"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

«Gü­lüň owa­dan»

Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen halkynyň beýik medeniýeti, ajaýyp sungaty bar. Taryha ser salanymyzda milletimiziň el hünäri müňýyllyklaryň dowamynda gaýtalanmajak gözellik hökmünde ykrar edilip gelinýär. Çünki türkmen inçe egrip, syk dokamagy başarýan ussat halkdyr. Muny biz ene-mamalarymyzyň galdyran mirasyndan hem bilýäris. Halkymyzyň arasynda «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýlişi ýaly, gujur-gaýratly gelin-gyzlaryň azabyndan, yhlasyndan dörän halydyr palasy, dürli görnüşli torbalardyr çuwallar, sypaýy matasydyr sünnälenip keşdelenen çyrpylardyr kürteler uly bir sungat derejesindäki milli gymmatlyklarymyzdyr. Şolaryň biri-de milli özboluşlylygyny, aýratynlygyny saklap, ýokary kämillik derejesine ýetirilen türkmeniň keçe sungatydyr. Žurnalymyzyň şu sanynda gadymyýetden biziň günlerimize gelip ýeten türkmeniň gülli keçesi barada söhbet etmegi makul bildik.  Türkmeniň amaly-haşam sungaty. Ol başy asmana uzap duran daragt mysaly. Ol daragtyň islendik şahasyna diň salyp, onuň geçmişi, şu güni hakda oýlananyňda, seniň kalbyňy müň bir dürli öwüşginiň gaplap almasy ýöne ýerden däl. Çünki dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen halylarydyr haly önümleriniň şöhraty ençeme asyrlap älemi baglap gelipdir. Türkmeniň ruhy dünýäsi inçelik bilen şöhlelendirilýän bu zynatda milletiň beýik taryhy, gaýtalanmajak kämilligi, egsilmez buýsanjy bar. Ussat zenanlar halydyr

Köpugurly gadymy sungat

Türkmen epiki eserleri asyrlaryň dowamynda döredilip, onda halkyň esasy durmuş pursatlary şöhlelendirilipdir. Halk il-gününi, Watany ýowuz duşmandan gorap, söweşlerde taýsyz edermenlik görkezen gahrymanlaryna bagyşlap rowaýatlar, kyssalar döredipdir. Wagtyň geçmegi bilen olaryň üsti ýetirilip, taraşlanyp, halk eposlaryna, dessanlaryna öwrülip gidipdir. Aýdym türkmen dessançylyk sungatynyň özenidir. Gadymy eposyň ýordum hereketleri kyssa bölümlerinde beýan edilýän bolsa, aýdym-sazyň üsti bilen gahrymanlaryň içki duýgulary ýüze çykarylýar. «Gorkut ata», «Görogly» ýaly gahrymançylykly eposlar türkmeniň milli guwanjy bolmak bilen, ýaşlarda watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, myhmanparazlyk, ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly asylly häsiýetleri terbiýelemekde örän ähmiýetlidir.

Damananyň Mämmet bagşysy

«Al, Senemi» aýdanda Täzelenýär bu dünýäniň howasy,Mämmet bagşy «Al, Senemi» aýdanda.Kalba kürsäp urýar yşkyň owazy,Mämmet bagşy «Al, Senemi» aýdanda.

Saklanyp galan pursatlar

Suratda: Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Palta bagşy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa institutynyň ylmy işgärleri Oraz Uzakowyň maşgala ojagynda myhmançylykda. Aşgabat şäheri, 1957-nji ýylyň 17-nji dekabry.

