HABARLAR

Edaralaryň we raýatlaryň resminamalary barada 26/09/2023

Muhammetorazow Wepa Orazçaryýewiçiň adyna berlen TM № 0752234 sürüjilik şahadatnamasynyň ýitendigini habar berýäris.  * * *

"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" - "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti

"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti bolup çykyş edýän "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti howa ulagy arkaly ýük daşamalaryň giň toplumyny hödürleýär. Paýdarlar jemgyýeti eýýäm birnäçe söwda we senagat kärhanalaryň, döwlet we halkara düzümleriniň ygtybarly hyzmatdaşy hem-de ulag-ekspeditor agentligi hökmünde giňden tanalýar. Paýdarlar jemgyýeti ekspeditorçylyk hyzmatlaryna töleg almazdan, ýurdumyzyň awiakompaniýasy arkaly ýükleriň daşalyşynda amatly tarifleri hödürleýär. Şunda müşderiniň akylly-başly logistika bolan talaplary doly üpjün edilýär.

Edaralaryň we raýatlaryň resminamalary barada 25/09/2023

«Ýeriň gymmaty» hojalyk jemgyýetiniň adyna Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap döwlet salgyt bölümi tarapyndan 2014 ý. berlen № 0011773 Edara görnüşli tarapyň salgyt hasabyna goýlandygy hakyndaky şahadatnamasynyň ýitendigini habar berýäris. * * *

«Diýarda» diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Diýar» žurnalynyň redaksiýasynyň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Diýarda» Diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň baş maksady ösüşlere beslenýän täze taryhy döwrümizi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly menzillerini, Diýarymyzyň täsin ýerlerini, çar künjünde ýerleşýän gadymy ýadygärliklerimiziň döreýiş aýratynlyklaryny giňden wasp etmekden, döredijilik adamlarynyň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr. Döredijiligiň dürli ugurlary boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň çar künjünden döredijilik işleriniň ençemesi hödürlendi. Eminler topary tarapyndan bäsleşige hödürlenen işleriň her biri seljerildi hem-de olaryň iň gowulary ýeňiji diýlip ykrar edildi. Şeýlelikde, üç sany baýrakly orun hem-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar kesgitlenildi.

Bildirişler

Daşoguz welaýatynyň  Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümi tarapyndan 2013-nji ýylda Töräýew Kerime  berlen B derejeli, TM 0736160 belgili sürüjilik şahadatnamasy ýitendigi sebäpli, ony tapanyň 9-11-66 belgili telefona habar bermegi soralýar. ***

Edaralaryň we raýatlaryň resminamalary barada 22/09/2023

Durdymyradow Kuwwat Serdarowiçiň adyna Ahal welaýatynyň Kaka etrap häkimligi tarapyndan 2010 ý. berlen I-AH 466559 pasportynyň ýitendigini habar berýäris. * * *

Bildirişler

Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjysy Kemenmämmet Orazmämmedowiç Hanmämmedowyň awtoulagynyň tehniki pasportynyň, AD 8048 BN döwlet belgisiniň ýitirilendigini habar berýäris. Türkmenbaşy şäherindäki 9-njy orta mekdep tarapyndan 2003-nji ýylda Gulşat Karimbaýewna Ukiýewanyň adyna berlen A 0361358 belgili orta bilim hakynda şahadatnamanyň ýitirilendigini habar berýäris.

Edaralaryň we raýatlaryň resminamalary barada 21/09/2023

Hutornowa Swetlana Wýaçeslawownanyň adyna Aşgabat şäheriniň B. Hudaýnazarow köçesiniň 33-nji jaýynyň 4-nji öýüne berlen orderiniň ýitendigini habar berýäris. * * *

Bildirişler

Gurbanmyrat Aýdogdyýewiň WAZ-2103 kysymly, AW 62-35 MR döwlet belgili awtoulagynyň döwlet belgisiniň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Bäsleşigiň düzgünnamasy

Milli mirasa, gadymy gymmatlyklara baý türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan medeniýetiniň kemala gelmeginde ene-mamalarymyzyň çeper elleri bilen döreden işlerine aýratyn orun degişlidir. Türkmen zenanlarynyň hünär ussatlygy bilen döredilen el işleriniň birnäçesi dünýä derejesindäki ykrarnama eýe boldy. Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, türkmen halylarynyň ençemesiniň Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alynmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda şol milli gymmatlyklaryň köp sanlysy taryhy muzeýlerde aýawly saklanýar. Şolaryň arasyndan iň ýörgünlileriniň biri hem halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, her bir öýde ulanylýan alajadyr. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ene-mamalarymyzyň sungat derejesine ýetirilen milli el işi bolan alajanyň döreýiş taryhyny, onuň ýaşaýyş-durmuşymyzda eýeleýän ornuny, ähmiýetini giňden açyp görkezmek, ýaş nesliň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Alajam — ak bagta ynamym meniň» atly zehin bäsleşigini yglan edýär.