HABARLAR

Şäherde guşlar saýranda

Gojaman Köpetdagyň iň bir owadan, ekologiýa taýdan arassa ýerinde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurlan Arkadag şäheri özüniň döwrebap durmuş-medeni maksatly binalary, tebigat gözelligi, dag ekoulgamynyň owadan keşbi bilen sazlaşykly tebigy gözelligi emele getirýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Meýdan ýoluksa» atly goşgusynda «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýip belleýşi ýaly, bu ajaýyp şäheriň tebigat bilen sazlaşykly gözelligini synlamak her bir ynsan üçin örän ýakymlydyr.

Mizan — tebigatyň ajaýyp döwri

Sentýabr aýy ýyldyz senenamasy boýunça Ýaldyrak döwründen Mizan döwrüne geçilýän aýdyr. Sentýabryň 23-i gündiz bilen gijäniň güýzki deňleşýän günüdir. Bu aýda howa barha dury bolup, gözýetimiň giňişlikleri, daglaryň gerişleriniň gözel görnüşleri açylýar. Durnalaryň uçup geçmegi, maýda guşlaryň topar-topar bolup uçup baryşlary arzyly güýz möwsüminiň gelendigini alamatlandyrýar. Güýzde tebigat tyllaýy reňkde öwşün atýar. Köpsanly birýyllyk hem köpýyllyk otjumak ösümlikler güllemegini dowam etdirýär. Gumaklyk sährada ösýän gara we ak sazaklaryň tohumy bişip ýetişýär. Darganata tokaýlyklarynda aýyň ahyrynda güýzüň ilkinji alamatlary peýda bolýar. Tokaý derekleri bolan toraňňylaryň we petdeleriň ýapraklary saralyşyp ugraýar. Dänelileriň iň bitginlisi bolan gargy gülleýär. Olaryň uly tozgalary güneşiň astynda kümüşsöw reňkde ýyldyraşýarlar.

Peýdaly guş

Baýguşlaryň dünýäde 133 görnüşi, Türkmenistanda 9 görnüşi duşýar. Olar çuňlukda hin gazyp ýaşamaga uýgunlaşandyr. Baýguşlar dyrnaklarynyň ýelek örtüklidigi we gulaklarynyň ýokdugy bilen tapawutlanýar. Gyşyna mart aýyna çenli uka gidýär. Baýguş oba hojalyk ekinlerine zyýan bermeýär. Onuň çüňki kiçiräk, dyrnaklary egri, arkasy sargylt-goňur, gözleriniň töwereginde uçlary gara, ösgün ak ýelek bolýar. Garnynyň asty selçeňräk goňras tegmilli, döşüniň we aýagynyň ýelekleri agymtyl, ganatlary garamtyl-goňur, guýrugy goňras, uçlary agymtyl. Ganatynyň uzynlygy 15 — 18 santimetr. Olar köne haýatlarda, harabalarda we gaýa jaýryklarynda hin gazmaga ukyplydyr. Martyň ahyrynda, aprelde höwürtgeläp, 4 — 8 sany ýumurtga guzlaýar. Apreliň ahyrynda, maý aýynyň başynda bolsa jüýjeleri çykýar. Maýda gemrijiler we guşlar, suwulganlar, mör-möjekler bilen iýmitlenýär. Diňe alagaraňkyda däl, eýsem, gündizine hem aw awlaýar. Gemrijileri we zyýanly mör-möjekleri ýok edip peýda getirýär. Adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde duş gelse, betbagtlylyk getirýär diýen ynançlar esassyzdyr.

Biler bolsaňyz...

Saryja goýunlaryň ýazky ýüňünden örme el işleri, haly üçin ýüplükler taýýarlanylýar. Güýzlük ýüňünden bolsa keçe basylýar. * * *

Garasar

Garasar obalarda, ekin meýdanlarynda, daglarda duş gelýär. Oturymly ýaşaýan bu guş dürli görnüşli bolup, dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýrandyr. Olardan ala we gara görnüşleri biziň ýurdumyzda ýaşaýarlar. Garasar höwürtgesini dag gowaklarynda, jaýlardyr baglaryň üstünde ýasaýar. Ýumurtga basyrmak möhleti 15 gün töweregi bolup, 5 — 6 ýumurtga basyrýar. Onuň jüýjeleri 20 güne çenli höwürtgede bolup, soňra özbaşdak ýaşap başlaýarlar.

