"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýyş

Türkmen owal-ahyr saglyga sarpa goýup gelen halk. Dillerimiziň senasyna öwrülen «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllardyr atalar sözleri ata-babalarymyzyň saglyga näderejede ähmiýet berendigine, ony dünýäniň mal-mülkünden, genji-hazynasyndan hem zyýat görendigine şaýatlyk edýär. Pederlerimizden miras galan bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ösdürmek, adamlaryň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işleriň täze derejä göterilmegi zamanamyzyň buýsandyryjy hakykatydyr.

Möw­süm­le­ýin dö­re­ýän ýi­ti ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek­de, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da, ola­ry be­jer­mek­de, umu­man, ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 14-nji sag­lyk öýün­de hem uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ýer­de sag­lyk ota­gy bar. Sag­lyk öýü­ne de­giş­li çäk­de ýer­leş­ýän eda­ra-kär­ha­na­la­ryň iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da ýo­kanç we ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek, ýag­ny ka­da­ly iý­mit­len­mek, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­mak, zäh­met bi­len dynç al­şy saz­la­şyk­ly alyp bar­mak, aras­sa ho­wa­da iş­jeň he­re­ket et­mek, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak, şeý­le hem pas­lyň üýt­ge­me­gi bi­len duş gel­ýän ýo­kanç ke­sel­ler ba­ra­da yzy­gi­der­li wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Luk­man­la­ryň iş tej­ri­be­si we yl­my mag­lu­mat­lar ýo­ka­ry dem alyş ýol­la­ry­nyň su­wuk­la­ma ke­se­li­ni ag­la­ba ýag­daý­da wi­rus­la­ryň dö­red­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Şo­nuň üçin hem bu ke­sel wag­tyn­da anyk­lan­ma­ly we be­je­ril­me­li.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz

«7/24. tm», № 48 (131), 27.11.2022 Yn­san sag­ly­gy jem­gy­ýe­tiň we döwle­tiň iň uly baý­ly­gy­dyr. Pa­syl­la­ryň ça­lyş­ma­gy bi­len adam or­ga­niz­mi­niň ke­se­le gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by hem üýt­ge­ýär. Bu sep­git­de be­den­de sag­ly­ga zy­ýan ýe­tir­ýän nä­saz­lyk­lar ýü­ze çy­kyp baş­la­ýar. Hut şu sebäpden hem ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak mö­hüm­dir. Ba­şy­my­zyň tä­ji­ne de­ňe­ýän sag­ly­gy­my­zy go­rap sak­la­mak he­mi­şe özü­mi­ze bag­ly­dyr. Be­de­niň ke­se­le gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny güýç­len­dir­mek bi­len dö­räp bil­jek ke­se­liň öňü­ni alyp bi­ler­si­ňiz. Öz sag­ly­gy­myz ha­kyn­da ala­da tu­tuş jem­gy­ýe­te hem bag­ly­dyr. Çün­ki öz sag­ly­gy­my­zy go­ra­mak bi­len daş-tö­we­re­gi­miz­dä­ki­le­riň hem sag­dyn bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýä­ris. Sag­ly­gy­ňyz­da nä­saz­lyk­lar ýü­ze çy­kan ýag­da­ýyn­da ha­ýal et­män luk­ma­na ýüz tu­tuň. Sag­dyn bol­ma­gy­myz ug­run­da luk­man­la­ryň ber­ýän mas­la­hat­la­ry­na eýer­mez­lik, bi­per­waý­lyk et­mek, aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mez­lik bi­ze uly zy­ýan ýe­ti­rip bi­ler.

Saglyk burçy

Ýoga we onuň täsiri Ýoga — bu söz hindi dilinden terjime edilende, «baglamak», «birleşdirmek» diýmegi aňladýar. Ýoganyň baş maksady — ruhy, aňy we bedeni birleşdirmekdir.

