Sagdyn durmuş ýörelgesi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şeýle çäreler halkyň ruhuny, şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterýär. Milli sportuň geljekki ýeňişleriniň, türkmenistanly türgenleriň täze nesliniň kemala gelmeginiň ruhlandyryjysy bolýar. Eziz Diýarymyz, aýratyn hem paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüldi. Sport hereketini ösdürmegiň we Türkmenistan tarapyndan halkara sport hyzmatdaşlygyny döretmegiň iň ýokary derejesi soňky ýyllarda alnyp barylýan sport diplomatiýasynda öz beýanyny tapýar. Çünki hormatly Prezidentimiz dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär.