"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Jöwen, zagara, köje...

Halk senenamasy boýunça Aralyk döwri 22-nji iýulda tamamlanyp, Üçýyldyz döwri başlandy. Daýhanlarymyz bugdaýdan boşan ýerlere aralyk ekinleri ekip, şu günler olara ideg edýärler. Daýhan üçin-de, daýhan birleşigi üçin-de örän amatly we girdejili bolan aralyk ekinleriň şu ýyl Lebap welaýatynda 10-dan gowrak görnüşi ekildi. Olaryň içinde şaly, dary, mäş, noýba, bakja, jöwen ýaly ekinleri köpräk eken daýhanlarymyz bu önümleriň bazar bolçulygyny-da döredýärler. Ýurdumyzda başlanan düýpli oba hojalyk özgertmeleri daýhanlarymyzyň öz önümleriniň hasabyna baýap bilmegi üçin giň mümkinçilikleri açdy. Bu — birinjiden. Ikinjiden, toprak kartogrammasy esasynda geçirilýän ekin dolanyşygy ýeriň gurplanmagyna we topragyň düzüminiň baýlaşmagyna şert döretdi. Üçünjiden, daýhanlarymyzyň dary, jöwen ýaly şu günlere ýetiren birnäçe ekinleriniň ýene-de ak bazarlaryň tekjelerinde peýda bolmagyna getirdi. Olary bazarda gören ýaşuly nesliň wekilleri söýünç bilen ýüzüne syldylar. Neneň şeýle bolmasyn?! Ata-babalarymyzy köp dertlerden, bela-beterlerden goran ak jöweniň «zagara» diýilýän çöregi şu günki günde hem ähmiýetini ýitirenok. Jöweni öňler mellek ýerlerinde ösdürip ýetişdiren daýhanlar indi ony aralyk ekin hökmünde gektarlap ekip başladylar.

Daýhan mert — ýer jomart

22-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda-da ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak maksady bilen, bugdaýy galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara ýitgisiz daşamak, ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär, ekiş möwsümi üçin ýokary hilli tohumlar taýýarlanylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny güýzki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

Ahal Bäsdeşlige ukyply harytlar

1 mil­lion 400 müň ton­na­dan gow­rak ak bug­daý!

Eder­men gal­la­çy­lar zäh­met ýeň­şi­ni ga­zan­dy­lar 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. «Oguz han» köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy.

Daýhan mert — ýer jomart

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan: — Halkymyzyň ekin-dikin bilen baglanyşykly döreden nakyllarynyň özi hem uly tejribeden habar berýär. Men «Paýhas çeşmesi» atly kitaby çapa taýýarlamak üçin toplanan nakyllary seljerenimde, olaryň her biri hakynda örän içgin oýlandym. Şeýle nakyllarda siz nämeleriň aýdylýandygy barada oýlanyp görüň, şonda bu sadadan düşnükli bolup görünýän atalar sözleriniň nähili çuň mana eýedigine, nähili beýik tejribä esaslanýandygyna ýene bir ýola göz ýetirersiňiz. Şunuň bilen birlikde, käbir nakyllar barada, gysgarak hem bolsa, öz pikirimi aýdyp geçesim gelýär:

Azyk üpjünçiliginiň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan oba hojalyk pudagy aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan ýeňillikler döredilýär. Şeýle hem önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen dürli görnüşdäki ýeňillikleriň berilýändigini bellemek bolar. Bularyň ählisi «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk hukuk namalary bilen berkidilendir. Irki döwürlerden bäri ekerançylyk medeniýetiniň ösen ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistanda häzirki wagtda hem ene topraga yhlasly zähmet bilen çemeleşilýär. Şol sanda döwrüň talabyna laýyklykda täzeçil usullara hem eýerilýär. Oba hojalyk toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň täze tehnikalar satyn alynýar. Bu bolsa daýhanlaryň ýetişdiren hasyllaryny çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam edýär. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanalarynyň, saýlama bugdaý tohumlaryny taýýarlaýan bölümleri bolan elewatorlaryň we degirmen toplumlarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi bu pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär.

Halal gazanç — rysgal-döwlet

Halkymyzda «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýen paýhasly söz bar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary üçin bu, hakykatdan hem, şeýle boldy. Olar şu ýyl Watan harmanyna bereketli bugdaý hasylyny tabşyryp, zähmet üstünligini gazandylar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak hakyndaky Karary kabul etdi. Şonuň netijesinde-de, kärendeçi daýhanlaryň, daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň yhlasly zähmet çekip, has-da uly girdeji almaklaryna şert döredildi.