Ömürlere ömür goşan

Biziň elimizde onuň geçen asyryň segseninji ýyllarynda çap edilen «Gelinlere pynhan maslahat» hem-de «Gelinlere 12 maslahat» atly çaklaňja kitaplary. Olarda gelin-gyzlaryň ýaşaýşynyň dürli döwründäki gigiýenasy, arassaçylygy, saglygy üçin ýerine ýetirilmeli şertler dogrusynda gürrüň edilýär, enelik borjuna degişli söhbetler açylýar. Gelinlerimiziň müňlerçesi bu kitaplary okap, olardaky gymmatly maslahatlardan peýdalanandyr. Lukman zenan bilen ýüzbe-ýüz bolup, ondan maslahat hem bejergi alan gelinler, gör, näçedir?! Gör, ol näçe enäni kyn pursatlarda halas edendir?! Eli ýeňil lukmanyň kömegi bilen dünýä gelen körpejeleriň sany näçedir?! Şonuň ýaly-da, ýaşan ömründe lukman zenana ýagan alkyşlar hem bimöçberdir. Şonuň üçin bu günki gün Bossan Saryýewa her öýde, her ojakda diýen ýaly hoşallyk bilen ýatlanýar. Sary bagşy, Pürli Saryýew ýaly atly bagşylaryň maşgalasynda doglup, aýdym-saz bilen ösüp-ulalan-da bolsa, ol lukmançylyk kärini saýlap alýar. Bu käre höwes onda çagalykdan başlanýar. Şu höwes, şu arzuw hem orta mekdebi üstünlikli tamamlan gyzy häzirki Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine alyp gelýär. Öz saýlap alan kärine ýüregi bilen berlen gyz zehini, başarnygy bilen talyplaryň arasyndan saýlanmagy başarýar. Okuw gollanmalaryndan daşary lukmançylygyň inçe tilsimlerini özbaşdak öwrenýär. Professor-mugallymlar onuň bu başarnygyny duýup, oňa

Görer gözüň gymmaty

Ylmyň we tehnikanyň güýçli depginde ösýän döwründe biziň häzirki zaman durmuşymyzy kompýutersiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýaş çagalardan başlap, mekdep okuwçylary, talyplar we halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň işgärleri, her gün diýen ýaly, kompýuteriň öňünde birnäçe sagatlap oturýarlar. Kompýuteriň başynda uzak günläp işleýänleriň köpüsinde kompýuter görüş sindromy, gözüň gury sindromy ýaly, şeýle hem görüş ýitiligini peseldýän miopiýa keseli ýüze çykýar. Kagyzda işlenenden tapawutlylykda, kompýuterde maglumaty yzygider gyrpýan ekranda, ýiti ýagtylygyň ýüzünden birnäçe nokatlaryň birikmesiniň netijesinde kabul edýäris. Bu bolsa görüş agzasy üçin uly agramdyr. Görüş ýitiligini goramak üçin onuň gigiýenasyny bilmek gerek, bu bolsa şu aşakdaky şertlerden ybarat: ● Oňaýly iş ýeri we onuň ýeterlik ýagtylanmagy. Ýagtylyk bütin otaga deň ýaýran bolmaly we onuň şöhlesi göni göze düşmeli däl. Ýagtylyk pes ýa-da juda ýiti bolmaly däl we işleýäniň arka tarapyndan düşmeli. Eger sag eli bilen işleýän bolsa, çep tarapdan, çep eli bilen işleýän bolsa, sag tarapdan düşmeli. Şeýle ýagdaýda eliň kölegesi monitora ýa-da kitaba düşmeýär we göze agram bermeýär.

Nygmatlaryň datlysy

Altyn güýzde bereketli topragymyzda bitýän ähli miweler tomsuň jöwzasynyň gyzgyn mährini özüne siňdirip, özboluşly jana melhem nygmatlar bolup ýetişýär. Hasylyny bolluk bilen eçilip, gözleri dokundyrýan bu miweler ýokumlylygy bilen adam bedenine oňaýly täsir edýär. Altyn kuýaşyň şöhlesinden gowy ganan nygmatlaryň datlysy hasaplanýan nar özüniň köpugurly ulanylyş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ata-babalarymyz turşumtyk-süýji tagamy bilen işdäňi açýan nary diňe miwe hökmünde däl, eýsem, onuň derdiňe dermanlygy üçin hem köp iýmegi nygtapdyrlar. Biziň welaýatymyzda hem nar ekmeklige uly üns berilýär. Oba-kentleriň köpüsiniň melleklerini hatara ekilen nar agaçlary bezeýär. Hatda welaýatymyzda «Narly oba» diýip at alan obalar gün-günden köpelýär. Onuň gelip çykyş taryhy hem gyzykly. Ösümligiň miwesini (däneleriniň jemi) hasyllylygyň we nika sapagynyň alamaty hökmünde kesgitläpdirler. Naryň almasyny deň ikä böleniňde, ol täze ýaşaýşy aňladýar. Hoşboý tagamy bolandygy sebäpli, onuň miwesi we miweýanlary dürli içgileri, mürepbeleri taýýarlamakda, köke-süýji senagatynda giňden peýdalanylýar. Ýapraklaryny guradyp, çaý hökmünde ulansaň hem bolýar.

