­de sy­ýa­sy dur­nuk­ly­ly­gy ber­kit­mek­de, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Türk­me­nis­tan dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek ba­bat­da­ky ýö­rel­gä eýer­mek bi­len, bu ugur­da ge­çi­ril­ýän sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik we yk­dy­sa­dy çä­re­le­ri has iş­jeň­leş­dir­ýär. Ýur­du­myz dün­ýä­niň en­çe­me döw­let­le­ri bi­len sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni taý­dan deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar. Türk­me­nis­tan mil­li bäh­bit­le­ri­, hal­ka­ra we se­bit de­re­je­si

«Gören - eşidenlerimden»

Kesearkajyň obalarynyň birinde omür gydyrdanyp, bir ýerde durmaýan galjaň adam ýaşanmyşyn. Ol ýa bugdaýyň başynda, ýa-da demir ýençgiläp, ussaçylyga gümra bolup oturanmyşyn. Iliň gözüne, ol asyl birjigem aýagyny epip oturýan, ine-gana çaý-çörek iýýan adamam däl diýýär. Onuň dynç alyp oturanyna duşaýmak kyn bolany üçin, «Töre jynly» diýlip, ady hem lakamy bilen bile tutulypdyr. Şol hem aryp öýüne geleninden soň, derhal öňüne getirilen çaýnegiň çaýyny agdaryp, soňam üstüni emaý bilen basyryp, içini gepledýärmiş: «Hä-äý, şu wagt atym boşanaýsady, şony tutup, daňyp gelýançäm, çaý ganymat demini alardy, ýogsam, tüýdüge dönen bokurdak takat edip oturmaga salym berenok». Başga bir degişme kysmy rowaýatda bolsa şeýle gürrüň berilýär:

Iner ýü­ki

Müň dokuz ýüz elli ikinji ýylyň ýigrimi sekizinji iýulynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde harby gullukçy maşgalasynda dünýä inen Myrat Haitowyň çagalyk döwri oba durmuşy bilen aýrylmaz bagly. Kakasy, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weterany Öwezgeldi Haitowyň esasy käri harby gullukçy bolansoň, Myradyň çagalyk ýyllary ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda geçýär. Şeýle ýaýdaýda ol başlangyç bilimi Lebap, Balkan, Ahal welaýatlarynda alyp, ýokarky synplary bolsa Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 6-njy orta mekdebinde tamamlaýar. Myrat haýsy ýerde ýaşap, nirede okasa-da, öý işleridir ýer işlerinden çetde durmaýardy. Heniz oglanlykdan mal bakmagyň, gök-bakja ekinleridir, pagta ýygmagyň, gowaça ideg etmegiň abyny-tabyny ele alypdy. Onuň mekdepde görkezýän işjeňligi-de hojalyk işlerindäkisinden asgyn däldi. Ol woleýbol, futbol, basketbol oýunlaryndan geçirilýän mekdebara ýaryşlaryna-da kemini goýman gatnaşardy.

OWAL SAGLYK BER!

Eý, keremli Taňrym, gudratly Jepbar,Saglyk diýen zady baryndan öň ber.Ynjalykly ilden gitmesin karar, Ejizläne güýç ber, ýoňlana em ber. Wagt bir adyl kazy, hiläni bilmez,Bu gün aýtmadygyn ertir ýaşyrmaz.Elbetde, bar zady jem edip bolmaz, Dirilikde akyl-huşumy jem ber.

Awa­za — kö­ňül­le­riň mel­he­mi

Türkmen topragynyň keramatyna-genjine haýran galyp oturmaly. Beýik Biribar bu mekana ähli baýlyklary, tebigy gözellikleri bolluk bilen eçilipdir. «Ýene-de görsem» diýdirýän şol genji-hazynalaryň, şypaly howanyň ynsan ömrüne, saglygyna, keýpiçaglygyna hyzmat etmegi esasy zat. Hazaryň gözel kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem şeýle ajaýyplyklary özünde jemleýän mekandyr. Onuň at-owazasy bu gün älem içinde aýdym bolup aýlanýar. Taryhy nukdaýnazardan gaty gysga wagtyň içinde Awazada gurlan kaşaň myhmanhanalar, iň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän sagaldyş-dynç alyş merkezleri, beýleki dürli binalar bu ýeri diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem, daşary ýurtlularyň hem iň arzylaýan ýerine öwürdi.

«Akyl­ly şä­her» we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar

XXI asyryň häsiýetli aýratynlygy bolan sanly tehnologiýalar adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna ymykly ornaşdy. Häzirki zaman adamzat siwilizasiýasyny şol «akylly» tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek kyn. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy möhüm ugur hökmünde kesgitledi. Munuň bilen bagly geljegi nazarlaýan birnäçe maksatnamalar, konsepsiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýete geçmekde milli intellektual tehnologiýalar (IT) ulgamyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek hem-de bu ugurlarda halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Jemgyýetiň düzümleri bolan döwletiň, hususy bölegiň, raýatlaryň we IT bileleşikleriniň ählisiniň sanly ykdysadyýete çekilmegini üpjün etmek esasy talaplara öwrülýär. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetiň sanly gurşawa bolan ynamynyň artmagyny gazanmakda maglumat we innowasion tehnologiýalaryň maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenýär.

Hos­sar­çyl kö­pek (hekaýa)

Goçmyrat maşgalasy bilen maslahatlaşyp, Garagum derýasynyň gaýra ýüzündäki Talhanly diýilýän ýerden mellek ýer edindi. Ol dessine şol ýerde iki otagly, dälizli jaý gurundy. Dowar saklamaga niýetlenen mal ýatak, bede saklamak üçin aýratynja desga ýasady. Hemme zat taýýar. Indi dowar alaýmaly. Şol günleriň birinde Goçmyrat Börme obasynyň ýokarsynda, dag içinde ýerleşýän Saýwan obasynda ýaşaýan gullukdaşyna jaň edip, amatlyrak bolsa 30 — 40 sany dowar almak niýetiniň bardygyny aýtdy. Şondan köp wagt geçmänkä Goçmyradyň gullukdaşy 25 sany goýny, 20-ä golaý geçini, hemmesini bir ýerden alsa oňşup berjek diýýän adamyň bardygyny habar berdi.