"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Ýaraşygy bu dünýäň

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka, dünýämiz doludyr. Mertler Watany beýgeldýär, Watan hem öz ogullaryny beýgeldýär. Şol beýikligi bolsa, ilki bilen, mähribanlyk döredýär. Mähribanlyk bilen ynsana dünýäni söýmek duýgusy ornaýar. Ol duýgy eneden gaýdýar. Ene iň gowy gylyk-häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň ýaradylyşa serpaýydyr». Dünýä ineniňden mähriban ynsana gözüň düşýär, mana düşünmeseň-de, mährem seredişi, ýüzüňe gülüp bakyp aýdýan şirin sözleri, söýgüläp üwreýşi onuň saňa iň golaý ynsandygyny duýdurýar. Ilkinji sözümiziň eneden başlanýandygy üçinmi, bu söz hemişe diliň senasy bolup, tä ömrüň ahyryna çenli gursagyňda ýaňlanyp durýar.

Mähribanlygy mertebeläp

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze eseri bilen serpaýlamagy bagtyýar hem agzybir ilimizi uly ruhubelentlige atardy. Her bir döwür jemgyýetiň ösüşinde yz galdyrýan täze gymmatlyklary, şol gymmatlyklary dörediji şahsyýetleri öňe çykarýar. Ol gymmatlyklar diňe bir şu günki jemgyýetiň ösüşi däl, eýsem, geljekki nesliň ýaşaýyş mümkinçilikleriniň kuwwatly bolmagyna hem täsir edýär. Olar uly terbiýeçilik ähmiýete eýedir. Tebigy zehinini, başarnygyny adamzat durmuşyna oňyn täsir ýetirjek haýyrly işlere bagyşlan şahsyýetler öz adyny taryha ýazmak bilen birlikde, milletiň mertebesini belende göterýärler, ýurduň ösüşine, nesilleriň terbiýesine oňyn täsir edýärler. Gahryman Arkadagymyz täze edebi-filosofik eserinde ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýatlamalary, gymmatly pikir-garaýyşlary hakynda söhbet edýär. Mähriban Arkadagymyz täze kitabynda halkymyzyň milli ýörelgeleri, gymmatlyklary, aýratynlyklary, olary ýaş nesli döwrüň ruhuna laýyk terbiýelemekde peýdalanmagyň maksatlary barada hem giňişleýin pikir ýöredýär. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň «Watan — enäniň kalby» atly bölümini okaýarkaň, Watan mukaddesligi, ene-ata mähribanlygy, olara hormat-sarpanyň, gadyr-gymmatyň ähmiýeti ruhuňa ornaýar. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat eje baradaky ýatlamalary ene mukaddesligini ýene bir ýola ör-boýuna galdyrýar.

Zenan zeri bezände...

Ata-babalarymyz: «Islendik göwher hem syntgylanýandyr», «Ata-enäniň bahasy bolmaz, altyn-kümşüň könesi bolmaz», «Sabyr düýbi sap altyn», «Bedew jul içinde, göwher kül içinde», «Göwher her näçe ýeriň düýbünde bolsa-da, gymmatyny ýitirmeýär. Tozan näçe asmana galsa-da, tozanlygyna galýar» diýip, durmuşyň manysyny zer bilen deňeşdirip, altyn-kümşüň, göwher daşlaryň gymmatyny dürli nakyllaryň, pähimleriň üsti bilen nesillere miras galdyrypdyrlar. Öz milli şaý-seplerini söýmeýän zenan, oňa guwanmaýan halk ýok bolsa gerek. Bu günki güne çenli şaý-sepleriň ýasalyşy, görnüşleri, hili dünýä ýüzünde has-da kämilleşdirildi. Häzirki wagtda dünýä belli zergärler bar. Olar zenanlar üçin asmanda ýalkym saçýan ýyldyzlary ýere düşüren ynsanlar hasaplanylýar. Aslynda, zer zenany bezeýär. Gijäni ýyldyzlar, zenany şaý-sepler bezeýär. Ýöne bu günki gün zeri bezeýän zergär zenanlar hem az däl. Asly taýwanly meşhur zergär Sindi Çao hem şolaryň biridir.

