Bolçulygyň binýady
Gyş pasly, göräýmäge, daýhanlaryň arkaýynlaşýan döwri ýaly. Ene toprak uka giden wagty olaryň iş ýüki azalýandyr öýdýärsiň. Hakykatda welin, ekerançylyk bilen iş salyşýan adamlaryň hysyrdysy arly ýyl dowam edýär. Biz muňa etrabymyzyň «Aşgabat» daýhan birleşigine baranymyzda hem, magat göz ýetirdik. Bu hojalyga partiýanyň etrap komitetiniň işgärleri bolup, kärendeçileriň armasyny ýetirmek hem-de güýzlük bugdaýyň ýagdaýy bilen tanyşmak maksady bilen geldik. Daýhan birleşiginiň çägine girenimizden, gök öwsüp duran maýsalara gözümiz düşdi. Ter, doýgun ýaşyl reňkli ekinler ideginiň ýetendiginden, kadaly ösýändiginden habar berýärdi. Biz kärende ýerinde hysyrdanyp ýören daýhanlaryň biriniň ýanyna baryp, onuň bilen tanyşdyk. Kärendeçi Kerim Kadyrowyň adyna 4 gektar ýer berkidilen eken. Şu ýylyň güýzünde onuň atyzyna sepilen tohumlar endigan gögeripdir.