"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Jümle-jahan habarlary

Geljegiň ekoşäheri Şweýsariýada fransuz binagäri Winsent Kallebonyň işläp taýýarlan geljegiň ekologik şäheriniň taslamasy tassyklanyldy. «The Greenhouses» diýlip atlandyryljak şäheriň binalary agaçlardan gurlup, onda awtoulag ýollary bolmaz. 10 000 inedördül metr meýdany eýelejek şäheriň seýilgähinde bolsa diňe pyýadalar we welosipedçiler üçin ýodajyklar bolar. Aňrybaş derejede ýagtylygyň düşmegini gazanmak maksady bilen ýaşaýyş jaýlarynyň ählisiniň penjireleri günorta tarapa garar. Olaryň hersiniň balkonynda ýörite bölünen ýerlerde dürli ösümlikler ekiler. Bu usulyň esasy maksady bugarmagyň we Gün radiasiýasynyň täsiriniň azalmagy netijesinde howanyň gyzgynlygyny 3 — 5 derejä çenli azaltmakdyr. Taslama doly durmuşa geçirilende, şäherde ösümlikleriň we gyrymsy agaçlaryň 30000-den gowragy ösdürilip ýetişdiriler. Bu bolsa her ýylda kömürturşy gazynyň 170 tonnasyny ýok etmäge müminçilik berer.

Seýil edeliň bu jahana!

Täsin taslama Saud Arabystanynyň «Geljegiň şäheri» diýlip atlandyrylýan täze Neom şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän binalardan iki sanysynyň taslamasy tanyşdyryldy. Bu syýahatçylyk zolagy Neomda gurulmaly 10 sebitiň altynjysydyr. «Epikon» diýlip atlandyrylýan binalar toplumy 2 sany degişlilikde 225 we 275 metre golaý diňlerden ybarat bolup, olar 41 sany myhmanhanany we ýokary derejeli dynç alyş zolaklary öz içine alar. Her bir ýaşaýyş otagy we willalar ýokary derejeli bolup, kenarýaka naharhana we restoranlar bilen üpjün ediler. «Geljegiň derwezesi» hökmünde tanaljak «Epikonyň» her bir isleg bildirýän raýat üçin ähli mümkinçilikleri döredip berjekdigi barada Neom şäheriniň ýolbaşçylary belleýärler.

Bulary bilmek gyzykly

Täsin bina Dünýäde täsin görnüşi bilen ünsüňi özüne çekýän desgalar soňlukda syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrülýär. Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki 16 gatdan ybarat ymarat hem göreni haýrana goýýar. Çünki bu binanyň edil 4-nji bilen 8-nji gatlarynyň arasyndan parran böwsüp geçýän uly şaýol bar. Şol sebäpli lift dördünji gata gelip, soňra göni sekizinji gata galýar. «Gate Tower Building» diýlip atlandyrylýan bu bina 1992-nji ýylda açylýar.

«Türkmenhowaýollary» Germaniýanyň «Hahn Air» awiakompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň hataryna goşuldy

«Türkmenhowaýollary» Germaniýany «Hahn Air» awiakompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň hataryna goşuldy. Bu barada nemes kompaniýasy öz resmi saýtynda habar berdi. «Dünýäniň 190 bazaryndaky syýahat agentlikleri petekleri bron etmegiň adaty amallaryny ulanyp «Türkmenhowaýollarynyň» üsti bilen ýüklerini iberip we «HR-169» çökgünlikden goramak resminamasy boýunça kompaniýanyň peteklerini satyn alyp bilerler» diýlip, habarda bellenilýär.

