Ylym-bilim ösüşleriň çyragy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan Watanymyzda dünýä ylmynyň iň täze gazananlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmagy çaltlandyrmak ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet ylmy, tehniki we çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýär, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär. Şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar. Döwlet ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýär. Adamyň ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklary hem-de bähbitleri kanun esasynda goralýar.