Güýz nygmatlarynyň saglyga peýdasy

Güýzüň soňky günlerinde – howanyň sowaýan döwründe saglygyňyzy berkitmek üçin witaminlere we minerallara baý önümler bilen iýmitlenmek maslahat berilýär. Kadaly iýmitlenmek ynsan bedeniniň kesellere garşy göreşmek ukybyny güýçlendirýär hem-de dürli görnüşli sökellikleriň öňüni alýar. Witaminlerdir minerallara baý miwelerden nar, hurma, behi, armyt hem-de gök-önümlerden turp, kelem we beýlekiler örän peýdaly bolup, olar immuniteti berkitmäge, şähdiňi açmaga kömek edýär. Olaryň düzümi A, B, С, E, PP ýaly witaminlerine baýdyr.

Saglygymyzy goralyň!

Sanlyja günlerden güýz pasly öz ornuny gyş paslyna berer. Gyş paslynyň gelmegi bolsa adam bedeninde käbir özgerişlikleriň bolup geçmegine getirýär. Sepgitde howanyň üýtgemegi adama üýtgeşik täsir edip, bu wagt tebigatda gezelenç etmäge mümkinçilik döreýär. Gyşda arassa howada gezmek, dem almak adama ýakymly täsir edýär. Munuň özi ynsanyň janynyň sag, şähdiniň açyk, ruhubelent bolmagynda has ähmiýetlidir. Arassa, açyk howada taplanmak sagdynlygyň girewidir. Howa adamyň bedenindäki maddalaryň alyş-çalşygyna, endamynyň hereketine täsir edýär. Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, her bir adamyň dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmagyny, elleriniň hemişe arassa bolup, howply araçägi saklamagyny maslahat berýäris. Gyş paslynda açyk howada gezelenç edilende, käbirimiz galyň geýinmegi gowy görýäris. Howa sowuk bolsa-da, aşa galyň geýinmek maslahat berilmeýär. Aşa ýyly, galyň geýinmek, ýagny gyzmak immunitetiň peselmegine getirýär. Sowuk şemally howada adamyň başy hökman ýyly ýaglyk ýa-da başgap bilen örtülen bolmalydyr. Gyş paslynyň aýazly howasynda aýakgaplaryňyz özüňize laýyk, rahat, ýyly bolmalydyr hem-de olaryň dabany, mümkin boldugyça, düz bolmalydyr.

Sagdynlygyň hem kämilligiň gözbaşy

Ajaýyp zamanamyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ähli türkmenistanlylar, aýratyn-da, ýaş nesil üçin ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmek babatda amala aşyrýan asylly işleriniň hatarynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmäge gönükdirilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýä we sporta beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, maksadaokgunly, tutanýerli ýaşlary terbiýelemegiň aýrylmaz bölegi hökmünde möhüm ähmiýet berilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda öz işine ussat hünärmenler kemala gelýär. Ýaşlarymyz okuwlaryny sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga uly isleg bildirýärler.

Gözellik we sagdynlyk

«Owadanlyk gyzlaryň baky mirasy» diýlişi ýaly, sagdynlyk hem gözel zenanlarymyza ömürlik hemra bolmalydyr. Owadan bolasy gelmek gelin-gyzlarymyzyň asyl tebigatynda bar. Gözellik diýlende, elbetde, gelin-gyzlarymyzyň derisiniň lowurdap durmagy, saçynyň öwşün atmagy, şähdaçyklygy, üst-başynyň tämizligi, syna sagatlygy, hökmany suratda hüý-häsiýeti we suňa meňzeşler degişlidir. Gözel, owadan bolmak üçin ilkinji zerurlyk sagdyn bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek gözelligiň gözbaşydyr. Deri barada aýdylanda, biziň derimiz ýyl geçdigiçe ideg edilmegine, çyglandyrma mätäçdir. Çünki çyglylygyň ýetmezçilik eden wagty, derimiz terligini ýitirmek bilen bolýar. Netijede, ýygyrtlar emele gelip başlaýar. Ýygyrtlaryň öňüni almak üçin bolsa derimize ýörite ideg etmek zerurdyr. Irden we agşam nemlendiriji kremleri ulanmalydyrys. Mundan başga-da, mahal-mahal ýüzümiziň derisiniň doly derejede täzelenmegini gazanmalydyrys. Öýjükler täzelenip dursa, deri ter we ýylmanak bolýar. Munuň üçin ýörite skraplary we piling kremleri ulanmak bolar. Galyberse-de, her paslyň özüne mahsus, ýüzüň idegini ýetirmek üçin ýapgylary bolýar. Gök önümlerden, miwelerden, süýt-gatyk önümlerinden taýýarlanan ýapgylar derini nemlendirmekde, gözel görkezmekde ilkinji kömekçilerdir.