Gowaça meýdanlaryndaky joşgunly zähmet

Häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli künjeklerinde gowaça göwnejaý ideg etmeklige gönükdirilen çäreleriň depgini barha giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlaryndan ýerlikli peýdalanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy üstünliklere beslemegi maksat edinýän pagtaçy daýhanlar giň meýdanlarda ir ertirden giç agşama çenli öndürijilikli zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde-de günsaýyn boý alyp, gül-gunçalara basyrynýan gowaçalar atyzlara bezeg berýär. Munuň şeýledigini Görogly etrabynyň çäklerinde hem görmek mümkin. Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileriniň hem bu babatdaky derwaýys işleri guramaçylykly alyp barýandyklaryny bellemek bolar. Olar şu ýylyň baharynda jemi 1600 gektar meýdana gowaça ekip, kadaly gögeriş gazanmak bilen, onuň ideg çärelerine-de öz wagtynda girişipdirler. Daýhan birleşiginiň baş agronomy Jumageldi Çülliýewiň aýtmagyna görä, şu geçen döwürde gowaçalary ýekelemek, haşal otlardan arassalamak, iýmitlendirmek boýunça işler ýokary hilli ýerine ýetirilipdir. Şu günlerde bolsa olara ösüş suwuny tutmaklygy talabalaýyk amala aşyrmak ugrunda ähli çäreler görülýär.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Daýhanyň bagty Şu günler welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri gowaçanyň idegini ýetirmek maksady bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Her bir kärendeçi gowaçalaryň hasylynyň bereketli bolmagy üçin agrotehniki çäreleri geçirmek bilen meşgullanýar. Baýramaly etrabynyň “Gökdepe” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nurgözel Öwezmyradowa hem şolaryň hatarynda. N. Öwezmyradowa şu ýylyň baharynda 15 gektar ýerine gowaça ekdi. Ýerleriň ekişe agrotehnikanyň talaplaryna görä taýýar edilmegi, ekişiň öz wagtynda ekilmegi netijesinde topraga atylan her bir tohum kadaly gögerdi. Daýhanyň yhlasly idegi netijesinde häzirki wagtda şahalary sagdyn, ýapraklary doýgun gowaçalaryň açylýan gülleri hasylyň bereketli boljagyndan habar berýär.

Çekseň zähmet — ýagar rehnet

Bagy bereketli bagban Halkymyzda guýy gazmak, köpri gurmak, ýol çekmek sogaply iş hasaplanylýar. Edil şonuň ýaly, bag ekmegi hem şolaryň hataryna goşsaň ýerlikli bolar. Sahawatly işlere baş goşup, il alkyşyna mynasyp bolýan ynsanlary göreniňde buýsanjyň artýar. Welaýatymyzda dürli baglary ýetişdirmek bilen, bereketli saçaklarymyzyň naz-nygmatdan doly bolmagyna mynasyp goşant goşýan bagbanlaryň birnäçesi bar. Olaryň biri hem Sakarçäge etrabynyň «Akýap» daýhan birleşiginden Şemşat Rahmanowadyr.

Bereketli saçaklaryň bezegi

Azyk bolçulygy — eşretli ýaşaýşyň kepili Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleri agrosenagat pudagynda gazanylýan üstünliklerde mynasyp beýanyny tapýar. Gallaçy daýhanlarymyzyň ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnap almakda ýeten belent sepgitleri muny doly tassyklaýar. Welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleri hem bu zähmet üstünligine mynasyp goşantlaryny goşdular. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanyna gelip, galla oragyna ak pata bermeginden ruhlanan kärendeçiler şertnamalaýyn borçnamalaryna ilkinjileriň hatarynda abraý bilen hötde geldiler.  

Ideg işleri geçirilýär

Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda belent menzillere ýetilýär. Döwletimiz tarapyndan pudagyň zähmetkeşleri üçin döredilýän ýeňillikler kärendeçilerimiziň ýylyň-ýylyna ene ýerden bol hasyl almaga bolan höwesini, yhlasyny has-da artdyrýar. Tomsuň ilkinji aýlarynda bereketli pellerden bugdaýyň bol hasylyny ýygnan kärendeçilerimiz şu günler şalynyň hem göwnejaý idegini alyp barýarlar. Şu ýyl etrabymyz boýunça jemi 3140 gektar meýdana şaly ekildi. Işiniň ugruny bilýän ussat daýhanlar bu ekinden bol hasyl almakda öňdebaryjy iş usullaryndan göwnejaý peýdalanýarlar. Ekin meýdanlarynda endigan gögeriş alnan şalynyň hasyllylygyny artdyrmak ugrundaky işjanlylyk kärendeçilerimiziň arzyly sepgide üstünlikli ýetjekdiklerine ynamy artdyrýar.