Taryhyň şöhratly ýoly

Ýurdumyzdaky arheologik we binagärlik ýadygärliklerini Beýik Ýüpek ýolundan aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi medeniýetiň döräp ugran ilkinji döwürlerinde, şeýle hem orta asyrlarda kerwen ýollarynyň üsti bilen dünýä halklarynyň medeniýetleri, edim-gylymlary, däp dessurlary hem öwrenilip başlapdyr. Bu bolsa dünýä halklarynda gyzyklanma döredipdir. Şeýle gatnaşyklaryň rowaçlanmagynda Merkezi Aziýanyň, hususan-da, Türkmenistanyň orny örän uly bolupdyr. Şonuň bilen bir wagtyň özünde-de, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak üçin uly mümkinçilikler döräpdir. Dowamly amala aşyrylan söwda gatnaşyklary bu sebitlerde ýaşaýan halklaryň medeni durmuşlaryna öz täsirini ýetirip başlaýar. Beýik Ýüpek ýoly ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda gazanan ajaýyplyklarynyň biri bolup, taryhda Ýewropadan Hytaýa çenli ýaýylyp gidýän giňişlikde ýaşaýan halklaryň medeniýetlerini ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde halkymyzyň özboluşly taryhy-medeni mirasynyň ýadygärlikleriniň müňden gowragy döwletimiz tarapyndan hasaba alyndy. Bu sanaw taryhy ähmiýetli açyşlaryň hasabyna yzygiderli artýar. Ýurdumyzda täsin taryhy we tebigy ýadygärlikleriň sanynyň has köpdügi bu ýerlere daşary ýurtly syýahatçylary çekmäge şert döredýär. Şeýle hem taryhy-medeni mirasa juda baý bolan ata Watanymyza jahankeşdeleriň gyzyklanmasy, gelip görmäge bolan höwesi gün geçdigiçe ýokarlanýar.

«Marguş syýahat»: ýöräp, ýüzüp, uçup syýahat ediň!

Ynsan öz durmuşynda görüp-eşiden geň-enaýy zatlarynyň täsirini hiç wagt ýatdan çykarmaýar. Syýahatçylyk hem ynsanyň ruhy islegini kanagatlandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz geçmişde gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, iri ulag geçelgeleriniň çatrygyndaky gülläp ösen mekan, ýokary medeniýetiň, ylym-bilimiň, deňsiz-taýsyz gymmatlyklaryňdyr nygmatlaryň ojagy hökmünde tanalypdyr. Türkmenistan häzirki wagtda-da dünýä döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynanyşmak esasynda gatnaşyklaryny ösdürýär, syýahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyklary berkidýär. Ýurdumyzyň baý taryhy we tebigy syýahatçylyk ýerleri daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär. Ýurtlaryň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklarynyň gerimi indi has-da giňeýär. Ýurdumyzdaky syýahatçylyk kärhanalarynyň sany gün-günden artýar.

Kitler üçin ilkinji deňiz goraghanasy

Dominikanyň ownuk adalarynyň biri bolan Karib adasynyň günbataryndaky 800 inedördül kilometre golaý deňiz meýdany dünýäniň ýitip barýan äpet suw jandarlary bolan kitler üçin goraghana hökmünde kesgitlener. Ýurduň premýer-ministri ajaýyp we örän akylly haýwanlaryň howpsuz şertlerde ýaşamagyny üpjün etmek, suwy hem-de howany arassa saklamagy dowam etdirmek isleýändiklerini belleýär. Alymlaryň belleýşine görä, goraghana diňe bir howpsuzlygy üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda we başga-da birnäçe ekologik hereketlerine goşant goşar. Goraghana açylansoň, balyk tutmak we halkara gämi gatnawy çäklendiriler. Şeýle-de, bu ýere kiti görmäge gelýänler üçin bellenilen çäkde mümkinçilikler dörediler.

Jümle-jahan habarlary

Iň uly gämi ýüzüşe taýýarlanylýar Dünýäniň iň uly «Icon of the Seas» atly gezelenç gämisiniň ilkinji ýüzüşini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Maglumatlardan belli bolşy ýaly, ilkinji ýüzüş Maýama, ondan soňra Karib deňziniň gündogar-günbataryna tarap bolar. Finlandiýanyň Royal Caribbean Cruises kompaniýasynyň bu äpet gämisiniň uzynlygy 365 metre, ini 65 metre, agramy bolsa 250800 tonna barabardyr. Gämide ýolagçylaryň 7000-den gowragynyň amatly şertlerde dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Şonuň ýaly-da bu suw ulagynda restoranlaryň, kinoteatrlaryň, dynç alyş we fitnes zallarynyň, dükanlaryň köpsanlysy we uly akwapark ýolagçylaryň hyzmatynda bolar.