Sagdynlygyň girewi

Her bir adam ýaşyna, jynsyna, çekýän zähmetine we geçiren kesellerine garamazdan, hemişe hereketde bolmalydyr. Hereketliligiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Herekete beden maşklary, pyýada ýöremek, ylgamak, welosiped sürmek, gimnastika ýaly görnüşler girýär. Gündelik beden maşklary saglygy berkidýär, myşsalaryň ösmegine ýardam berýär. Beden maşklarynyň esasy maksady günüň dowamynda adamyň özüni işjeň ýagdaýda saklamak üçin kesgitlenen hereketleri ýerine ýetirip, bedeni dürli kesellerden goramagy gazanmakdan, nerw ulgamyny berkitmekden ybaratdyr. Beden maşklary bedende işden, okuwdan soňky ýadawlygy aýryp, saglygy berkidýär, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Şeýle hem bedeniň çeýeligini, el-aýak myşsalarynyň işjeňligini, gan aýlanyşygyny sazlaýar. Dogry dem almagy, bedeniň ukybyna görä hereket etmegi öwredýär. Mundan başga-da, beden maşklary ýürek-damar, dem alyş, gan aýlanyş ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrmakda, dürli keselleriň öňüni almakda peýdalydyr. Pyýada ýöremek beden we ruhy sagdynlyk üçin iň ýakymly we peýdaly maşkdyr. Bu maşk kaloriýanyň yzygiderli harçlanmagyna hem ýardam edýär. Pyýada gezelenç etmek, agşam naharyndan soň amala aşyrylýar. Bu wagtda gezelenç etmek iýmitiň bedende kadaly özleşmegine, gijeki ukynyň kadaly bolmagyna oňaýly täsir edýär. Pyýada ýöremek iýmit siňdiriş, ýürek-damar ulgamy we tutuş beden üçin peýdalydyr. Islendik

Bagtyň binýady

Ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramak halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmekde üstünlikli amala aşyrylýan işleriň möhüm bölegidir. Milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän belent sepgitler bolsa ilata edilýän bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny ýokary derejede ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary esasynda ulgamyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini kämilleşdirmekde, lukmançylyk hyzmatlarynyň hil derejesini ýokarlandyrmakda maksatnamalaýyn tutumlar üstünlikli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyşda ýetilýän sepgitler, toplanylýan oňyn tejribeler dünýäde giň ykrarnama eýe bolýar. Iri halkara guramalar hem-de daşary ýurtly hünärmenler bilen ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary keselleriň öňüni almagyň, olary irki döwürlerde anyklamagyň hem-de bejermegiň has netijeli usullaryny iş ýüzüne ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny berkitmekde, ömrüni uzaltmakda, keselleriň öňüni almakda wajyp ähmiýetlidir. Halkymyzyň bagtyýarlygynyň binýady bolup durýan saglygyny goramakda gazanylýan şeýle üstünlikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir.

Saglyk — beglik

•Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli. Elleri arassa saklamaly. •Gartaşan adamlar we çagalar daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna “Oksolin” melhemini çalmaly.

Ynsanyň baş baýlygy

Berkarar ýurdumyzda adam, onuň saglygy hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar, saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanylýar, ençeme häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri, şypahanalar, sport desgalary, derman senagaty kärhanalary hereket edýär we olaryň gurluşyklary dowam etdirilýär. Bu gün bagtyýar halkymyz sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, zähmet çekýär. Ýurdumyzda adamyň ömrüni we saglygyny gorap saklamak, ýiti ýokanç kesellerine, möwsümleýin döreýän kesellere garşy göreşmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň her birimiz şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny we saglygymyzy goramak üçin bildirilýän beýleki talaplary berk berjaý etmelidiris.

