Hünär kämilliginiň ähmiýeti
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eseriniň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» diýip atlandyrylan bölüminde pederlerimiziň esaslandyran milli ruhy ýörelgesiniň synmaz sütüni bolan ylym-bilimiň jemgyýetde tutýan wajyp orny we ýerine ýetirýän möhüm wezipeleri barada çuňňur pelsepewi düşünjeler beýan edilýär. Bu bölümde türkmen halkynyň şöhratly geçmiş taryhynda döredilen kuwwatly döwletleriň binýadynda ylym-bilimiň ýokary derejede ösdürilmegine gönükdirilen işler barada gürrüň açylýar. Şu nukdaýnazardan hem şol möhüm ýörelgäniň esasy ugurlarynyň terbiýeçilik işi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, oňa ynsana wepalylyk, adalatlylyk, edermenlik, halallyk, şükranalyk, ynsaplylyk we gaýratlylyk ýaly häsiýetleriň mahsusdygy aýratyn bellenilýär. Gahryman Arkadagymyz gadymy geçmiş taryhymyza esaslanyp, ylym-bilim öwrenmegiň iň ygtybarly çeşmesiniň kitapdygyny tekrarlaýar. Çünki bize ata-babalarymyzdan miras galan milli medeniýetimiziň altyn hazynasynda: «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitaby magşuk saý, özüňi — aşyk», «Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana» diýen ajaýyp nakyllar ýaly, başga-da ençeme paýhasly jümleler jemlenendir. Şonuň üçin Gahryman