"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Yk­ba­lyn ynan­dy Wa­tan, ene ýer!

«7/24. tm» № 04 (191), 22.01.2024 Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň: «Bu uzak gi­je­den ar­ka­ýyn bo­luň, // As­la boz­maz ony aýyl­ganç ses­ler» diýip, şy­gyr se­tir­le­rin­de aý­dy­şy ýa­ly, bu gün­ki gün Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň asu­da­ly­gy­ny, pa­ra­hat­ly­gy­ny boz­jak hiç bir zat ýok­dur. Çün­ki uzak asyr­lyk ar­zuw bi­len ýe­ti­len bu eziz Di­ýa­ry, mu­kad­des top­ra­gy onuň mer­da­na go­rag­çy­la­ry gi­je-gün­diz yhlasly go­ra­ýar. Olar üçin ene ýe­riň her bir gy­sym top­ra­gy gym­mat­ly baý­ly­ga ba­ra­bar­dyr. Türk­men top­ra­gy — mu­kad­des top­rak. Bu top­rak — Gö­rog­ly beg, Tog­rul beg, Je­la­led­din Meň­bu­run ýa­ly en­çe­me eder­men är­le­riň be­lent ruh­la­ry si­ňen top­rak. Ber­ka­rar döw­le­tiň Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň da­ma­ryn­dan hem şol öten-ge­çen gaý­duw­syz, ga­ra­dan­gaýt­maz, ba­tyr, Wa­ta­n, il-hal­k ug­run­da ja­ny­ny or­ta go­ýan ger­çek­le­riň ga­ny ak­ýar.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne ça­gy­ryş

«7/24. tm» № 04 (191), 22.01.2024 Gün­do­ga­ryň par­lak ýyl­dy­zy ha­sap­lan­ýan be­ýik akyl­dar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­den äh­li ugur­la­ra de­giş­li şy­gyr­la­ry tap­mak bol­ýar. Çün­ki ol dur­mu­şa hem­me­ta­rap­la­ýyn akyl ýe­ti­ren, hem di­ni, hem dün­ýe­wi ylym­lar­dan go­wy baş çy­ka­ryp bi­len ylym­dar adam­dyr.

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň ýörite sany okyjylara ýetirildi

«7/24. tm» № 04 (191), 22.01.2024 «Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» elekt­ron žur­na­ly 2023-nji ýyl­da­ky 12-nji sa­ny­ny «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýy­lyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­dy.

Sun­ga­tyň ba­ky ser­pa­ýy

«7/24. tm» № 04 (191), 22.01.2024 ...Ha­çan-da oňat ki­ta­by oka­ýar­kaň, fil­me to­ma­şa ed­ýär­käň ýa-da saz diň­le­ýär­käň, dur­muş ma­na gel­ýär, daş-tö­we­rek gö­zü­ňe mäh­ri­ban gö­rün­ýär, ala­da-ün­jü­le­riň owun­jak zat­lar bo­lup gö­rün­ýär.

Futbol boýunça Aziýa kubogy dowam edýär

«7/24. tm» № 04 (191), 22.01.2024 2024-nji ýy­lyň 12-nji ýan­wa­ryn­dan — 10-njy few­ra­ly­na çen­li dö­wür­de Ka­tar döw­le­ti­niň Do­ha şä­he­rin­de Fut­bol bo­ýun­ça Azi­ýa Ku­bo­gy ge­çi­ril­ýär.

