Gudratly güýç
Günde agşam dutarda ýaňlanýan «Derman eýledi» sazyny diňlemegi gowy görýän. Hawa, bu gün ýene-de başymy çalaja ýaýkap, diňlemegimi dowam etdirdim. Saz ýaňlanyp başlady. Sazyň gudratyna sered-ä, Magtymguly Pyragynyň döwründäki durmuş göz öňümde janlanyp ugrady. Şol döwrüň durmuş sahnasy nazarymdan hatar-hatar, tirkeş-tirkeş bolup geçýär. Ol durmuş sahnalary milli mukamyň owazy bilen şeýle bir sepleşýär welin, onuň gudratly güýjüne haýran galdym. Ýeňiniň ujuny dişläp, Magtymgulynyň goşgusyny diňläp duran Meňli hem göz öňünde janlanýar. Sazyň gudratynyň käbir belent perdeleri türkmeni baky tebigat bilen, tebigylyk bilen, onuň al-ýaşyl manyly görkli keşbi bilen birleşdirýär. Türkmen öz mukamy bilen misli tebigatyň bir ülşi, bir bölegi ýaly bolup, alnyňda janlanýar. Hawa, saz gutardy, ýöne onuň imrikdiriji jadyly dünýäsi özüne gurşap alyp, ony gaýtalap-gaýtalap diňlemegime getirdi. Türkmen sazynyň milli owazy, heýjanly duýgular dünýäsi söz mülküniň gadymdan gelýän mukamlar hazynasydyr. Ol nurana ahwalyň müňlerçe öwüşginini, owazlar kökenini, mylaýym milli äheňlerini duýýan ynsan, türkmeniň kimdigine göz ýetirip başlaýar. Sazanda dutara dil bitirende, syrly owazlaryň arasyndan türkmeniň taryhy, janly durmuş sahnalary ör-boýuna galýar. Türkmeniň aýdym-saz sungatynyň taryhyna nazar aýlasaň, «Magtymguly sözlerim, saza goşsaň uz bolar» diýen dananyň şygyrlarynyň tas hemmesi diýen ýaly aý