Gadyry-da bar, gymmaty-da

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwet galamyndan çykýan dürdäne eserler gyzgyny bilen halkymyza ýetirilýär we ulus-ilimiz tarapyndan söýlüp okalýar. Ildeşlerimiziň ýankitabyna öwrülýän ol eserler çeperçiligi babatda-da, taryhylygy nukdaýnazardan hem, ylmy-ensiklopedik gymmaty boýunça-da milli edebiýatymyzyň nusgawy genji-hazynasy hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Şu ýerde aýratyn bir nygtalmaly zat bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde milletimiziň milli buýsanjy, belent mertebesi hökmünde arzylanylýan gadymy gymmatlyklarymyzyň wasp edilýänligidir. Ýurdumyzyň uç-gyraksyz sähra-düzlerinde, jeňňeldir tokaýlyklarynda, dagdyr derelerinde bitýän müň bir derdiň dowasy bolan dermanlyk ösümlikler hem arzylanylýan milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Hut şeýle bolansoň Gahryman Arkadagymyz türkmen tebigatynyň eçilen bu bahasyz baýlygynyň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny gazanmak maksady bilen ýurdumyzyň çäklerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň ählisi baradaky gymmatly maglumatlary öz ýiti zehininden syzylyp çykan ensiklopedik topluma girizmek boýunça tutumly iş alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyna baran bu döwletli işiniň netijesinde biz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik toplumyň on dördünji jildini elimize aldyk.

Sahawat ýüreklere ýaýraýar

Sagdyn jemgyýet öz köküni sagdyn maşgaladan alyp gaýdýar. Her bir maşgalada saglygyň, asudalygyň höküm sürmegi ugrunda bolsa ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde düýpli işler amala aşyrylýar. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçen ýyl Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Şondan bäri geçen gysga döwrüň içinde bu haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna biziň welaýatymyzda hem äň-ýüz, daýanç-hereket synasynyň gaýrüzülmesi zerarly ejir çekýän çagalaryň birnäçesiniň operasiýalary şowly geçirildi. Saglygy goraýyş edaralaryna lukmançylyk hyzmatyny ýokary derejede guramak üçin özünde ähli amatlylyklary jemleýän «Tiz kömek» awtoulaglary bilen birlikde köpsanly enjamlar sowgat berildi. Maýyp çagalar arabalar, eşidiş enjamlary bilen üpjün edildi. Welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde ortopediki-trawmatologiki bejergä mataç, şeýle-de daýanç-hereket ulgamynda näsazlygy bolan we gulak-burun keselli çagalarda operasiýalar geçirilip, olaryň saglygy doly dikeldildi. Doga ýürek kemçiligi bolan çagalaryň 3-si Aşgabat şäherindäki Halkara Saglyk merkeziniň müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde operasiýa edilip, olaryň maşgalasyna sag-aman gowuşmagy gazanyldy. Häzirki günlerde hem şu kesel bilen ejir çekýän çagalarda operasiýa taýýarlyk işleri geç

Almanyň peýdasy

Saglygymyzy berkitmekde iýmitiň düzümine, hiline we arassalygyna köp zat baglydyr. Şoňa görä, saglyk üçin peýdaly önümleri saýlamaly. Hurma, alma, pomidor, käşir, kelem saglyga peýdaly maddalara baý bolup, howply çişleriň öýjükleriniň garşysyna göreşmäge ukyplydyr. Keselleriň öňüni almak üçin gündelik iýmitde gök önümleriň we miweleriň bolmagyny gazanmaly. Miweler we gök önümler mikroelementlere, kletçatka baýdyr. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, miweleriň arasynda iň köp ulanylýany almadyr. Almanyň görnüşleri kän bolup, hasyl berşine görä, ýylyň ähli paslynda bardyr we elýeterlidir. Bu miwäniň düzümi minerallara, demre, organiki turşulyklara, glýukoza, fruktoza, efir ýaglara, A, K, C, E, B ýokumlaryna, pektin maddalaryna, mineral duzlara, fitonsidlere we beýleki maddalara baýdyr. Şeýle-de alma ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga, süňküň, görüş ulgamynyň sagdynlygyny üpjün etmäge, boýuň ösmegine, süňküň berk bolmagyna ýardam berýär. Almanyň edil kofe ýaly kuwwat beriji täsiriniň bardygy bellenilip, günde irden bir alma iýmek maslahat berilýär. Säher bilen alma iýlende, onuň düzümindäki witaminler adamyň şähdini açýar, oňa ýeňillik berýär.

Lukmanyň maslahaty

SAGLYGYMYZ ÖZ ELIMIZDE Adam bedeniniň kesellere we dürli sökelliklere garşy durujylyk ukybyny gorap saklamak üçin her bir adamyň şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegi zerur bolup durýar.  Muňa ertirki maşklary ýerine ýetirmek, dogry iýmitlenmegiň düzgünlerini berjaý etmek ýaly peýdaly endikler hem uly ýardam edýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Bahasyz baýlyk Arkadagyň dowamaty dowam bolan döwrümizde ynsan saglygyny dikeltmekde, gorap saklamakda beýik başlangyçlar durmuşa ornaşdyrylýar. Bagtyýar zamanamyzda raýatlaryň göwnejaý dynç alyp, saglygyny bejertmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.