Peç ba­şy­nyň oý­lan­ma­sy

«7/24. tm» № 04 (191), 22.01.2024 Da­şar­da so­wuk şe­mal şuw­la­ýar. Gy­şyň or­ta­sy, ho­wa­nyň tüýs so­wa­ma­ly wag­ty. Al­la­ha şü­kür, öýüň içi ýyl­ja­jyk. Peç gü­bür­däp ýa­nyp dur. Öňüm­de gy­zy­myň dem­läp ge­ti­ren gyz­gyn­ja ça­ýy. Pe­jiň go­la­ýyn­da ýa­zy­lan dü­şek­çä­niň üs­tün­de he­zil edip, düýr­le­nip ýa­tan pi­şi­jek. Ça­ga­la­ryň öý iş iş­läp otu­ryş­la­ry. Ara­syn­da je­del ediş­le­ri. Mek­dep­de bo­lan wa­ka­lar hak­da je­dir­däp gür­rüň be­riş­le­ri. Şu pur­sat­la­ry şeý­le bir go­wy gör­ýän. Dün­ýä­de şun­dan uly bagt ýok bol­sa ge­rek. Üm­süm­lik, asu­da­lyk, ýy­ly­lyk... Beý­ni­ňem dynç al­ýar, be­de­ni­ňem. Uzak­ly gün aýak üs­tün­de zäh­met ceki­len­den soň, ag­şam­ky peç ba­şyn­da­ky dynç alyş ja­ny­ňa mel­hem bol­ýar. Bu peç ba­şy­nyň my­la­ýym üm­süm­li­gi, pi­kir­ler ýu­ma­gy­my uzak­la­ra ti­gir­läp alyp gid­ýär. Ça­ga­lyk döw­rü­me ba­ryp düş­ýän.

Sy­nag­la­ra nä­hi­li taý­ýar­lan­ma­ly?

«7/24. tm» № 04 (191), 22.01.2024 Gyş pas­ly­nyň il­kin­ji aýy­nyň gel­me­gi bi­len mek­dep okuw­çy­la­ry gyş­ky dynç alyş möw­sü­mi­ne çyk­sa­lar, ýo­ka­ry we or­ta okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry üçin sy­nag döw­ri baş­lan­ýar. Sy­nag­lar okuw döw­rün­de ge­çi­len sa­pak­la­ry nä­hi­li öz­leş­dir­me­gi ba­şa­ran­dy­gy­ňy ýü­ze çy­kar­ýan okuw işi­niň bir gör­nü­şi­dir. Adat­ça, bu dö­wür­de äh­li ta­lyp­la­ry tol­gun­ma, al­jy­raň­ňy­lyk, gor­ky, how­sa­la ýa­ly duý­gu­lar gur­şap al­ýar. Bi­raz gor­ky duý­gu­sy­nyň bol­ma­gy ka­da­ly ha­sap­lan­sa-da, beý­le­ki­ler­den, aý­ra­ty­nam, how­sa­la­dan özü­ňi daş tut­mak ze­rur­dyr. Özüň­dä­ki how­sa­la­ny ýok et­mek üçin bol­sa sy­nag­dan go­wy geç­jek­di­gi­ňe bo­lan ynam ge­rek. Ynam hem sy­nag­la­ra go­wy taý­ýar­lan­mak ar­ka­ly ga­za­nyl­ýar. Şu ba­bat­da­ky kä­bir mas­la­hat­la­ry si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik:

Türkmenistanyň futbol federasiýasy möwsümiň jemini jemledi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2023-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen pikir-soraşmanyň jemine seredildi. Ses berlişigiň netijesinde «Ahal» toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsüminde garşydaşlarynyň derwezesinden 27 top geçiren Didar Durdyýew («Arkadag») iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýeledi. Çempionatyň dowamynda «Adalatly oýun görkezen topar» atly baýraga «Altyn Asyr» topary mynasyp boldy.

Geliň, tymsal okalyň!

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 ÄHLI ZAT SENIŇ ELIŇDE

Ýeňil atletikanyň taryhyndan

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Ýeňil atletika öz taryhyny örän uzak döwürlerden alyp gaýdýar. Taryhy maglumatlara görä, ýeňil atletika boýunça ilkinji ýaryşlar biziň eýýamymyzdan öňki 776-njy ýylda Gadymy Gresiýada geçirlipdir. Bu ýaryşlarda ýeňil atletika ylgamak, bökmek, zyňmak ýaly görnüşlere bölünipdir.

Luw ýyly– rysgal-bereketiň ýyly

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Luw ýyly diýlende ilkinji ýadyma düşýän zat — şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň «Garagumuň luw ýyly» goşgusy:

Özüň bol­mak bag­ty

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Adamyň bu ýagty dünýäde borjy kän, ol misli diýersiň, edil borç üçin ýaradylan ýaly, onuň asla özüne eli ýetenok, ýetjegem däl. Adamzadyň aňly-başly ýaşaýşynyň ähli döwürleriniň içinde onuň iň ýokary jogapkärçilik duýgusy bilen ýaşamaga mejbur bolan döwri biziň häzirki asyrymyz bolsa gerek, hut täze ýüzýyllyga gadam basylmagy bilen, dünýäde emele gelen ýagdaýlar adamy eserdeň, her bir ätjek ädimini «ýüz ölçäp-bir kesip» ätmäge borçly edýär.

Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi tarapyndan aýratyn tapawutlanan zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Baýraga çagalaryň 71-sy, çagalar döredijilik toparynyň bolsa biri mynasyp bolmagy başardy. Bu baýrak 1992-nji ýyldan bäri zehinli çagalara gowşurylyp gelinýär.

Agyr atletika

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Agyr atletika görnüşiniň döreýiş we ösüş taryhy öz köklerini gadymyýet çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Onuň ilkinji nusgasy Hytaýda — ýunanlylarda ýüze çykypdyr. Häzirki zaman görnüşi XIX asyryň ortalarynda kemala gelipdir.

Öm­rüň ag­ram da­şy

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Heň­ňa­myň ýa­rym asyr­dan gow­rak men­zi­li­ni ab­raý bi­len ge­çe­niň­den soň ger­şi­ňe taý­ly ýük uru­lan ne­re ça­lym ed­ýän eke­niň. Bir ger­de­niň­de ömür leň­ňe­ri, beý­le­ki­sin­de ab­raý ýü­ki sal­dar­la­nyp dur. Haý­sy pel­lä­niň ýü­ki agyr, mu­ny özüň­den öň il bil­ýär.

Kiçi tennisiň ýaşajyk muşdagy

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Sport – peýdaly we gyzykly güýmenje. Sportuň gaty kän görnüşleri bolup, olaryň hersiniň öz aýratynlygy bar. Özüm stol tennisi boýunça tälim beremsoň, onuň artykmaçlyklary hakynda dowamly gürrüň edip bilerin. Emma meniň esasy maksadym, ýaşajyk türgenleriň arasynda tapawutlanýanlary hakynda gürrüň etmegi makul bildim. Şeýle türgenleriň biri hem Türkmenbaşy şäherindäki 14-nji orta mekdebiň okuwçysy Muhammet Hydyrowdyr.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde bedenterbiýe-sport hereketiniň ösdürilmegine uly üns berilýär. Gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalarynyň halkara ülňülerine laýyklykda bina edilmegi bolsa ýaşlaryň saýlap alan sport görnüşine has içgin girişmegine oňyn şert döredýär. Şeýle desgalaryň biri-de Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň garamagyndaky 3000 orunlyk Ak bugdaý sport desgasydyr.

Küşt hakynda kelam agyz

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Mary welaýatynyň Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy, küştçi zenan Merjen Ýalkanowa bilen taýýarlanylan gyzykly söhbetdeşligiň mysalynda ýurdumyzda sportuň dürli ugurlary boýunça kämilleşýän okuwçylaryň kändigine, halypalarynyň olar hakynda çynlakaý yhlas edýändigine düşünmek kyn däl. Söhbetdeşligi taýýarlan talyp gyzyň redaksiýamyzyň işjeň okyjylarynyň biridigi üçin onuň okyjylar bilen nobatdaky gezek duşuşymagyna çynlakaý taýýarlanandygyny aýtmak isledik.

Buýsanç duýgusyny döreden waka

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda geçirilen 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklibi esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy baradaky hoş habar ähli halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Parahat durmuşyň ygtybarly penasy

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Her ýylyň 27-nji ýanwarynyň Watan goragçylarynyň gününiň bellenilýändiginiň özboluşly many-mazmuna eýedigini aýtmak gerek. Çünki Watan hemme zatdan ileridir. Ilki Watan, soň parahat durmuş başlanýar. Parahat durmuşyň goragynda bolsa Watan goragçylary durýarlar. Şeýlelikde, milli goşunymyz halkymyzyň abadan durmuşynyň, döredijilikli zähmetiniň sarsmaz galasy bolup, ýurdumyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine gulluk edýär. Bu ýörelgeler hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinada öz beýanyny tapdy.