Halypalaryň durmuşyndan

1995-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti Ata Ablyýewlere bardym. Şonda halypa gyjakçy ýomut-gökleň ýolunyň ussady Çowdur bagşynyň belent adamkärçiligi, pespälligi barada halypamyz Pürli Saryýewden eşiden gürrüňlerini aýdyp berdi. Günlerde bir gün Çowdur bagşy bilen Hanmämmet gyjakçy häzirki Magtymguly etrabyndan toýa diýip gaýdýarlar. Ol wagtlar näme, ýeňil ulag ýok, at bar, ýaby bar, hersi bir ata atlanyp ýola düşýärler. Ýolda Çowdur howa yssy bolansoň, Hanmämmet gyjakça: «Han jan, heý, ýürek sowadar ýaly ekin beýleki görnenokmy?» diýýär. Onda gyjakçy: «Ho-ol ýerde bir küme görünýär welin, içinde gymyldy bar ýaly» diýýär. Barsalar, ine, giden ekinlik, gawun-garpyz bol ekilipdir. Kümäniň içinden sakçysy çykyp, saglyk-amanlyk soraşýarlar. Öýe girip, myhmanlaryň hezzetini ýetirýär. Gawun-garpyz bilen teşneligini gandyrýarlar. Çaý-nahardan soň sakçy olaryň dutar-gyjagyny görüp: «Agalar, siz-ä bagşy ekeniňiz. Biz-ä daýhançylyk bilen toýa-tomga-da gatnaşyp bilemzok» diýýär. Sakçynyň «Aýdym aýdyp beriň» diýmese-de, aýdyma teşneligini duýan bagşy: «Inim, seniň paýyň aýrydyr. Hany, Han jan, al gyjagyňy» diýip, şol ýerde bäş-on aýdym aýdyp, sakçynyň göwnüni galkyndyrýarlar.

Sazyň hem ömrüň sazlaşygy

«Merwde ýazan saz eserlerimiň köpüsini men bary-ýogy 28 ýaşly dutarçy Bekmyrat Hallyýewden ýazyp aldym. Bekmyrat saz çalmaga iňňän ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Ol diňlän sazyny çakganlyk bilen tutup alyp bilýär we ajaýyp ýerine ýetirijilik ukyby bar» diýip, belli sazşynas Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý «Türkmen sazy» atly kitabynda ýazýar. «Görülmedik illerden, eşidilmedik gep çykar» diýlişi ýaly, öňräk maňa şeýle pursata gabat gelmek miýesser boldy. Şol gün Mary şäherini goltuklap oturan Mülkbagşy obasynda ýaşuly mugallym Nurmyrat aga we Bekmyrat dutarçynyň şägirdi Berdimyrat Allaberdiýew bilen ilkinji tanyşlygym boldy. Soň bir gün bolsa Berdimyrat agalara halypasy hakda gürrüň bermegini sorap ýörite bardym. Ol özara söhbetdeşlikde halypasy, ussat sazanda-dutarçy Bekmyrat Hallyýew hakda gyzykly gürrüňleri aýdyp berdi.

Ylmy Magtymguly äkitdi

(Rowaýat) Beýik şahyr Magtymguly hakyndaAýdylýar ýüzlerçe rowaýat, dessan.Okadykça rahatlanýar kalbymyzSaplanyşy deýin derdinden hassaň.

Milli senedimiz — müdimi mirasymyz

Türkmenler gadymy halk bolmak bilen, taryhda ösen medeniýete, baý mirasa eýe bolupdyrlar. Bilşimiz ýaly, Jeýhunyň ýakasynda ýerleşýän Amul şäheri hem geçmişde senetçiligiň ösen merkezleriniň biri hasaplanylypdyr. Amully demirçi ussalaryň ýasan iş gurallary dünýä bazarlarynda geçginli harytlar hökmünde ykrar edilipdir. Bular dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem anyk maglumatlar esasynda durlup geçilýär. Biz şu makalamyzda hojalykda giňden ulanylýan pyçaklaryň ýasalyş usullary we olaryň görnüşleri barada söhbet etmegi makul bildik. Pyçaklar has gadymy gurallaryň biri hasaplanylýar. Daş asyry döwründen galan daş pyçaklaryň, takmynan, kyrk müň ýyl mundan ozal ýasalandygyny arheologlar gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine esaslanmak bilen subut edýärler. 5 müň ýyl mundan ozal misden edilen pyçaklar ilkinji gezek metaldan ýasalan gurallar bolupdyr. Pyçak «tyg», «ýaglaw» we «sap» diýlip atlandyrylýan böleklerden emele gelendir. Pyçagyň tygy bir ýüzi inçelip gidýän ýiti, kesiji tarapy bolmak bilen, ol sapa birleşip gidýär. Pyçagyň ýüzi tygyň kesýän ýiti tarapydyr. Pyçaklaryň ýüzi gaýdanda ýa-da kütelende, çalgy daşyna çalmak ýa-da gyzdyryp ýençmek arkaly ýiteldilýär. Pyçagyň ýüzüne «Ýalman» hem diýlipdir. Pyçagyň arkasy onuň ýüzüniň garşysyndaky galyň, arka tarapdyr. Onuň arka tarapy tekiz ýa-da owadanlyk üçin eşekarka görnüşi