Oýunjaklar üçin sebet

Eger-de siziň çagalaryňyzda ýumşak oýunjaklar köp bolsa, onda olary saklamak üçin sebet hökman gerekdir. Matadan tikilen sebet çaga otagyny giňeltmäge kömek edýär. Gerekli esbaplar:

Öý bikesi öwrense...

Duza ýatyrylan gyzyl bolgar burçy Gerekli önümler: 3 kg gyzyl bolgar burçy, 1 düwüm sarymsak, 1 çemçe duz, 1 käse ýag, 1 çaý çemçe sirke, ýarym bogdak ot.

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Sentýabr 2023

HAMAL Guzy 21.03 — 20.04 Oktýabr hamallar üçin dürli wakalardan doly bolar. Işiňiz bilen bagly käbir çözülmeli meseleleri göz öňüne tutsaňyz, aýyň başyndan biliňizi berk guşamaly bolarsyňyz. Sagdyn pikirlenmek size edil howa ýaly möhüm. Kärdeş ýoldaşlaryňyz bilen ysnyşykly gatnaşyk saklamak işiňizi ýeňilleşdirer. Gabanjaňlygyňyzy aýryp, ünsüňizi işiňize gönükdirmek maşgala durmuşyňyzy hem ýeňilleşdirer. Oktýabr aýy üstünlik gazanmak aňsat düşmese-de, aýyň ahyryna çenli eden tagallalaryňyz öz miwesini berer. Ýyldyzlar size duýguçyl hereket etmekden gaça durmagy maslahat berýär. Çykdajyňyzy we girdejiňizi deňagramly saklamagy başarmasaňyz, maddy ýagdaýyňyz durnuksyz bolup biler. Umuman, bu döwürde hamallar özlerini rahat alyp baryp, durmuşyň akymyna görä hereket etmeli bolarlar.

Ertirlik

Mähriban okuwçylar, altyn güýzüň ilkinji günlerinden ir säher bilen ak mekdeplere rowana bolýansyňyz. Her gün irden ertirlik edinmek bolsa hökmanydyr, saglygymyz üçin peýdalydyr, mekdepde işjeňligiňiz üçin hem gerekdir. Biz žurnalymyzyň şu sanynda ýeňil ertirlikleriň biriniň taýýarlanylyşyny size öwretmegi makul bildik. Gerekli önümler:

Bagyndan bagt tapan

Ogulşirin Ýazdurdyýewa ýaşlygyndan käbesi, Zähmet Gahrymany Patma ejäniň göreldesine eýerdi. Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşligindäki bagçylyga ýöriteleşdirilen adybir daýhan birleşiginde bagbançylyk bilen meşgullanyp başlady. Toprak, howa şertlerimize uýgunlaşan we bol hasyl berýän dürli görnüşli miweli baglary hem-de üzümi ösdürip ýetişdirmekde, olardan bereketli hasyl almakda baý tejribe toplady. Bu ugurda oňa ilki bagban ejesi halypalyk edip, özüniň bilýänlerini yhlas bilen öwretdi. Ýaş bagban 1981-nji ýylda häzirki S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine okuwa girýär hem-de ony üstünlikli tamamlap, alym-agronom bolup dogduk obasynda işe başlandan baglary sapmak, ýaş nahallary ýerli şertlerde ýetişdirmek bilen içgin gyzyklanýar. Ýaş hünärmen Baýramaly etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginde zähmet ýoluny dowam edýär. Işbaşarjaň zenanyň diňe bir daýhançylyk tejribesini däl, ýokary guramaçylygyny-da göz öňünde tutup, ony Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şu daýhan birleşigindäki ilkinji guramasyna ýolbaşçy edip belleýärler. Soňra «Parahat» daýhan birleşiginiň başlygynyň medeniýet işleri boýunça orunbasary bolup işleýär.

Bagbanlar maşgalasy

Awtoulaga ullakan sebedi tas goşýumruk ýaly diýdiriberýän garalydan doldurylan aýal mündi. Ulagdakylaryň ünsüni, ähli zatdan beter, onuň gyzyl garalylary çekdi. Sebedini özi oturmazdan öň ýerleşdiren aýal oňa ymsynyp sereden oglanjygyň eline iki sany garalyny tutdurdy-da: — Öýüňize baraňsoň, ýuwup iýgin! — diýdi.