Bakjaçylaryň yhlasy

Ýurdumyzyň daýhanlarynyň gazanýan üstünlikleri milli ykdysadyýetimiziň ösüşlere beslenmegine, azyk bolçulygynyň has-da berkemegine itergi berýär. Munuň şeýledigini 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki hasabatlar-da tassyklaýar. Onda şu ýylyň geçen 6 aýynda oba hojalyk pudagynda 5,8 göterim ösüş gazanylandygy nygtalýar. Pudagyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegi üçin bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyz daýhanlarymyza ýeňillikli goldaw-hemaýatlary berýär. Şeýle hemaýatlardan netijeli peýdalanýan hojalyklaryň biri-de Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýolly» daýhan hojalygydyr. Ene topraga idi-yssuwat etmekde köplere görelde bolýan, halal zähmet çekip, eşretli durmuşyň hözirini görýän Aždarguly Rejepgulyýew ogly Maksada daýhançylyk kärini heniz ýaşlykdan öwredip başlaýar.

Garpyzyň bol hasyly

Sarahs etrabynyň «Ýolly daýhan» daýhan hojalygynda gök-bakja önümlerini öndürmekde hem guwandyryjy işler alnyp barylýar. Şu ýyl tejribeli bakjaçylaryň yhlasy bilen ýerleriň irgözünden ekişe taýýarlanmagy, topraga tohum taşlanyp ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy netijesinde daýhan hojalygynda garpyzyň guwandyryjy hasyly ýetişdirildi. Bu gün meýdanlar gözel görnüşi bilen ünsüňi özüne çekýär. Idegi ýetirilip, dökünden, suwdan kemsiz gandyrylan garpyzly meýdanlaryň bol hasyly göwnüňi göterýär. Daýhanlar hasyly ýygnamak işi bilen gümra. Tejribeli bakjaçy daýhanlar Döwran Ataýewiň, Gurbandurdy Baýramdurdyýewiň ýetişdiren garpyzlary meýdanlardan ýygnalyp, ak bazarlarymyzda ilata terligi bilen ýetirilýär.

Waharmanly bakjaçylar

Şu günler ak bazarlarymyzdaky bakja ekinleriniň bolçulygyny göreniňde gözüň dokunýar. Tomus günlerinde köpleriň islegli önümleri bolan gawun-garpyzlaryň bolçulygy başarjaň bakjaçylaryň yhlasly zähmeti bilen döreýär. Tejen etrabynyň «Waharman» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer bakjaçylary-da her ýyl türkmeniň şirin-şeker nygmaty bolan gawun-garpyzlaryň bol-bereketli hasylyny ýetişdirip gelýärler. Tejeniň, Babadaýhanyň we beýleki etrap merkezleriniň ak bazarlarynda gürrüňi edilýän hojalygyň zähmetsöýer bakjaçylarynyň alyn derini siňdirip ýetişdirýän gawun-garpyzlarynyň alyjysy ýetik. Türkmen bakjaçysynyň guwanjy bolan waharman gawunynyň adyny buýsanç bilen göterip gelýän bu hojalygyň başarjaň bakjaçylary uly ösüşlere we özgerişlere, wakalara beslenýän şanly ýylymyzda-da gawun-garpyzlaryň göwün göteriji hasylyny ýetişdirdiler. Ak bazarlarymyzda hemişe islegli önümleriň biri bolan baldan süýji, hoşbaý ysly, keşde torly waharman gawunlarynyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde hojalygyň zähmetsöýer bakjaçylaryndan Çary Ýalkabow, Arslan Öwezow, Atajan Muhammedow, Merdan Çaryýew, Süleýman Muhammetgulyýew, Gurbanýaz Öwezow dagynyň tagallalary has-da uly boldy. Islegli önümleri ýetişdiren bakjaçylarymyzyň datly nygmatlary bu gün ak bazarlara, supralara bezeg goýýar.