Nusgalyk eser

Watanymyzyň Baýdagynyň belentden pasyrdap durşy ýaly, nesillere berilýän milli terbiýedäki watansöýüjilik hem belent ruha beslenmelidir. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýär. Şunuň ýaly ýokary ruhubelentlik bilen aýdylan pikirler şu ajaýyp döwrümiziň şygaryna, nesil terbiýesinde bolsa watançylyk duýgularynyň kämilleşmegine esas bolýan ýörelgä öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän kitaplarynda watansöýüjiligiň, milli terbiýäniň belent nusgalary jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby giň okyjylar köpçüliginiň ýankitabyna öwrülen gymmatly çeşmeleriň biridir. Bu neşir nesilleri milli ruhda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Sümmen başgaby

Milli lybaslarymyzyň arasynda çaga egin-eşikleridir başgaplary özüniň köpdürlüligi hem-de owadanlygy bilen tapawutlanýar. Bu geýimler niýetlenişine, geýlişine hem-de görnüşine görä dürli-dürli atlandyrylypdyr. Çagalaryň başgaplarynyň birine sümmen diýilýär. Sümmen keteni, gyrmyzy donluk matalardan gurnalyp tikilýär. Sümmen tahýadan, börükden tapawutlylykda, depe bilen etekden durman, uçlary inçelip ýokarlygyna uzap, depede birikýän başgapdyr. Sümmen aşakdan ýokary çyrmaşyp gidýän daragt nagşy bilen bezelýär. Onuň etegine gülýaýdy, tegbent nagyşlary salynýar. Bu başgap çaganyň gaşyna çenli sümürilip geýdirilensoň, «sümmen» diýlip, atlandyrylýar. Ol, esasan hem, ýedi çilesinden çykan bäbejige geýdirilýär. Şoňa görä-de, oňa başgaça «çile topbusy-da» diýilýär. Sümmen beýleki çaga başgaplara garanyňda çuňňurjadyr. Bu aýratynlygyň entek süňňi bekemedik bäbejigiň maňlaýynyň tüňňermeginiň öňüni alýandygy bilen bagly bolmagy hem ahmal. Sümmeniň etegi bäbegiň kellesini agyrtmaz ýaly ýumşajyk matadan gyýa tutulýar. Onuň ýüzüne köplenç köjüme usulynda nagyş salynýar.

Horjun

Türkmeniň ak öýleriniň bezegi bolan horjun uzak ýola götermek we zerur bolan zatlaryňy saklamak üçin niýetlenen haly önümleriniň biridir. Horjun sözüne türkmen halk döredijiliginde, dessanlarda we çeper eserlerde hem köp duş gelmek bolýar. Munuň özi ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň horjuny ir döwürlerden bäri giňden ulanyp gelendiklerine şaýatlyk edýär. Horjun bilen baglanyşykly setirlere türkmen halk ertekilerinde-de, «Görogly» şadessanynda-da gabat gelmek bolýar. Haly-palas önümleriniň iň gadymy nusgalarynyň biri bolan horjunlar özüniň dokalyş aýratynlygy boýunça «haly horjun», «palas horjun», «çalça horjun» ýaly dürli görnüşlere bölünýär. Horjunlar çitme hem-de kakma usulynda ululy-kiçili görnüşlerde dokalypdyr.