Maşgala agzybirligi — jemgyýetiň jebisligi

Maşgala jemgyýetiň esasy sütüni bolup, durmuş gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýedir hem-de edep-terbiýe ojagydyr. «Maşgalam — baş galam» diýilmegi hem ýöne ýerden däldir. Ata-babalarymyzdan gaýdýan asylly ýörelgelere salgylananymyzda hem, maşgala aýratyn ornuň degişlidigine göz ýetirmek bolýar. Olarda maşgalanyň gymmatlygy, mukaddesligi we agzybirligi baradaky düşünjeler öz beýanyny tapýar. Sebäbi çaganyň edepli, ilhalar, watansöýüji adam bolup ýetişmegi maşgaladaky terbiýä baglydyr. Ululara bolan söýgi we olara hormat goýmak öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýar. Maşgalanyň durmuş taýdan goraglylygyny we abadan durmuşyny üpjün etmek, ýeňillikler bermek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwlet goragynda durýarlar» diýlip bellenilmegi hem munuň subutnamasydyr. Maşgala hukuk gatnaşyklary öz beýanyny tapýan maşgala kanunçylygynda maşgalany goramagyň döwlet kepillikleri bellenilip, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, şeýle hem maşgala gymmatlygyny goramaga gönükdirilen wezipelere laýyk gelýän möhüm durmuş şertleri göz öňünde tutulýar.

Ylym menzillerinde

Ejegül demir ýol gullukçysynyň maşgalasynda dogulýar. Kakasy ir ýogalandan soň, alty çaganyň iň ulusy hökmünde ejesine kömek edýär. Aşgabadyň 12-nji orta mekdebini üstünlikli tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh-hukuk fakultetine okuwa girýär. Uniwersitetde okaýarka, öz mugallymy, taryh ylymlarynyň doktory, professor Annageldi Gubaýewiň ýolbaşçylyk edýän arheologiýa gurnagyna gatnaşýar. 1973-nji ýylda uniwersiteti tapawutlanan diplom bilen tamamlandan soň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň arheologiýa bölüminde işe başlaýar. Şol ýyl taryh ylymlarynyň doktorlary, arheologlar Ýegen Atagarryýewiň we Hemra Ýusubowyň ýolbaşçylygynda Şähryslama guralan arheologiýa ekspedisiýasyna gatnaşýar. Bu onuň ilkinji ekspedisiýasydy. Ol şonda meýdanda işlemegiň öz aýratyn kynçylyklarynyň bardygyna garamazdan, gazuwda ýüze çykarylýan her bir tapyndyny eliňe almagyň, üsti açylýan jaýlaryň galyndylaryny görmegiň we täze maglumatlary toplamagyň üýtgeşik lezzetiniň bardygyna göz ýetirýär. Ejegül A.Gubaýewiň, Ý.Atagarryýewiň, H.Ýusubowyň, W.Pilipkonyň, I.Masimowyň ekspedisiýalaryna gatnaşyp, hersinden arheologiýanyň çylşyrymly tärlerini öwrenýär. Ol daşary ýurtly tanymal alymlaryň ekspedisiýalaryna hem gatnaşýar. Olardan W.M.Massonyň «Altyndepe», I.N.Hlopiniň «Sumbar», W.I.Sarianidiniň «Marguş», N.F.Solowýowanyň «Ýylgynly» türkmen-rus, O.Lekont bi

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Öz neslinde kämilligi görmek isleýän halkymyz hemişe maşgala terbiýesine aýratyn üns berýär. Her bir maşgalada terbiýäniň gözbaşy hökmünde ata-babalarymyzdan gelýän edep-ekramlylyk, asyllylyk, mylaýymlyk, mertlik ýaly ýörelgelerden ugur alynýar. Terbiýe meselesinde hiç hili ýalňyşlyga ýol bermegi gowy görmeýän halkymyz öz milli terbiýesine togaplydyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle belleýär: «Käte maşgalada ene-atalaryň çagalaryna dözmezçilikden, ýüregi ýukalykdan öýüň bar aladasyny özleri edýän halatlary bolýar. «Ýaşlar ýaşlygyň hözirini görsünler, öz başlaryna düşende ederler» diýýärler. Ýöne şeýle ýagdaýda ýyllaryň dowamynda toplanýan tejribe hem-de ýagşy endikler gözden düşürilýär». Çagalary näçe gowy görsegem «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýilýän halk pähimini unutmaly däldiris. Şonuň üçin hem terbiýe, esasan, maşgalada, mekdepde berilýär. Bu babatdaky tagallalaryň birleşmesi bolsa terbiýäni maksadyna ýetirýär. Bu meselede ata-eneleriň, mugallymlaryň orny örän uludyr.

