Kino dünýäsiniň ýagty ýyldyzy
«7/24 tm» № 34 (169) 21.08.2023 Belli Bolliwood kinoindustriýasyny dörediji, režissýor, prodýuser, aýdymçy we aktýor Raj Kapur 1924-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Hindistanyň Peşawar şäherinde (häzirki wagtda ol Pakistanda ýerleşýär) dünýä inýär. Raj Kapuryň kakasy Pridhwiraja Kapur öz döwrüniň zehinli aktýory bolupdyr. Kakasynyň döredijilik dünýäsine maýyl bolan kiçijik Raj boş wagt tapsa, onuň surata düşýän meýdançasyna gelip, kino surata düşürilişini synlap oturýan eken. Wagtynyň köpüsini kakasynyň iş ýerinde geçirýän Raj kino we teatr sungatynyň inçe syrlaryny irgözinden öwrenýär.