Çöpür suwagy

Çarwa obalarynda sütügi aýrylan geçi çöpürini suwag işinde saman ornuna ulanýandyklaryny eşitsem-de, ony saman tapylmadyk ýagdaýynda edýändirler diýip pikir edýärdim. Aslynda ol beýle däl ekeni. Bir gezek ýazyjy Ahmet Halmyradow biziň bilen gürrüňdeş bolanda heniz ýaş oglanka ejesiniň tamdyry çöpürli laý bilen suwanyna şaýat bolandygyny, munuň sebäbini soranda bolsa, çöpürli suwagyň samanly suwaga garanda, ömrüniň has uzak bolýandygyny aýdanyny ýatlady. Çarwa obalarynda ak öýleriň tutuljak ýerlerini köplenç çöpürli suwag bilen suwapdyrlar. Şonda ak öýleriň düşeginiň asty kirşen toplamandyr. Düşege tozan siňmändir. Şeýle hem hünärmenleriň aýtmagyna görä, geçi çöpüriniň adam bedenine edýän bejerijilik täsiri düýe ýüňünden pes bolmandyr.

Gazma dutar ýaňlananda

Kalby aýdym-saza teşne, şahandaz türkmen halky dürli saz gurallaryny döredip, nesillerimize baý medeni mirasy galdyrypdyrlar. Olardan türkmen dutary halkymyzyň durmuşyna irki döwürlerde ornaşyp, ýüreklerde berk orun alandyr. Bu hakykata «Görogly» şadessanyny, «Nejep oglan», «Şasenem-Garyp», «Hüýrlukga-Hemra» ýaly gadymy dessanlary okanyňda-da göz ýetirýärsiň. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi ýurdumyzda milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň miwesi bolup, türkmen halkynyň milliligine dünýäde uly sarpa goýulýandygyny aňladýar.

Şöhratly geçmişiň ýaňy – ýagty geljegiň daňy

Türkmenler iň gadymy halklaryň biri hasaplanýar. Şeýle hem, türkmenler dünýä medeniýetine, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan halk hökmünde giňden tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikler doly tassyklaýar. Häzirki eşretli zamanamyzda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän gadymy hem orta asyr ýadygärliklerinde, taryhy muzeýlerde saklanýan, halkymyzyň geçmiş ýolundan söz açýan gymmatlyklary göreniňde, şeýle genji-hazynalarymyzy her bir raýatymyzyň görüp, synlap, olar barada gymmatly maglumatlary alyp bilmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler göwnüňi göterýär. Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Medeni ýadygärlikleriň has gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde taryhy-medeni ýadygärlik toplumlarynyň ençemesi ýerleşýär. Dehistan, Nusaý, Amul, Merw ýadygärlikler toplumlarynda bina gurmagyň täsin nusgalaryny görmek bolýar. Aýratyn hem Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Altyndepe ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan taryhy tapyndylar özüniň gaýtalanmajak gurluşy bilen akylyňy haýran edýär. Mundan başga-da, Yzmykşir, Köneürgenç, Ysmamyt ata, Seýitjemaleddin metjidi, Sarahs galasy, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly başga-da b

Kalplaryň şamçyragy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýini ýurdumyzda hem halkara derejesinde ýokary guramaçylykly geçirmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň metbugat sahypalarynda akyldar şahyryň ömri we döredijiligine, dürdäne şygyrlaryna degişli täsirli makalalar, düýpli ylmy seljermeler, ussada bagyşlanyp döredilýän goşgulardyr hekaýalar çap edilip, teleradio gepleşikler yzygiderli halkymyza ýetirilýär. Döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Döwürdeş şahyrlaryň Magtymguly hakyndaky goşgular kitabyny, sowgatlyk neşirlerini çap edip, halka ýetirmek göz öňünde tutulýar. Magtymguly Pyragynyň ýubileý dabaralarynyň çäklerinde şahyryň türkmen hem-de dünýäniň onlarça döwletleriniň dillerinde neşir edilýän goşgular kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny, halkara maslahatlaryny geçirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Durmuş — jöwherli sandyk...

Dünýä ýüzünde millionlarça eser bar. Olaryň biri çeper, biri dokumental, ýene biri bolsa filosofik mazmunly. Awstriýaly ýazyjy Ronda Bern häzirki döwürde dünýäde iň bir söýlüp okalýan ýazyjylaryň biri. Muny onuň dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döreden «Jady» atly eseri-de aýdyň görkezýär. Dünýä dilleriniň ençemesinde neşir edilen bu eser hiç mahal okyjysyny ýitirenok, elden-ele geçip okalýar.