Hala örklenen ykbal

Aknabat orta mekdebi tamamlandan soňra haýsy käri saýlasamkam diýip köp oýlanyp oturmady. Ol ejesine halyçy bolmak isleýändigini ýaňzydanda, Ogulkeýik daýza: «Gyzym, ondan gowy kär bolarmy, halyçynyň hünärini ele alsaň-a, bagtyň özi seni tapar» diýip, gyzynyň pikirini ikelläp goldady. Mähriban ejesiniň ak pata bermegi bilen, Aknabat 1994-nji ýylda Halajyň çeper halyçylyk kärhanasyna işe geldi. Ony halypa halyçy Saparaý Hudaýberdiýewa şägirt edip berkidýärler. Haly dokamagyň ilkinji kynçylyklaryny özüniň erjelligi bilen ýeňip geçen Aknabat, halypasynyň tama edişi ýaly, barha ussatlaşdy. Soňabaka ol halyny özbaşdak dokap başlaýar. Iň kyn halylar bu ýerde dokalýan mozaika halylarydy. Aknabat öz ukybyny synap görmek üçin, ilki bilen, tebigatyň keşbi çitilýän halyny özbaşdak dokamaga aldy. Kärhananyň ýolbaşçylary şonda bu halyça nähili kyn haly bolsa-da, ynanyp boljakdygyna göz ýetirdiler. Aknabat özüne bildirilen ynamy kemsiz ödemegi başardy. Şondan soň ol mozaika şekilli halylary-da dokap başlady. Tebigatdaky gözellikleri, gum depeleriniň arasy bilen barýan kerweni, guba-gazly köli ýada salýan halylary dokady. Şeýle şekiller diýseň täsin we özüne çekiji. Olara nazary düşen adam ondan uzak wagtlap gözüni aýryp bilenok.

Eneleriň alkyşy egsilmesin!

«Iňňä, iňňä...». Maşgalada ýene bir perzent dünýä indi. Ene mähirli ýylgyryp, çowlugyny eline aldy. Bu balajygyň neslini dowam etjek täze durmuşyň eýesidigini ýatlap, baý, guwanmak guwandy. Jennetiň ysy bark urýan balany ýokary galdyryp, onuň «jennet ysyny» içine çekdi. Ol enelik duýgusyny jany-teni bilen ýene bir gezek duýdy. Durmuşy manyly ýaşamak hemmeleriň arzuwy. Her bir ene ynsan balalaryny ösdürip, kemala getirip, gözli-başly edenden soňra, olaryň lezzetini görüp, bagtyýar ýaşamak isleýär. Emma perzentlerinden soňra agtyk-çowluklaryny görüp, olara hem guwanmak adam üçin elýetmez bagt bolsa gerek! Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynyň ýaşaýjysy, 90 ýaşly Sapargül Berdiýewa hem şeýle bagtly eneleriň biri.