Ussat daýhan

Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginde ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekde adygan kärendeçi daýhanlaryň onlarçasy bar. Şolaryň biri-de 2-nji kärendeçilik toparynyň öňdebaryjy kärendeçisi Parahat Durdyýewdir. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyň eýesi zähmetsöýer kärendeçiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýetişdiren galla hasyly has-da bereketli boldy. Ol 10 gektar kärende ýerinde «Alekseýiç» görnüşli bugdaýy ýetişdirip, şol meýdandan bugdaýyň 20 tonna 230 kilogramynyň ýerine, 60 tonnadan gowragyny Watanymyzyň galla harmanyna goşdy. Şeýlelikde, öňdebaryjy daýhan bu baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny 298 göterim ýerine ýetirdi.

Göwnejaý taýýarlyk görülýär

Kaka etrabynyň gallaçylary geljek ýylyň hasyly üçin 42 müň 400 gektarda güýzlük däne ekişini geçirmegi meýilleşdirýärler. Şoňa görä-de, olar meýdanlary ekiş möwsümine göwnejaý taýýarlamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Etrabyň oba zähmetkeşleri şu günler ekerançylygyň we daýhançylygyň ýörelgelerinden ugur alyp, ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini alyp barýarlar. Işleriň alnyp barlyşynyň ýokary hilli, talabalaýyk bolmagyny gazanmak üçin işe dahylly hünärmenler yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Ekişe niýetlenilen ýerleri dökünlemek hem taýýarlyk işleri utgaşykly amala aşyrylýar. Ekerançylyk meýdanlar fosfor bilen iýmitlendirilip, ýerler gurplandyrylýar.

Gowaçalar hasyl toplaýar

Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň Myrat Töräýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçilik toparynyň pagtaçy daýhanlary üstümizdäki ýylda 100 gektar meýdana gowaçanyň saýlantgy görnüşini ekip, şu günler ekiniň ideg işlerinde yhlasly zähmet çekýärler. Toparyň kärendeçileriniň her biriniň häzirki işleri göwnejaý alnyp barmagy gowaçanyň ýokary hasyl toplamagyna getirýär. Kärendeçiler Şamuhammet Myradow, Mähri Meredowa, Merdan Muhyýew, Enejan Hojageldiýewa, tejribeli suwçy Atabaý Meredow dagynyň çekýän asylly zähmetleri öwgä mynasypdyr. Mehanizator Öwezmyrat Jumanýazow gowaçalaryň hatarara bejergi işlerini ýokary hilli geçirip, gündelik tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirmegi başarýar.

Sürüm işleri geçirilýär

Ak bugdaý etrabynda bugdaý hasylyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Üstümizdäki şanly ýylda etrabyň gallaçy daýhanlary 26 müň gektaryň hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak bilen, bu işe turuwbaşdan jogapkärli çemeleşýärler. Sürüm işi hem oba hojalygynda möhüm çäreleriň biridir. Ýokary hilli sürümiň topragy indiki ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamakda uly ähmiýeti bardyr. Muňa oňat düşünýän etrabymyzyň oba zähmetkeşleri häzirki meýdan işlerini göwnejaý ýerine ýetirýärler. Sürümde tehnikalaryň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. «Ak üzüm», «Üzümli toprak» daýhan hojalyklarynda bu babatdaky işler aýratyn bellärlikdir.

«Ak derýanyň» gawuny

Köneürgenç etrabynyň «Akderýa» daýhan birleşiginiň bakjaçy kärendeçisi Babamyrat Ýuldaşow hem ata-baba bakjaçylyk kesp-kärini dowam etdirýär. Ýakynda biz bu bakjaçy kärendeçi bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol gawuny ösdürip ýetişdirmek barada şeýle gürrüň berdi: — Bakja ekini bolan gawuny ösdürip ýetişdirmek ata-baba kesp- kärlerimiziň biri. Maşgala agzalarym bilen bilelikde ençeme ýyllardan bäri 1 gektar ýerde gawunyň birnäçe görnüşini ösdürip ýetişdirýärin. Şu ýyl gawunyň gök gürbek, gökje, igde ýaprak, garrygyz ýaly görnüşlerini ekdik. Gawun ekişini maý aýynda geçirdim. Otag, suw tutmak, zyýankeşlerden goramak ýaly, agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirdik. Gawunly atyzlara suw tutulanda, aýratyn ähmiýet bermeli. Howanyň gelşine görä, her on günden tä gawunlar torlap başlaýança suw tutulýar. Munuň özi gawunlaryň tagamynyň datly bolmagyna mümkinçilik berýär. Ähli ideg işlerinde maşgalam Zulfiýa Halmyradowa, gyzym Aziza ýakyndan ýardam berýärler.