Akylyň aňa agramy ýok

Döredijiligiň dünýäsine diňe bedeniňi däl-de, eýsem, kalbyňy hem ruhuňy tämizläp girmeli. * * *

Zergärçilik sungatynyň taryhy we şu güni

Türkmen halkynyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, dünýä ýaýran baý taryhy, maddy, ruhy-medeni gymmatlyklary bar. Türkmen zenanlarynyň şaý-seplerine üns beriň! Bularyň bezeg aýratynlygyndan başga-da, göz-dilden goramak häsiýeti bar. Çünki gymmat bahaly daşlardan başga-da, dürli görnüşli geometrik we tebigatdaky jandarlaryň, ösümlikleriň stilleşdirilen şekilleri bar. Türkmen halkynyň irki ynançlary dünýä halklarynyň medeni-dini ösüşi bilen deň derejede kämilleşendir. Tebigat hadysalaryna bolan ynanç esasynda dörän, şekillendiriş sungatyna degişli döredilen eserleriň belli bahasy ýokdur. Muňa Türkmenistanyň çäklerinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar (gliptika, terawtika, terrakotalar, dürli daş, metal, süňk bezegleri, keramiki gap-gaçlar, zergärçilik önümleri, diwar bezeg bölekleri) şaýatlyk edýär. Arheologik tapyndylar, alymlaryň pikiriçe, türkmen zenanlaryna has irki taryhy döwürlerde hem bezeg şaý-sepleri bolup hyzmat eden deňiz balykgulaklary, dürli reňkli daşjagazlardan ýasalan monjuklar we beýleki bezegler (balyklaryň, jandarlaryň süňkleri, dürli agaçlardan ýasalan şekiller), şol bir wagtda bezeg hem gorag häsiýetlerine eýe bolupdyr. Taryhyň gadymy döwründen tä orta asyrlara çenli kämilleşip, bezegleri ýokary sungat derejesine ýeten zergärçilik önümleriniň her biriniň ornament şekil bezegi many-mazmuna baýdyr. Meselem, aw, söweş ýa-da gorag üçin niýet

Gonçsuz jorap

Jorabyň durky 8-9 santimetr örülenden soňra, üstki iki çişindäki halkalardan 16-17 sanysyny azaltmaly. Onuň üçin iki ýüpde gezekleşdirip, çişi iki halkanyň içinden gabatlap geçirip, çişiň başyna ýüp atmaly. Halka çekip alyp, ol halkanam çişdäki halkanyň ýene biri bilen gabatlamaly. Çişi geçirip, ýüp salyp, halkany çekip almaly. Şu görnüşi gaýtalap, halkalary kemeldýärkäň, her gapdalda 11-12 halkany örüp dowam edip, örüm ökjäniň arka ýüzüne aýlanýança örübermeli. Örýän wagtyň iki gyradaky halkalary iki ýüpde gezekleşdirip owadanlamaly. Örüm ökjäniň arkasyna aýlananda, iki tarapky çişiň halkalarynyň hersinden birini gabatlap, içinden çişi geçirip, çişe ýüpi salyp, halkany çekip alyp, soňuna çenli şeýle gaýtalap örüm (tikmesi) bilen ökjäni birleşdirmeli.

Tutawaçlar

Ir döwürlerden başlap gelin-gyzlar gündelik durmuşda tutawaçlary (tutaçlary) ulanypdyrlar. Ene-mamalarymyz täze we köne parçalardan tutawaçlaryň dürli görnüşlerini tikipdirler. Hatda keçe könelenden soň hem ony tutawaç tikmek üçin ulanypdyrlar. Iki tutawajyň hersiniň bir burçuna 1 metr ýaly uly alaja ýüp çatylýar. Alaja ýüp bilen birikdirilen jübüt tutawaçlar ojagyň üstündäki uly gazanyň, kerseniň gulplaryndan tutmak üçin ulanylypdyr. Bu tutawaja «kersengöteren» diýer ekenler. Durmuşda hiç bir zady yrýa etmeýän ene-mamalarymyz has könelen keçelerden kesip, gazany, kerseni ýuwmak üçin sürtgüç hem tikipdirler.