Perwanalardan ylhamly dizaýner

Aýakgaplar öndürilip başlaly bäri, adamlaryň durmuşynda esasy orny eýeläp gelýär. Aýakgap dizaýnerleriniň biri: «Eşigiň her näçe sada bolsa bolsun, bir jübüt köwüş onuň gözelliginiň üstüni ýetirer» diýse, ýene biri: «Aýakgap hem eşikdir, çünki ol biziň aýagymyzy bezeýär» diýip belleýär. Hakykatdan hem, bu gün aýakgaplar, edil egin-eşikler ýaly, adamlaryň biri-birinden tapawutly dünýäsinden söz açýar. Bir žurnalist zenan: «Şazada duşmak üçin onuň ak atly gelerine garaşma-da, aýagyňa bolar ýaly bir jübüt owadan köwüş saýla» diýeninde mamla. Zoluşkanyň hrustal köwşi bilen şazada duşuşy hemmeleriň ýadyndadyr. Asly rumyniýaly köwüş dizaýneri Amina Muaddi bolsa «Zoluşkanyň köwşi» atly aýna ýaly dury deriden edilen zenan aýakgaplary bilen her bir ýaş gyzyň hrustal köwüşli bolmagyny üpjün etdi. Aýakgap dizaýnerleriniň, kärhanalaryň sanynyň artmagy aýakgaplaryň görnüşleriniň, brendleriniň köpelmegine getirdi. Bu gün hrustal ýaly dürli gaşlar, bezegler bilen bezelen köwüşler näçe diýseň bar. Dünýäde, esasan, zenan aýakgaplarynyň görnüşleri agdyklyk edýär. Soňky wagtda zenanlaryň aglabasy gaşly aýakgaplara köp isleg bildirýär. Ýöne bu gezekki tanyşdyrmakçy bolýan aýakgap dizaýnerimiziň döredýän köwüşlerini görseňiz, şolardan bir görnüşiniň aýakgap tekjäňizde bolmagyny islärdiňiz.

Ýylyň iň gowy önümleri

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde hususyýetçilige uly üns berilýär. Şonuň üçin hem önümçiligiň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça döwrebap kärhanalaryň, täze markalaryň, brendleriň, modalar öýleriniň sany köpeldi. Olar her ýylda öz öndürýän önümleriniň hili, görnüşi, önümçilik mukdary, hatda ýylyň-ýylyna girýän girdejisiniň mukdary, harytlarynyň iň köp satylan sany, umuman, şular ýaly dürli ugurlar boýunça öz aralarynda bäsleşýärler. Öndürijileriň arasyndaky bäsleşikler bolsa dünýä ykdysadyýetiniň ösmegine uly täsir edýär. Biz okyjylarymyzy şu ýylyň iň gowy brend harytlary hökmünde öňe çykan nysakçylyk öýleriniň onluk sanawy bilen tanyş etmek isleýäris. Dior. 1946-njy ýylda meşhur dizaýner Kristian Dioryň esaslandyran bu fransuz kompaniýasy eýýäm dört ýyl bäri öňdeligi eýeläp gelýär. Dünýäniň ençeme ýurtlary bilen söwda aragatnaşygyny saklaýan bu kompaniýa soňky ýyllarda internet söwdasyny we elektron töleg ulgamyny has-da ösdürdi.

Matadan tikilen torba

El goşlaryňy salmak üçin içliksiz, jübüsiz matadan tikilen torba hem oňaýly hem-de ekologik taýdan arassadyr. Ol ýeňiljek we göwrümli. Torbany galyň hem-de ýuka matadan tikip bolar. Bu torbany her bir zenan özbaşdak taýýarlap biler.

Gaýçy üçin daşlyk

Owadan bezegli, içlikli, bezeg jäheginden ildirgiç edilip, ilige dakylan ýönekeý daşlyklar gaýçyny saklamak üçin amatly hem-de özüne çekijidir. Daşlyklary bir reňkli matadan, ýüzüne nagyş edip taýýarlasaň hem bolýar.

Ýumurtga barada

Ýylyň ähli paslynda ulularyň we çagalaryň lezzet alyp iýýän iýmitleriniň biri bolan ýumurtgany zaýalaman saklamagyň syrlaryny bilmek gyzykly bolsa gerek. Bilermenleriň aýtmagyna görä, ýumurtgany sowadyjyda görkezilen möhletinden, ýagny 3 — 5 hepdeden artyk saklamak we iýmek bolmaýar. Şeýle hem ýumurtgany et we süýt önümlerinden uzakda saklamaly. Eger-de ýumurtgany gaýnadyp, sowadyjyda goýan bolsaňyz, ony 1 hepdeden artyk saklamaň. Ýogsa-da, ýumurtganyň ýaramlydygyny ýa-da zaýanlanandygyny nädip anyklamaly? Bu barada ene-mamalarymyzdan eşiden gürrüňlerimizi size ýetirmegi makul bildik. * * *

Öý bikesi öwrense...

Dürüşdeli ýeralma Gerekli önümler: Ulurak ýeralmalaryň 2-si, 150 g peýnir, 50 g towugyň döş eti, 30 g mesge ýagy, ýaş sogan, 2 nahar çemçe süýt, 1 çaý çemçe duz.