Muny bilmek gyzykly

Teneçiriň gözüniň içinde 28 müň sany kiçijik göz bar. * * *

Lotos güli

Lotos — suwda gögerýän owadan gülli ösümlik bolup, ol gadymy Müsürde tämizligiň, päkligiň, mukaddesligiň we rysgal-berekediň nyşany hasaplanylýar. Müsürlileriň ynançlaryna görä, eger Nil derýasy joşanda, lotos güli köp gögerse, onda şol ýyl bereketli bolup, ene toprak bol hasyl eçilermiş. Gadymyýetde lotos hasyllylygyň perisi Izidanyň güli hasaplanylypdyr. Izidanyň tagty hem lotos gülünden eken. Müsürliler Günüň hudaýy Osirisi Lotosyň ýapragynyň üstünde, ýagtylygyň hudaýy Gory bolsa gülüň üstünde oturan keşbinde suratlandyrypdyrlar. Ondan başga-da, lotos patyşalaryň täjini, gelin-gyzlaryň başgabyny bezäpdir. Lotos hindileriň tugrasynda hem suratlandyrylýar. Gadymy Hindistanda ýer suwuň ýüzünde açylan lotos güli şekilinde, jennet bolsa gülgüne lotosyň gülleýän köli ýaly bolmaly diýlip pikir edilipdir.

Ýadygärlikler mekany

Häzirki wagtda Köýtendagyň biodürlüligi 2000-den gowrak görnüşden ybaratdyr. Köýtendagyň florasynda halk we ylmy lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň 130-dan gowragy duşýar. Bu ýerde ösýän ösümlikleriň sekiz görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji neşirine girizilendir. Häzirki wagtda goraghananyň çäklerinde ösümlik örtügi dikeldildi. Munuň şeýledigine zerewşan arçasynyň tokaýlyklarynda ýaş agaçlaryň ýyl-ýyldan köpelmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär.

Garagumuň miweleri

Güýz arly ýylky zähmetiň netijesini görkezýän pasyl. Diýmändirlermi näme: «Jüýjäni güýzde sanaşarys» diýip. Topragy börtüp çykan giýalaryň ählijesiniň miwesini görkezýän aýlarynda türkmeniň özi ýaly sada, agras, syrly Garagum sährasynyň gandymdyr çeti, çerkezdir sazaklary hem miwe getirýär. Bu miweler örän köp dürli bolup, her biriniň şekili üýtgeşik. Ine, pökgi ýaly togalajyk goňurja şarlar. Bular ýylagyň miweleri. Perlije miweler sözeniňki, daşy tüýjümek, gyzgylt reňkli miwe bolsa gandymyňky. Biri-birine düýbünden meňzemeýän miweleriň arasynda nähilidir bir çalymdaşlyk bar, ýagny pökgi ýaly togalajyk. Şol sebäpli hem olar ýeliň ugruna togalanyp gidip bilýärler. Tebigat olary şeýle ýaratmadyk bolsa, onda ol ösümlikleriň tohumy nädip ýaýrasyn, nädip köpelsin? Bu tohumlary täze menzillere, esasan, ýel ýaýradýar. Şeýlelikde, tebigatyň ajaýyp sazlaşygy netijesinde, Garagum sähramyz ösümliklere beslenýär.

«Ak alnyňda bir söz diýem...»

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). «Ýer ala — ýurt ala» diýlen ýörgünli sözi eşidensiňiz. Türkmeniň Garagum sährasy Gyzylgum çölünden, Köpetdagy Köýtendagdan, Amyderýasy Murgapdan, Bathyz belentlikleri Üstýurt gyryndan, Kelif köli Sarygamyş kölünden tapawutly. Hersiniň öz täsinligi, diňe öz daş-töweregine muwapyk aýratynlygy, özboluşly owadanlygy bar.