“Turkish Airlines” we “Emirates” awiakompaniýalary “Airbus” we “Boeing” uçarlaryny satyn alar

Dünýäniň awiasiýa pudagy COVID-19 pandemiýasyndan soň täzeden janlanýar. Munuň şeýledigine Dubaý şäherinde geçirilýän awiasiýa ulaglarynyň halkara sergisiniň çäklerinde özara baglaşylan iri söwda geleşikleri hem şaýatlyk edýär. Türkiýäniň “Turkish Airlines” awiakompaniýasy bilen dünýäniň iň uly uçar öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan “Airbus” kompaniýasynyň arasynda 355 uçary satyn almak barada köp milliard dollarlyk şertnama baglaşyldy.

Kerki Halkara howa menzilinde üstaşyr howa gatnawlary ýerine ýetirilýär

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Kerki Halkara howa menzilinde dürli ugurlar boýunça üstaşyr howa gatnawlary ýerine ýetirilýär. Türkmenabat Halkara howa menziliniň web sahypasynda habar berlişi ýaly uçuşlar aşakdaky ugurlarda elýeterlidir:

Türkmenabat Halkara howa menzilinde üstaşyr howa gatnawlary ýerine ýetirilýär

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Türkmenabat Halkara howa menzilinde üstaşyr howa gatnawlary ýerine ýetirilýär. Howa menziliniň web sahypasynda habar berlişi ýaly, uçuşlar aşakdaky ugurlarda elýeterlidir:

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine ýolagçy gatnawlarynyň gaýtadan başlandygyny mälim etdi. Bu barada howa gatnawçysynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Uçuşlar 17-nji noýabrdan başlar. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary Abu-Dabi halkara howa menziline gonarlar.

Abu-Dabiniň howa menzilinde özbaşdak bellige durup hem-de goşuňy tabşyryp bolýan täze terminal işe girizildi

1-nji noýabrda Abu-Dabiniň (BAE) halkara howa menzilinde ozalkydan üç esse uly bolan täze terminal açyldy. Ýüzüň biometriýasy boýunça özbaşdak bellige durmak hem-de goňuňy tabşyrmak üçin ýörite bölümleriň bolmagy bu terminalyň aýratynlygydyr. Indi ýolagçylar bu amallary has çalt geçerler. Abu-Dabiniň halkara howa menzilindäki täze terminalda biometriýa uçuşa taýýarlygyň ähli tapgyrlarynda ornaşdyryldy. Munuň özi dünýä tejribesinde ilkinji gezekdir.

«Türkmenhowaýollary» gyş paslynda 7 ýurda ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar

1-nji noýabrdan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasy 7 ýurda — Russiýa Federasiýasyna, Türkiýä, Hytaýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Birleşen Arap Emirliklerine hem-de Hindistana ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň gyşky gatnawlarynyň täzelenen tertibinde mälim edildi. «Türkmenhowaýollarynyň» uçarlary her hepdede 5 gezek Kazana, 10 gezek Stambula (gatnawlaryň biri 5-nji dekabrdan başlap ýola goýlar), 2 gezek Deli şäherine, 2 gezek Dubaýa, 2 gezek Pekine we 1 gezekden Maýnyň boýundaky Fankfurt we London şäherlerine uçarlar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa gatnawlarynyň togtadylmagyny uzaltdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji noýabrda güýje giren we täzelenen meýilnamasyna laýyklykda Russiýanyň paýtagtyna uçuşlaryň togtadylmagyny uzaltdy. Bu barada awiakompaniýa resmi turkmenistanairlines.tm web sahypasynda habar berdi. Täze meýilnama laýyklykda, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýa diňe Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlaryna hepdede 5 gezek — sişenbe, çarşenbe, penşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde gatnaw amala aşyrar.

Dünýäde iň gowy howa menzili yglan edildi

Britaniýanyň Nýukasldaky howa menzili 5 million ýolagçy gatnawly menzilleriň toparynda dünýäde iň gowy diýlip yglan edildi diýip, «LADBible» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Oňa baýrak Türkiýede geçen howa gatnawlarynyň bütindünýä koferensiýasynda gowşuryldy. Howa menziliniň direktory Nik Jons şeýle abraýly baýraga mynasyp bolandyklaryna şatdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, golaýda howa menzili ýene dört awiakompaniýanyň 12 ugur boýunça gatnawlaryny kabul edip başlapdyr.

Täsinlikler äleminde

Iň uly dynç alyş merkezi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Las Wegas şäheriniň görküne görk goşýan täsin bina gijelerine tutuş şähere ajaýyp öwüşgin çaýýar. Bina, esasan, sport çäreleri, film we aýdym-saz şüweleňleri üçin niýetlenendir. Ajaýyp binanyň beýikligi 111 metr töweregi we ini, takmynan, 157 metrdir. Okara şekilli bu täsin binada dünýäde ýokary derejeli LED ekrany bar. Bina dünýäde iň köp yşyklandyryjylar bilen üpjün edilen desga hökmünde hem giňden meşhurdyr. Ony 1,2 million töweregi yşyklandyryjy çyralar bezeýär. Şu ýylyň 4-nji iýulynda bina ilkinji gezek doly yşyklandyryldy. Binanyň gurluşygyna 2,3 milliard amerikan dollaryna barabar çykdajy edilipdir.

Täsin gum sagady

Adamyň oýlap tapmak zehinine hem-de başarjaňlygyna çäk ýok. Täzeçillige çemeleşip, täsinligi bilen adamlary haýrana goýýan eserleri döredýän adamlara goýulýan hormat hem çäksizdir. Çünki olaryň döreden eserleri ýurtlaryny dünýä tanadýar. Bu eserleri syn etmek üçin ýörite syýahata gelýärler ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, internet arkaly tanyşýarlar. Dünýäniň ilkinji iň uly gum sagady hem Ýaponiýanyň Simene şäherindäki «Gum muzeýinde» sergilenýär. Ýaponiýa gelýän syýahatçylar bu täsin gymmatlygy görmek üçin ýörite şol muzeýe barýarlar. Sagadyň beýikligi 5 metr 20 santimetre, ini 1 metre barabardyr. Sagadyň içine bir tonna gum ýerleşdirilipdir. Sagadyň ýokarky bölegindäki gum laýyk 365 günüň dowamynda, ýagny bir ýylyň içinde aşaky bölegine akýar. Täze ýylyň gelmegi bilen, 24.00 ony başaşak öwürýärler we täzeden wagt hasaby ölçenip başlaýar. Şol pursaty görmek üçin muzeýe ýörite müňlerçe tomaşaçy ýygnanyp, hem Täze ýyly agzybir garşylaýarlar, hem baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrýarlar.

«Turkish Airlines» Türkmenistana uçuşlaryň sanyny artdyrdy

«Turkish Airlines» türk awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan Stambul — Aşgabat — Stambul ugurlarynda uçuşlaryň ýygylygyny hepdede 9 gezege çenli artdyrdy. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda çap edilen täzelenen uçuş tertibinde mälim edilýär. Indi awiakompaniýanyň uçarlary Türkmenistana we yza duşenbe, sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri bir gezek, çarşenbe we anna günleri iki gezek uçar.

Doganlyk ýurda syýahat

«Pamukkale» şypahanasy Türkiýe Respublikasy dünýäniň hiç bir ýerine meňzeş bolmadyk geometrik çeşmeleri we tebigy gözellikleri bilen tapawutlanýar. «Pamukkale» şypahanasy ýurduň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Ol ýurduň günorta-günbatarynda, Deňizli şäherinden 20 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Şypahanada mineral çeşmeler köp. Bu ýerde ir döwürlerden bäri mälim bolup gelýän 17 sany mineral çeşmeleriň toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilipdir we bu ýerde düzlükden 100 metr beýiklikde görünýän, gadymdan galan wulkan hem bar.